Mary welaýatynyň Sakarçäge, Baýramaly we Garagum etraplarynyň ýolbaşçylarynyň pagta meýdanlaryna gözegçiligi güýçlendirip, gowaça meýdanlaryna sürlen sygyrlary ýygnap başlandygy barada habar berilýär.
Belläp geçsek, bu waka prezident çarşenbe güni Gurbanguly Berdimuhamedowyň Mara eden saparynyň dowamynda bu welaýatyň üç etrabynyň pagta planyny dolman, şertnamalaýyn borçnamalaryny berjaý edip bilmändigi barada eden çykyşynyň yz ýanyna gabat geldi.
Azatlyk Radiosynyň ýerli çeşmeleriniň tassyklamagyna görä, türkmen lideriniň çykyşyndan soň, etrap häkimlikleriniň, daýhan birleşikleriň resmileri we ýerli polisiýa bölümleriniň işgärleri pagta hasylynyň doly ýygylyp alynandygyny ýa-da alynmandygyny barlaýarlar we gowaça meýdanlaryna sürlen sygyrlary ýygnaýarlar.
“Gowaça meýdanlaryna sygyrlaryň käbirleri indi ýygyp bolmajak pagta übtükleri zaýa bolmaz ýaly bilkastlaýyn goýberilse, käbiri kärendeçilerden bihabar ýagdaýda girýärler. Bulary gören resmiler sygyrlary ýygnap, eýelerine pul jerimesiniň salynjakdygyny aýtdylar. Olar kärendeçileri bolsa, pagtanyň galan-gaçan hasylyny ýygnap almazlyk üçin sygyrlary pagta meýdanyna sürmekde aýypladylar” diýip, adynyň efirde agzalmazlygyny soran sakarçägeli daýhan Azatlygyň ýerli çeşmesine gürrüň berdi.
Ol pagta meýdanlarynyň käbirinde galan-gaçan pagta hasyly bolsa-da, olaryň möçberiniň juda azdygyny, şeýle-de, howanyň sowuklygy sebäpli, olary ýygyp alar ýaly hakyna ýygymçy tutmagyň hem örän kyndygyny sözüniň üstüne goşdy.
Aýdylmagyna görä, pagta meýdanlaryndan ýygnanan sygyrlar häzirki wagt Sakarçäge etrabynyň günortasyndaky “Garybata” atly demirýol stansiýasynyň golaýynda ýerleşýän ýörite meýdançada we Düýedarçylyk daýhan birleşigindäki düýeleri saklamak üçin gurlan ýerde saklanylýar. Emma umumy sanynyň onlarçadygy aýdylýan bu sygyrlar häzirlikçe öz eýelerine yzyna berilmeýär.
“Häzir ýörite sanaw düzülýärmişin. Ýagny sygyrlaryň kimiňkidigi, haçan pagta meýdanyna girendigi, haýsy daýhan birleşiginiň näçe ekin meýdanyna zyýan ýetirilendigi anyklanmalymyşyn. Indi iki gün bäri sygyrlary berenoklar diýip aýdýarlar. Şol ýetirilen zyýanyň öwezini ýörite hasaplap, onsoň etrap häkimliginiň ýörite karary bilen jerimäniň mukdary kesgitlenilip, şol mukdardaky jerime tölenenden soňra, sygyrlar öz eýesine beriljekmişin” diýip, maryly kärendeçileriň we maldarlaryň ençemesi bilen söhbetdeş bolan Aşgabatda ýaşaýan ýazyjy we synçy Amanmyrat Bugaýew gürrüň berdi.
Ol şeýle tejribäniň Mary welaýatynyň Baýramaly we Garagum etraplarynda hem gaýtalanýandygyny we käbir gowaça meýdanlarynda döwlet işgärleriniň ýa-da hakyna tutulan adamlaryň pagta hasylyny ýygmagy henizem dowam etdirýändigini hem sözüniň üstüne goşdy.
Ýeri gelende bellesek, bu waka 28-nji noýabrda Berdimuhamedowyň Maryda geçiren hökümet maslahatynda welaýatyň üç etrabynyň pagta taýýarlamak boýunça meýilnamany berjaý etmändigini aýdyp, welaýatyň we Sakarçäge etrabynyň häkimlerini işden boşatmagynyň yz ýanyna gabat geldi.
Şondan bir gün öň, ýagny 27-nji noýabrda prezident Lebaba eden saparynyň çäginde, bu welaýatda hem üç etrabyň pagta planyny dolman, şertnamalaýyn borçnamalaryny berjaý edip bilmändigini aýdyp, ençeme resmini, şol sanda Lebap welaýatynyň häkimini wezipesinden boşadypdy.
Şeýle-de, şonda türkmen telewideniýesinde “hakykat ýüzünde ýygylmadyk 800 tonnadan gowrak pagtany döwlet harmanyna tabşyrylan hökmünde galp maglumatlary hasabata goşandygy” aýdylyp, elleri gandally duran türkmen resmileriniň hem şekilleri görkezildi.
25-nji oktýabrda Türkmenistanyň häkimiýetleri türkmen daýhanlarynyň ýurduň harmanyna 1 million 50 müň tonnadan gowrak pagta tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirendigini yglan edipdiler.
Azatlyk Radiosy ýokarda gürrüňi edilen meseleler dogrusynda, Mary welaýatynyň Sakarçäge, Garagum we Baýramaly etrap häkimlikleri bilen habarlaşanda, bu maglumatlary ne tassyklatmak, ne-de inkär etdirmek başartdy.