Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabadyň aeroportynda käbir Stambul ýolagçylary soraga çekilýär


Aşgabadyň halkara aeroportynyň öňünde duran howpsuzlyk işgärleri
Aşgabadyň halkara aeroportynyň öňünde duran howpsuzlyk işgärleri

Aşgabadyň aeroportynda Stambula uçýan käbir ýolagçylaryň "pul çekmäge" barýandygyndan şübhelenilip, soraga çekilýändigi habar berilýär.

Howpsuzlyk sebäpli efirde adynyň agzalmazlygyny sorap, Stambula gelensoň Azatlyk Radiosy bilen aragatnaşyga geçip, bu ýagdaýy habar beren bir mugallymyň aýtmagyna görä, Aşgabadyň aeroportyndaky howpsuzlyk işgärleri ony we käbir ýolagçylary "Näme üçin Stambula barýaňyz? Näme gitmäge başga ýurt ýokmy? Işleýän ýeriňden daşary ýurda gitmegiňe rugsat berýän haty görkez? Ýanyňyzda näçe puluňyz bar? Kartdan pul çekmäge barýaňyzmy? Hawa, onsoň Stambulda çekjek puluňyzy näme etmekçi? Hany, ýanyňdaky bank kartlaryny çykaryp görkez ýa-da olary nirä gizlediň? Näçe bank hasabyň bar? Eger häzir dogryňy aýtmasaň, yzyňa dolanyp geleňden soň boljagyň başga bolar. Biz siziň bank hasabyňyzy barlarys we Stambulda pul çeken bolaýsaňyz, oňa jogap bermeli bolarsyňyz" ýaly sözler bilen soraga çekipdir.

Adynyň tutulmazlygyny haýyş edip, Azatlyk Radiosyna bu ýagdaý barada maglumat beren, golaýda Stambula pul çekmäge gelen we soň Türkmenistana yzyna dolanan bir döwlet işgäri Aşgabadyň aeroportynda Migrasiýa gullugynyň özüni ep-esli wagtlap garaşdyryp, tapgyrlaýyn soraga çekip, gaty gyssandygyny öňe sürýär.

"Stambula gitmek üçin, Aşgabadyň aeroportyna baryp migrasiýanyň barlagyndan geçýän mahalym menden işleýän ýerimden daşary ýurda gidip-gelmek üçin rugsatnama alyp-almandygymy soradylar. Şol rugsatnamany olara görkezdim. Ondan soň migrasiýanyň işgärleri meni "Nirä barýaň? Näme üçin daşary ýurda barýaň? Döwlet işinde işleýän bolsaň, mundan owal daşary ýurda çykypdyňmy? Sen näme üçin Türkiýäni saýlap aldyň? Näme üçin Orsýete, Ukraina ýa-da başga ýurda däl-de, ylaýta-da Stambula gidip barýaň? Sen Türkiýä gidip, ol ýerde näme etjek bolýaň? Bank hasabyň barada maglumat berip, ýanyňdaky bank kartlaryny görkez. Sen bizi aldap bilmersiň. Biz hemme zady öwreneris" ýaly soraglar berip, ýarym sagatlap gaty berk sorag etdiler " diýip, ol öz başyndan geçirilenlerini gürrüň berýär.

Ol döwlet işgäri Stambula gelen gününiň ertiri Aksaraýdaky bir bankomat nokadyndan pul çekmäge baran mahaly Türkmenistandaky bank hasabyndaky puluň barynyň doňdurylandygy üçin, pul çekip bilmändigini öňe sürýär.

Ýatlap geçsek, bu wakalar Türkmenistanyň Merkezi bankynyň başlygy Merdan Annadurdyýew tarapyndan gol çekilendigi aýdylýan bank goýumçylaryna gözegçiligi güýçlendirmek baradaky resminamanyň bankyň welaýat bölümlerine iberilendigi baradaky maglumatlaryň yzýanyna gabat geldi. 4-nji awgustda Azatlyk Radiosyna gowşan resminamada soňky döwürde ýurtda erkin walýuta söwdasynyň çäklendirilmegi bilen türkmen manadynyň töwereginde bolup geçýän ýagdaýlar, hususan-da, döwlet kursundan walýuta almak ugrunda tapylýan emeller babatynda alada bildirilýärdi.

Sözi jemläp aýtsak, Azatlyk Radiosy ýokarda gürrüňi edilýän meseleler dogrusynda, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky, Türkmenistanyň Döwlet ösüş banky, “Senagat” paýdarlar täjirçilik banky we Türkmen-türk paýdarlar täjirçilik banky bilen habarlaşanda, bu maglumaty tassyklatmak ýa-da inkär etdirmek başartmady.

XS
SM
MD
LG