Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan 2018-nji ýylda tebigy gazdan benzin öndürýän zawoduny açmagy planlaşdyrýar


Gaz kompressor stansiýasy, Türkmenistan
Gaz kompressor stansiýasy, Türkmenistan

Türkmenistan 2018-nji ýylda tebigy gazdan benzin öndürýän zawoduny açmagy planlaşdyrýar.

“Türkmengaz” döwlet konserniniň Türkiýäniň we Ýaponiýanyň kompaniýalary bilen bilelikde gurýan zawodunyň dünýäde tebigy gazdan şeýle uly mukdarda benzin öndürjek ilkinji kärhana boljakdygyny ýurduň döwlet mediasy habar berýär.

Daşoguz-Aşgabat ýolunyň 32-nji kilometrinde Owadandepede ýerleşýän kärhananyň kuwwaty ýylda 1 milliard 785 million kubometr gazy işlemek we A-92 markaly benziniň 600 müň tonnasyny öndümek derejesinde kesgitlenýär. Habar berlişine görä, 2018-nji ýylyň aýagynda tamamlamak planlaşdyrylýan zawodyň gurluşygyna häzirki wagtda Türkmenistandan 4700 işçi we inžener, daşary ýurtlardan 700 hünärmen gatnaşýar.

2014-nji ýylyň awgust aýynda düýbi tutulan zawodyň gurluşygyna Ýaponiýanyň “Kawasaki” we Türkiýäniň “Haldor Topsoe” kompaniýalary gatnaşýarlar. Umumy bahasy 1 milliard 700 million dollar möçberinde görkezilýän desganyň gurluşygy “Türkmengaz” döwlet konserniň hasabyna amala aşyrylýar.

XS
SM
MD
LG