Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň organ işgäri maşgalasy bilen daşary ýurda göçdi


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Türkmenistandaky iş hem ýaşaýyş şertlerine mundan beýläk çydap bilmejekdigini öňe süren bir organ işgäri maşgalasy bilen başga bir ýurduň üstünden Türkiýä göçüp geldi.

Howpsuzlyk sebäpli adynyň agzalmazlygyny sorap, Stambula gelenden soň Azatlyk Radiosyna ýüz tutan ol organ işgäriniň aýtmagyna görä, ondan metbugatda çykyş etmegini hut Türkmenistandan maşgalasy bilen çykyp gaýtmagyna kömek eden organ işgärleri haýyş edipdir. Gürrüňdeşimiz Türkmenistanda organ işgärleriniň tutuş maşgalasy bilen gönümel Stambula uçmagyna rugsat berilmeýändigini öňe sürüp, şol sebäpden üçünji bir ýurduň üsti bilen Türkiýä göçüp gelendigini aýdýar.

Owalky organ işgäriniň Azatlyk Radiosyna beren maglumatyna görä, Türkmenistanda organda işlemegiň şertleri indi çekip-çydar ýaly däl. Iň bärikisi, häzir organ işgärlerinden Aziýada üçin her aýda 250-300 manat meýletin pul goşandyny goşmak talap edilýär. Aziýada öz aýlygyndan pul goşandyny goşmak islemeýänlere etmedik günäsi bilen aýyplanmak haýbaty atylýar ýa-da wezipesinden boşadylmagy üçin meýletin arza ýazmagy islenýär.

"Mundan daşaryn dürli çäreler üçinem pul goşandy talap edilýän wagty bolýar. Soňky wagtlarda polisleriň gijeki nobatynyň wagty hem uzaldyldy we olara gijäniň ýarymynda has köp metjitleriň daş-töweregine göz-gulak bolmagy talap edilýär, ýagny dindarlaryň guramaçylykly hereket gurnamagyndan gaty howatyrlanylýar. Onsoňam Türkmenistanda haýsy tarapa seretseň para-peşgeş, korrupsiýa. Ýurtda arkaýyn işläp, ýaşar ýaly bolmady. Şol sebäpdenem çagalarymyzyň geljegi üçin, daşary ýurda göçüp gaýtdyk" diýip, owalky organ işgäri Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda aýdýar.

Owalky organ işgäri mundan beýläk maşgalasy bilen Stambulda ýaşajakdygyny, häzirlikçe Watana dolanmajakdygyny we özüne mundan owal Türkmenistandan Türkiýä göçüp gelen beýleki türkmen organ işgärleriniň goltgy berjekdigini belleýär.

Ýeri gelende bellesek, Türkiýede ençeme ýyldan bäri işläp ýören türkmenistanly zähmet migrantlarynyň öz maşgalalary bilen dogan-garyndaşlaryny hem göçürip getirýändigi barasynda dürli çeşmelerden maglumatlar berilýärdi. Ýöne bilermenler, ylaýta-da Türkmenistandaky organ işgärleriniň maşgalasy bilen ýurdy terk edip, başga ýurtlara göçýändigi barasyndaky maglumatlaryň gizlenmäge synanyşylýandygyny belleýärler.

Azatlyk bilen gürrüňdeş bolan käbir türkmen migrantlarynyň aýtmagyna görä, Stambul we Antaliýa ýaly ýerlerde käýarym Türkmenistanyň güýç edaralarynyň owalky işgärleriniň iş ýerleri bilen firmalaryna hem duş gelse bolýar.

Gepiň gerdişine görä ýatlap geçsek, Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň 4-nji maýynda geçiren hökümet maslahatynda prokuraturanyň we IIM-iň resmileriniň bir toparyny korrupsiýada aýyplap, Amanmyrat Hallyýewi baş prokuroryň wezipesinden boşatdy. Şol mejlisde prezident IIM Mulikowa hem berk käýinç yglan etdi. Türkmenistanyň içeri işler ministri Isgender Mulikow baş prokuroryň gününe düşmezlik üçin, otstawka çykmaga çalyşýar, emma ýurduň prezidenti onuň arzasyny kabul etmeýär.

XS
SM
MD
LG