Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen sportynyň görnükli wekilleri


Altymyrat Orazdurdyýew
Altymyrat Orazdurdyýew

Türkmen sportynyň görnükli wekilleri diýlende, kimler ýada düşýär? Azatlygyň ýerli habarçysy bu soragy paýtagtda ençeme adama berdi, emma suwytly jogap alyp bilmedi.

Ýerli sport janköýerleriniň beren maglumatlarynda görä, geçen asyr Türkmenistanda ýurduň sport abraýyna abraý goşan adamlar, az-da bolsa, boldy.

Türkmen küştçüleri Türkmenistana ilkinji sport abraýyny getiren küştçiniň Täşli Taýlyýew bolandygyny aýdýarlar. Ol 1935-nji ýylda SSSR-iň oba küştçileriniň arasynda ilkinji çempion bolan adam diýip, aşgabatly küştçi adynyň aýdylmazlyk şerti bilen beren gürrüňinde aýtdy.

1960-njy ýyllarda Monerealda geçirilen Olimpiýa ýaryşlarynda türkmeniň belli mergeni Marat Nyýazow gowy netijeleri görkezip, türkmen sportynyň taryhynda ilkinji olimpiýa kümüş medalyna mynasyp bolýar. Ol soňra SSSR-iň we Türkmenistanyň ýygyndy komandalarynyň düzüminde türkmen sportynyň abraýyny kän gorady diýip, Azatlygyň diňleýjileriniň biri aýtdy.

Şeýle-de Türkmenistanda türkmen sportyna at-abraý getirip, asla ýatlanmaýan, unudylan adamlar hem bar diýip, ýerli janköýerler muňa Ýusup Berdiýewi mysal getirýärler.

“Ýusup Berdiýew türkmenlerden ilkinji gezek erkin göreşde olimpiýa çempiony bolan ýigit, ýöne onuň terjimehalynda bolşewik-kommunistleriň göwnünden turmajak zatlar kän bolup çykdy” diýip, ýazyjy Amanmyrat Bugaýew aýdýar.

Ýusup Berdiýewiň kakasy Kakajan Berdiýew 1914-1918-nji ýyllarda rus patyşasynyň 1-nji Jahan urşunda hereket eden goşunynyň düzüminde gulluk edipdir, teke polkunyň praporşşigi, öz söweş edermenlikleri üçin general Kornilowdan, general Denikinden sagbolsun alan adam bolupdyr.

Mundanam başga, Kakajan Berdiýew, teke polkunyň beýleki bir topar esgeri ýaly, Türkmenistana dolanyp gelenden soňam bolşewiklere göni tabyn bolmandyr, tersine ol bolşewiklere garşy göreşe aç-açan goşulypdyr. Kakajan Berdiýewiň bu göreşi 16-17 ýyla çekýär we ahyrynda ol 1937-38-nji ýyllaryň basha-baslygyndan “halk duşmany” hökmünde türmä basylýar.

Kakajan Berdiýewiň yzynda galan ogly Ýusup Berdiýew ugur-ýoluny tapyp, Ukraina SSR-ne aşýar we şol ýerde 1930-njy ýyllarda günorta Ukraine sürgün edilen türkmen baýlary oňa hossarlyk edýärler diýip, Bugaýew aýtdy.

Ýazyjynyň tassyklamagyna görä, Ýusup Berdiýew 1950-nji ýyllarda türkmenlerden çykan ilkinji olimpiýa çempiony bolýar, ýöne kommunistler ony şondan soam yzarlamagy bes etmeýär. Şondan soň ol yzarlanmalardan gutulmak üçin at-familiýasyny Iosif Konstantinowiç Berdiýeýew diýip üýtgedýär we ukrain raýatlygyny alýar.

Türkmen sportynyň ýene bir meşhur wekili bolsa ştangaçy Altymyrat Orazdurdyýew, ol ýeňil, orta we ýarym agyr agramlarda üç gezek dünýäniň, üç gezek Ýewropanyň, bir gezek hem Aziýanyň çempiony boldy.

Gynançly ýeri, Altymyrat Orazdurdyýew 1997-nji ýylyň martynda, 27 ýaşynda böwrek keselinden ýogaldy.

XS
SM
MD
LG