Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Änewde awtobus kösençligi dowam edýär


Türkmenistanda jemgyýetçilik awtobusyna münjek bolýan ýaşaýjylar.
Türkmenistanda jemgyýetçilik awtobusyna münjek bolýan ýaşaýjylar.

Aşgabatda geçirlen 5-nji Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görülýän döwründe Aşgabat-Änew aralygynda gatnaýan ozalky köne awtobuslar ulanyşykdan aýrylyp, olaryň ýerine täze awtobuslaryň ganawy ýola goýuldy.

“Täze awtobuslaryň gatnawy Aşgabat-Änew aralygynda gatnaýan ýolagçylary asla kanagatlandyrmaýar” diýip, änewli ýaşaýjy Täzegül aýdýar.

Ol Änew şäherçesinden Aşgabada gatnap işleýär. “Ir ertirden Änewiň çet gyrasyndaky ýaşaýyş jaýlaryndan taksi tutup, ir sagat 7-de Änew-Aşgabat ýolundaky awtoduralgalaryň birine gelýärin. Sagat 8 bolýança hem awtoulaga münüp bilmän kösenýän halatlarym kän bolýar. Awtoulagyň içinde ýolagçylaryň sany sähel agdygrak bolsa, sürüjiler duralgalarda saklanman geçýärler.

79, 80, 81, 83, 84 belgili awtoulaglaryň birnäçesi liniýada gatnaýan bolsa-da, olaryň duralgalarda saklanman geçýändikleri sebäpli, bir sagat gowurak garaşyp, ýene-de taksi tutup, Aşgabada aşmaly bolýarsyň. Işiňden gijä galmak bolmaýar. Şeýlelikde, aýlygyň esli bölegini ýol kireýne sarp etmeli bolýarsyň” diýip, Täzegül aýdýar.

“Aşgabat-Änew aralygyna gatnaýan ulaglar täze awtoulaglar bolsa-da, olarda töleg karty bilen töleg kabul edilmän, ýol kireýi üçin 60 teňňe töleg alynýar. Şeýle töleg bilen ozalky gatnaýan köne awtoulaglar bar bolan duralgalarda saklanyp ýolagçylary alýardylar.

Indi sürüjileriň keýpine bagly, göwneseler duralgalarda durýarlar, göwnemeseler duralgalarda ýolagçy bardygyna seretmezden, saklanman geçip gidýärler” diýip, başga bir ýolagçy aýdýar.

Awtoulaga wagtynda münmek isleseň iň soňky duralga aşmaly. Sürüjiler ýol ugrundaky duralgalarda saklanmaýandyklaryny aňyrdan dolup gaýdýandyklary bilen düşündirýärler” diýip, ýene bir ýaşaýjy zeýrenýär.

Ýagdaýdan näbelet ýolagçylar hem bu kösençligiň pidasy bolýarlar. Ir sagat 7-de Änew demirýol duralgasynda Serhetabat-Aşgabat ýolagçy otlusyndan düşüp, paýtagtyň 11-nji kiçi etrapçasyna barmaly bolan maryly Enegül daýza hem kyn ýagdaýa düşüpdir. Änew stansiýasynda otlusyndan düşensoň, Änew-Aşgabat magistral ýolda bir sagat gowurak awtoulaga münip bilmän kösenendigini aýdýar.

“Şähere gaýtmak üçin, uly ýola çykyp, awtobusa garaşdym. Awtoulaglar yzly-yzyna geçip duransoň, şähere gaýdýan 80-lik belgili awtobusa münjek bolup, duralgada bir sagatdan gowrak durdum. Awtoulaglar duralganyň deňinden säginmän geçip gidýärler. Duralgada ýolagçynyň bardygyny, hamana, görmeýän ýaly, ýa bolmasa duralgalar awtobus sürüjilere degişli däl ýaly. Beýle-de bir eden-etdilik bolarmy” diýip, Enegül daýza zeýrenýär.

Şäheriň hasabyna goşulan Abadan şäherçesine, entek paýtagta goşulmasa-da Änew şäherçesine hem täze awtobuslar gatnaýarlar. Emma olaryň ilatyň islegini kanagatlandyrmaýandygyny, liniýada awtobuslaryň ýeterlik däldigini ýaşaýjylar nygtaýarlar.

XS
SM
MD
LG