Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Azyk bolçulygy üç gün üpjün ediler, soňra...”


Türkmenistandaky bazarlaryň birinde satuwa çykarylan azyk önümleri. Arhiwden alnan surat
Türkmenistandaky bazarlaryň birinde satuwa çykarylan azyk önümleri. Arhiwden alnan surat

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyzlyk baýramçylygynyň öňýanynda, ýurduň bazarlarynda hem-de söwda dükanlarynda senagat we azyk harytlarynyň bolçulygyny üpjün etmegi tabşyrdy.

Berdimuhamedowyň 5-nji oktýabrda beren bu tabşyrygy paýtagtda we welaýatlarda käbir azyk harytlarynyň gymmatlamagynyň we gytçylygynyň dowam edýändigi barada habarlaryň peýda bolmagynyň yz ýanyna gabat geldi.

Aşgabatly synçy we ýazyjy Amanmyrat Bugaýew mundan ozalky ýyllarda hem uly baýramçylyk çäreleriniň öňýanynda, ýurt baştutany tarapyndan şeýle tabşyryklaryň berilýändigini we onuň yz ýany, bazarlarda we söwda dükanlarynda “azyk bolçulygynyň” göze ilýändigini hem-de harytlaryň döwlet tarapyndan kesgitlenen pes nyrhlar bilen üpjün edilýändigini aýdýar. Emma ol öňki tejribeleri nazara alanymyzda, munuň möwsümleýin bolýan çäredigini we diňe sanlyja gün dowam edýändigini belleýär.

“Ýokardan berilýän şeýle anyk tabşyryklardan soňra, bazar administrasiýasy satylýan harytlara ýokardan edilýän talaba laýyklykdaky baha ýazgylarynyň goýulmagyny talap edýärler. Bir-iki günläp berk gözegçilik edip, şol harytlaryň ýazgydaky nyrhdan satylmagyny hem gazanýarlar. Bazarlardan çykman durýarlar. Eger satyjy şol bahadan artykmaç pul talap etse, onda uly jerimeler salnyp, administratiw çäreler görülýär. Ýa-da Türkmenistanda Senagatçylar we telekeçiler birleşigi bar. Şonuň uly firmalarynyň käbirine tabşyryk berilýär. ‘Sen plan bazara plan güni plança tonna et eltersiň, plança tonna gök-önüm etlersiň hem-de olaryň arzan bahadan satylyşyna gözegçilik edersiň’ diýilýär. Ine, şolam uzaga çekse, üç gün dowam edýär. Bu möwsümleýin zat bolup geçýär, onuň ömri iki-üç günlük” diýip, Bugaýew belleýär.

Onuň sözlerine görä, şondan soň şol firmalar bazarlara arzan haryt getirmegi bes edýärler we satyjylaryň döwlet tarapyndan kesgitlenen nyrhy saklamagyna gözegçilik edýän bazar administrasiýasy hem bu zatlara göz ýumýar.

Şol bir wagtyň özünde, ol ýurduň, hususan-da, Aşgabadyň bazarlarynda ýokary hilli et önümleri, şeker, pagta ýagy we süýt-gatyk önümleri ýaly käbir azyk harytlarynyň gytçylygynyň henizem dowam edýändigini, munuň üstesine-de azyk we senagat harytlarynyň bahasynyň gün saýyn gymmatlaýandygyny aýdýar.

“Mundan bir aý ozal etiň [1 kilogramynyň] bahasy 22-23 manat bolsa, häzir 24-25 manada çykdy. Şeýle-de, şekeriň [1 kilogramyny] öň döwlet dükanlarynda 5 manada, bazarlada 7-8 manada tapyp bolan bolsa, häzir şekeri 10 manada-da tapyp bolanok. Ony 10 manada tapsalar, adamlar begene-begene satyn alýarlar. Başga-da, şeýle gytalan harytlar kän. Ylaýta-da, daşary ýurtlardan getirilýän gök önümlere-de gahatçylyk düşdi. Şol gahatçylyk zerarly olaryň-da bahasy gymmatlaýar. Meselem, almanyň görnüşi azaldy. Öň almanyň 1 kilogramynyň bahasy 5-8 manat aralygynda bolsa, häzir ony 10-12 manatdan satyn alyp bolýar” diýip, Bugaýew aýdýar.

Türkmenistanda ilatyň ýaşaýyş minimumy ýa-da bazar sebedi obada we şäherde näçä durýandygy nämälim bolmagynda galýar. Ýurtda zähmet, pensiýa we talyp haklary, şeýle-de kömek pullary ýylda 10 prosent köpeldilse-de, inflýasiýanyň örän ýokarydygy, aýlyklaryň ilatyň durmuş zerurlyklaryny doly üpjün ederden pesdigi we şol sebäpli bazarlardaky gymmat harytlaryň hyrydarlarynyň-da o diýen köp däldigi aýdylýar.

Munuň bilen bir wagtda, soňky üç aýyň dowamynda döwlet býujetinden aýlyk alýan işgärleriň zähmet haklary belli bir derejede öz wagtynda berilse-de, häzirki wagt aň-bilim edaralarynda, saglyk we nebit-gaz pudagynda işleýänleriň aglabasynyň sentýabr aýy üçin aýlyklaryny henizem alyp bilmeýändigi aýdylýar.

“Adamlar sentýabr aýynyň aýlygyny [oktýabr] aýynyň 5-6-ne çenli alarys diýip tama etdiler. Şu gün Hatyra güni. ‘Hatyra gününe çenli aýlyklarymyz berler. Öten-geçenlerimizi ýatlap, hudaýoly, sadaka bermegimize mümkinçilik dörediler’ diýdiler. Ýöne olaryň tamalary tala daňyldy” diýip, Bugaýew aýdýar.

Sözümiziň ahyrynda bellesek, türkmen hökümeti we media serişdeleri döwlet işgärleriniň aýlyklarynyň wagtynda berilmezligi, ýurtda käbir azyk önümleriniň gytçylygy we gymmatlamagy barada häzire çenli ilat köpçüligine düşündiriş ýa-da maglumat bermän gelýärler.

XS
SM
MD
LG