Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Zumba" näme we näme üçin Eýranda gadagan edildi?


Eýranda "Zumba" tans edýän aýal-gyzlar
Eýranda "Zumba" tans edýän aýal-gyzlar

Eýranyň ruhany ýolbaşçylary "Zumba tansy bilen meşgullanylan mahaly Latyn Amerika sazyna ýanbaşyny çaýkap, bilini towlap tans edýänlere" duýduryş berilmegini tabşyrypdyr.

Emma "The New Ýok Times" gazetiniň ýazmagyna görä, şeýle duýduryşa o diýen gulak asan hem bolmandyr.

Makalada aýdylşyna görä, soňky ýyllarda Eýranda göýä edil öwrülişik ýaly täzelik ýörgünli ýagdaýa gelipdir. Ýurduň ähli sebitinde diýen ýaly şäherlerde köpsanly türgenleşik ýerleri we klublar hyzmata girizilipdi.

Häzirki döwürde dünýäniň köpsanly ýurdunda aerobikanyň täze bir görnüşi hasaplanýan "Zumba" diýseň ýörgünli ýagdaýa geldi, ylaýta-da Eýranda oňa zenanlar ürç edip başlapdyr.

Emma golaýda Eýranyň sport boýunça resmileri "Zumba" bilen meşgullanmagyň yslam dinine bap gelmeýändigini ylgan etdiler.

Ýurt boýunça "Zumba" sapaklarynyň berilmegi gadagan edildi. Şondan bärem Zumba türgenleşdirijisi Sunny Nefisiniň mobil telefonyna jaň edilýänleriň yzy üzülmändir. Onuň owalky okuwçylary bu ýagdaýdan diýseň biynjalyk bolupdyr...

"Gizlinlikde näme etseňiz şony ediň"

Zenan Nefisi: "Bu meseläni gaty çişirdiler welin, hamala, ýurtda alkogolly içgilere rugsat berlen ýaly boldy" diýýär.

Emma Sunny ýagdaýa düýpgöter başgaça baha berýär. Onuň pikrine görä, Eýranda haýsam bolsa bir zady düýpgöter gadagan etmek o diýen aňsat däl we şol sanda-da Zumbany.

Gazetiň ýazmagyna görä, Zumba gadaganlygy ýurtdaky täze nesil bilen garry ruhanylaryň arasyndaky dünýägaraýyş tapawudynyň juda çuňňurdygyny görkezýär.

Yslam rewolýusiýasyndan bäri Eýranda alkogoldan başlap köp ugurda gadaganlyk durmuşa girizilipdi. Ýöne iş ýüzünde ol gadaganlaryň hemmesi bozulýar.

Şonuň üçinem zenan türgenleşdiriji Zumba bilen meşgullanýanlaryň hem başgaça at ýa-da gizlin ýagdaýda onuň bilen meşgullanmagy dowam etjegine ynanýar.

Makalada aýdylşyna görä, umuman alnanda, dini häkimiýet bu meselä aslynda "Gizlinlikde näme etseňiz şony ediň" diýen görnüşde çemeleşýär.

Zenan Nefisi: "Köp ýyllap Zumba türgenleşdirýärin. Onuň ady "sazly türgenleşikdi". Zumbanyň şeýle-de köpsanly başgaça şeýle atlary bar: "bedeniň ritmikasy", "täze aerobika" ýa-da ýöne "Mumba" diýip gürrüň berýär.

"Isle Zumba bolsun, isle Mumba"

Ýöne birden haýsam bolsa bir türgenleşdirijiniň oňa "Zumba" diýip atlandyrandygyna we oňa birsalym hiç kimiň degmändigine hem şaýat bolýarsyň. Ondan soň başga adamlaram derrew ondan görelde alýarlar.

Muňa garamazdan, geçen aý Eýranyň sport federasiýalary edarasynyň baştutany Ali Mejdaranyň gol çeken görkezmesinde, Zumba ýa-da Mumba hakda söz açylmaýar. Şerigatda bedeniň ritimli ýagdaýda silkinmeginiň, çaýkanmagynyň ýa-da tans etmegiň gadagandygy ýatladylýar.

Şeýle gadaganyň döreden seslenmesi ruhany ýolbaşçylaryň biri bolan häzirki prezidentiň tarapdarlaryndan Hüseýin Kaýýuma baryp ýetipdir. Ol Zumba barada hiç zat eşitmän ekeni. Şonuň üçinem "You tube" ulgamynda Zumbany gözlemäge başlapdyr. "You tube" ulgamynda dogrudanam Eýran Zumbasyna degişli wideolar az däldi.

66 ýaşyndaky mollanyň aýtmagyna görä, özünde hroniki bogun keseliniň bardygyna garamazdan, ol wideolary gören mahaly aňyny oňa aldyryp, özüne erk edip bilmändir.

Soň bolsa ol şeýle diýipdir: "Bir türgenleşik görnüşi höküminde Zumba hem aslynda garrylara gerek bolan zatdyr. Emma bir ruhany höküminde adama keýp berýän tans ýaly işleriň günä we haramdygyny unutmaýaryn".

Zumba çäklendirmesi

Emma zenan Nefisiniň janyny ýakýan Eýranyň mollalary däl-de eýsem käbir amerikan firmalarydyr. Onuň aýtmagyna görä "Facebook" sosial ulgam sahypasyna Eýranda Zumba türgenleşdirýändigini ýazandan soň, ABŞ-nyň "Zumba Fitness" atly firmasy onuň ygtyýarnamasyny ýatyrypdyr.

Nefisiniň nygtamagyna görä, köpsanly amerikan firmasy ABŞ-nyň Eýrana garşy goýan çäklendirmelerine ynha şeýle düşünýär.

Amerikadan iberilen hatda oňa Zumbanyň Eýranda sanksiýalara, ýagny çäklendirmelere görä gadagandygy aýan edilipdir. Şol bir wagtyň özünde, beýleki tarapdan-da türgenleşik üçin Dubaýda okan sapagynyň puluny oňa gaýtaryp beripdirler.

Zenan Sunny Nefisi mundan beýläk, Tähran bilen Waşingtonuň gadaganlaryna garamazdan öz işi bilen meşgullanmaga dowam etjekdigini aýdýar.

Eýranda haýsam bolsa bir zady düýpgöter gadagan etmek beýle aňsat däl.

Ýaş türgenleşdiriji zenan: "Adyny üýtgederin welin bolar durar" diýip nygtaýar.

XS
SM
MD
LG