Şu gün – 1-nji noýabrda milli turkmen walýutasynyň ulanyşyga girizilenine 24 ýyl boldy. SSSR dargap, garaşsyzlyk alan Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda Türkmenistan ilkinji bolup, öz milli walýytasyny döretdi hem ony ulanyşa girizdi.
Şol wagtda ulanylýan 500 rus rubly 1 türkmen manadyna deň boldy. Başgaça aýdylanda, 2 manat 1 amerikan dollaryna deň saýyldy.
Manat dolanyşyga giren pursadyndan hümmetsizlenip başlady. Meselem, 1 we 2 teňňe döredilipdi, emma 1 ýa-da iki teňňä düşýän haryt ýokdy. Manadyň amerikan dollaryna bolan gatnaşygy-da çalt peselip başlady.
Ahyrky netijede ýurtda amerikan dollarynyň resmi iki kursy peýda boldy. Diplomatik wekiller hem halkara gatnaşygy üçin bir baha ýöredildi, ýönekeý raýatlar üçin hem ikinji baha döredildi. Üçünjiden bolsa amerikan dollarynyň gara bazary emele geldi.
2007-nji ýylda, Türkmenistanda ýurduň 2-nji prezidenti saýlanandan soňra, aşa hümmetsizlenen manadyň reformasy geçirildi. Bu reforma başky 3-4 ýylda gowy netije berse-de, soňlugy bilen halkara walýutasynyň ýetmezçiligi sebäpli, türkmen manady öz hümmetini peseldip başlady.
Türkmenistanyň agyr ykdysady krizisi başdan geçirýär diýilýän wagtynda, milli wakýutanyň hümmeti peselip, onuň amerikan dollaryna bolan gymmady aşaklady. Ýerli çeşmeler ýurtda dollaryň gara bazarynyň emele gelendigini aýdýarlar.
Azatlyk Radiosy aşgabatly synçy Amanmyrat Bugaýew bilen manadyň geçen ýoly we häzirki ýagdaýy barada söhbetdeş boldy.