Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon ýurtlaryň strategiki partnýorlygy hakynda ylalaşyk baglaşdylar.
Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2-nji noýabrda Duşenbä saparynyň dowamynda gol çekilen ondan gowrak dokumenti, ýurtlaryň özara söwda-ykdysady, bilim, oba hojalygy, gurluşyk ýaly pudaklaryna degişli boldy.
Şu ýylyň ýanwar-awgust aýlarynyň aralygynda ýurtlaryň haryt dolanyşygynyň möçberiniň 32 million amerikan dollaryna barabar bolandygy resmi maglumatlarda habar berildi.
Duşenbedäki gepleşiklerde taraplar iki ýurduň gatnaşmagynda amala aşyrylýan Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan (TOT) demir ýolunyň gurluşygynyň ähmiýetini nygtadylar.
2013-nji ýylyň 5-nji iýunynda Türkmenistan demir ýoluň öz giňişliginden geçýän uzynlygy 85 kilometrlik ýoluň gurluşygyna öz hasabyna başlap, 2016-njy ýylyň 28-nji noýabrynda Owganystanyň serhedinde demir ýoluň birinji tapgyry açypdy. Şondan bäri demir ýoluň Owganystanyň we Täjigistanyň üstünden geçjek bölekleriniň gurluşygyna degişli indiki planlar mälim edilmedi.