VISA kompaniýasynyň wekilleri halkara töleg sistemasynyň türkmen banklaryna hyzmat etmegi togtadandygy baradaky maglumatlary ret edýärler. Azatlyk Radiosy özüniň Türkmenistanyň hökümetindäki çeşmelerine salgylanyp, Türkmenistanyň maliýe häkimiýetleriniň VISA kompaniýasynyň öňündäki bergileri bilen bagly töleg kartlary arkaly hyzmatlary amala aşyrmagy togtadandygyny habar beripdi.
Azatlygyň bu habaryndan soň, VISA kompaniýasynyň Garaşsyz döwletleriň arkalaşygy we günorta-gündogar Ýewropa boýunça wekili biziň redaksiýamyz bilen habarlaşyp, bu maglumatlary ret etdi. VISA kompaniýasynyň korporatiw aragatnaşyk boýunça menejeri Anna Serdýuk Azatlyga telefon arkaly beren interwýusynda, ähli banklardaky amallaryň we hyzmatlaryň “standart kabul edilen ölçegler” boýunça dowam edýändigini aýtdy.
Azatlygyň Türkmenistanyň ministrlikleriniň birindäki çeşmesiniň geçen anna güni beren habaryna görä, “VISA halkara töleg sistemasy Türkmenistanyň banklarynyň çykaran islendik kartalaryna hyzmat etmekden ýüz öwrüpdir”. Çeşmämiz şonda VISA-nyň anna güni ähli hasaplaşyklary duşenbe gününe çenli togtadandygyny aýtdy.
5-nji dekabrda Azatlyk Radiosy bu maglumaty ýagdaýdan habarly ýene bir çeşmesi arkaly barlady. Şonda çeşmämiz Türkmenistanda VISA halkara töleg sistemasynda problemanyň bardygyny tassyklady.
Azatlygyň Türkiýedäki habarçysy ýurduň içindäki türkmenistanlylaryň ençemesi bilen gürleşdi. Olar habarçymyza özleriniň VISA töleg kartlaryndan peýdalanyp bilmeýändiklerini gürrüň berdiler.
Azatlyk Radiosyna şonda VISA kompaniýasynyň wekillerinden kommentariý almak başartmandy.
8-nji dekabrda VISA kompaniýasynyň wekili Anna Serdýuk Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde, türkmen banklarynyň VISA kompaniýasynyň öňündäki 30 million amerikan dollary möçberindäki bergileri barada çeşmämiziň beren maglumatlary hakda kommentariý berip bilmedi. Şeýle-de, ol häzirki wagt türkmen VISA kart ulanyjylarynyň ondan peýdalanyp bilýändigini ýa-da bilmeýändigini hem tassyklap bilmedi.
“Mende bu mesele (Türkmenistanyň VISA kompaniýasynyň öňündäki 30 million amerikan dollary möçberindäki bergileri – red.) boýunça maglumat ýok. [Kart ulanmak meselesi boýunça bolsa], kartlar takyk banklar tarapyndan çykarylýar. Eger kart eýesi haýsydyr bir kynçylyklar ýa-da bank tarapyndan girizilen çäklendirmeler bilen ýüzbe-ýüz bolýan bolsa, onda ol bu meseläni bank bilen çözmeli bolýar. VISA karty ulanmak bilen bagly çäklendirmeler barada bankyň özünden sorap bilersiňiz. Biz banklar bilen işleşýäris we biz Türkmenistanda haýsydyr bir bankyň VISA kart amallaryny ýa-da bank hyzmatlaryny togtatmadyk. Meniň size berip biljek maglumatlarymyň ählisi şulardan ybarat” diýip, VISA kompaniýasynyň korporatiw aragatnaşyk boýunça menejeri Anna Serdýuk aýtdy.
Şeýle-de, ol 1-nji dekabrdan bäri türkmen banklary tarapyndan berlen VISA kartlar arkaly amala aşyrylan amallaryň möçberini hem aýdyňlaşdyryp bilmedi.
Azatlygyň Türkiýedäki habarçysy Döwlet Baýhanyň 8-nji dekabrda beren habaryna görä, bu ýurtdaky türkmenistanlylar VISA kartlaryň henizem işlemeýändigini aýdýarlar.
“Türkiýäniň dürli şäherlerinde işleýän, şeýle-de Stambula yzygiderli söwda işleri üçin gelýän türkmenistanly raýatlar bilen gürleşenimizde, olar diňe bir plastik kartlardan [puly] nagtlaşdyrmak işiniň däl, plastik kartlar bilen dürli hyzmatlary almagyň hem mümkin bolmaýandygyny, ýagny plastik kartlaryň nagt bolmaýan töleglere ýapylandygyny tassykladylar. Türkmenistandaky bank işgärleri bilen aragatnaşyga geçende, ‘siziň habaryňyz ýokmy? Biz köp wagtdan bäri daşary ýurtlarda plastik kartlarynyň nagt we nagt däl amallaryny goýbolsun etdik. Siziň habaryňyz ýokmy?’ diýip jogap beripdirler” diýip, 8-nji dekabrda Döwlet Baýhan gürrüň berdi.
Azatlyk Radiosyna Türkmenistanyň Daşary ykdysady iş bankyna ýakyn çeşmesi bilen habarlaşmak hem başartdy. Çeşmämiz VISA karty ulanmak bilen bagly ýiti çäklendirmeleriň bardygyny tassyklady. Ýöne ol bu çäklendirmeleriň Türkmenistan tarapyndan girizilendigini sözüniň üstüne goşdy.
“VISA kartlary geçen hepdeden bäri işlänok. Bu çäklendirme Daşary ykdysady iş banky tarapyndan girizildi. Daşary ykdysady iş banky bilen VISA kompaniýasynyň arasynda indi ençeme aý bäri gepleşikler alnyp barylýar. Soňky aýlarda Daşary ykdysady iş bankynyň VISA kompaniýasynyň öňündäki bergisi, meniň bilşime görä, 34 million dollara barabar boldy. Mundan birnäçe aý öň Daşary ykdysady iş banky onlaýn tölegleri togtadanda, VISA kompaniýasy şertnamada şeýle çäklendirmeleriň girizilmegi göz öňünde tutulmaýar diýip, türkmen tarapyny munuň şertnamanyň ýatyrylmagyna getirip biljekdigini duýdurdy” diýip, Azatlygyň Türkmenistanyň Daşary ykdysady iş bankyna ýakyn çeşmesi gürrüň berdi.
Halkara töleg sistemasy VISA Türkmenistanda ilkinji operasiýalaryny 1994-nji ýylda başlapdy. Şol döwürde VISA kartlaryndan diňe daşary ýurtlular peýdalanyp bilýärdi. 1998-nji ýyldan başlap, Türkmenistanyň Daşary ykdysady banky VISA kartlaryny öz ýerli müşderilerine berip başlady.
Ýene bir halkara töleg sistemasy MasterCard hem Türkmenistanda 1994-nji ýylda işläp başlapdy, emma ol ýerli müşderilere diňe 2014-nji ýylda elýeterli boldy.