Türkiýäniň turizm şäheri Bodruma dynç alyşa baryp, soň myhmanhanada ten söwdasy bilen meşgullanmaga başlandygy öňe sürülýän migrant zenanlar polisiýanyň gurnan operasiýasynda ele salyndy. Ol zenanlardan biriniň hem türkmenistanlydygy habar berilýär.
Türkiýäniň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde ýaýran habarlarda aýdylşyna görä, türk polisiýasy ýurduň Mugla welaýatynyň Bodrum etrabynda bir myhmanhanada 5 sany daşary ýurtly zenany ten söwdasy bilen meşgullanmakda güman edip, göz astyna alypdyr.
Türkiýäniň Milliýet gazeti, mundan 2 aý owal Bodrum şäherine dynç almaga baran 8 sany daşary ýurtly turistden diňe 3 sanysynyň öz ýurduna dolanandygyny, galan 5 sany daşary ýurtly zenanyň bolsa, myhmanhanada bolmaga dowam edendigini ýazýar.
Gazetiň habaryna görä, türk polisiýasy dynç alyş möhleti gutarandygyna garamazdan ýurduna dolanmaýan türkmenistanly K.S, gyrgyzystanly Z.A, K.S, A.G. we russiýaly K.S. atly zenan migrantlaryň Bodrumyň Gümbet diýen ýerindäki myhmanhanada ten söwdasy bilen meşgullanýandygyny anyklaýar. Ondan soň jemlenen deliller esasynda şenbe güni, ýagny 28-nji oktýabrda ol ýerde operasiýa geçiren türk polisiýasy daşary ýurtly zenanlary şol ýerde göz astyna alýar.
Göz astyna alynan daşary ýurtly zenanlardan Gyrgyzystanyň 43 ýaşyndaky K.S. atly raýaty türk polisiýasynyň geçiren soragynda "2 aý mundan owal Bodruma dynç almaga gelipdim. Tanyş bolan adamlarymyz bizi ten söwdasyna gönükdirdi. Ten söwdasyny gurnaýanlar bize aýda 16-20 müň türk lirasy, ýagny 4200-5300 amerikan dollary möçberinde pul berýärdi. Onsoň şeýle gowy pul gazanmaga başlanymyz üçin Bodrumdan yzymyza dolanman şeýle işde işlemäge karar berdik. Ýöne, ele salyndyk" görnüşinde düşündiriş berendigi mälim edilýär.
Daşary ýurtly zenanlary ten söwdasyna gönükdirip, olara araçylyk edendigi öňe sürülýän M.S. atly türk raýatynyň bolsa, 26-njy oktýabrda ten söwdasyna garşy gurnalan başga bir operasiýada tussag edilendigine üns çekilýär.
Ten söwdasynda güman edilýän türkmenistanly zenan bilen 4 sany ýaranynyň Bodrum etrap polisiýasyndaky resmi işleri tamamlanandan soň deportasiýa edilmegi üçin Mugla welaýat polisiýasynyň migrasiýa bölümine iberilendigi habar berilýär.
Ýeri gelende ýatlap geçsek, türk mediasynda yzygiderli ýagdaýda ten söwdasynda güman edilip tutulýan türkmenistanly zenanlar barasynda maglumatlar ýaýraýar. Şu ýylyň iýun aýynyň ortasynda türk polisiýasy Bodrum şäheriniň Gümbet mähellesindäki bir myhmanhanada ten söwdasy bilen meşgullanmakda aýyplanýan türkmenistanly bir zenan bilen onuň 3 sany gyrgyzystanly we 2 sany hem russiýaly ýaranyny iki hepdeläp tehniki hem fiziki görnüşde yzarlandan soň, olardan 3 sanysyny bir awtoulagyň içinde jynsy gatnaşykdaka, ýene 2 sanysyny hem ýönekeý geýimli polisiýa işgärleri bilen ten söwdasyny edýän mahaly ele salynypdy.
Sözi jemläp aýtsak, Türkmenistanyň döwletiň gözegçiligindäki metbugatynda Türkiýedäki türkmen migrantlarynyň başdan geçirýän ýagdaýlary barasynda hiç hili söz açylmaýar. Şeýle ýagdaýlara duş gelýän türkmen migrantlarynyň ykballary barasynda bolsa degişli türkmen ýa-da türk resmilerden jikme-jik maglumat ýa-da nähilidir bir kommentariýa almak hem Azatlyk Radiosyna başartmaýar.