Şu günler Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki telewideniýesinde ýurduň kärendeçi daýhanlarynyň galla hasylyny ýygnamakdaky üstünlikleri we olar bilen hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilýändigi barada, ýygy-ýygydan maglumatlar görkezilýär. Bu maglumatlar ýurtda käbir kärendeçileriň öz galla hasyly üçin alan puluny nagtlaşdyrmakda kynçylyk çekýändigi baradaky habarlaryň yz ýanyna gabat geldi.
“Altyn Asyr” telegepleşikler habarynda “özleriniň tabşyran galla hasyly üçin alan girdejilerini hasaplaşmaga gelýän daýhanlaryň şatlyklaryny, begenç-buýsançlaryny hiç bir zat bilen deňär ýaly däl” diýlip, emaý bilen ykjam egin-eşikleri geýen kärendeçileriň hatara durup, bankomatlardan nagt puly alýan we ony başyna sylýan pursatlary görkezildi.
Ýurdumyzda hasyl ussatlarynyň ýaşaýyş-durmuşy hakynda edýän ýadawsyz tagallasy üçin “mähriban Arkadagymyza” alkyş sözlerini, buýsanç bilen beýan edýärler diýlip, resmi metbugatyň maglumatynda aýdylýar.
Mundanam başga, telewideniýede ýurduň söwda we bank ulgamynyň döwrebap derejede kämilleşdirilýändigine üns çekilip, kärendeçileriň ugradylan pullary ýurduň söwda merkezlerinde azyk harytlarynyň söwda-satuw işlerini nagt däl görnüşinde plastik kartlarynda amala aşyrýandygy görkezildi.
"Hronika Türkmenistan" neşiriniň taýýarlan wideosy
Türkmen telewideniýesiniň bu habary ýurduň Balkan welaýatynyň azyndan iki etrabynda, ýagny Serdarda we Bereketde ençeme kärendeçiniň öz galla hasyly üçin plastik kartlaryna ugradylan puly nagtlaşdyrmakda kynçylyk çekýändigi barada, Azatlyk Radiosynyň beren maglumatlarynyň yz ýanyna gabat geldi.
Hepdäniň başynda Azatlyk Radiosy bilen habarlaşan balkanly kärendeçileriň azyndan 10-sy öz etraplaryndaky bankomatlardan her bir adamyň günde diňe 300 manady nagtlaşdyryp bilýändigini, käbir bankomatlarda bolsa, asla nagt puluň tapdyrmaýandygyny, şol sebäpli bankomatyň gözleginde ençeme kilometr ýol söküp, welaýat merkezine ýa-da beýleki etraplara hem gitmeli bolýandyklaryny gürrüň berdiler.
Mundanam başga, Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki çeşmeleriniň käbir gallaçy kärendeçilere salgylanyp aýtmagyna görä, käbir balkanly daýhanlar öz plastik kartlaryna gelen puly nagtlaşdyrmak üçin, kähalatda Aşgabada sapar edip, bu ýerde 2-3 gün galmaly bolýarlar.
Olar munuň sebäplerini Aşgabatdaky bankomatlardan günde her bir adamyň 1000 manada çenli pul serişdesini nagtlaşdyryp bilýändigi bilen düşündirýärler.
Türkmenistanyň Daýhan bankynyň Balkan welaýatyndaky şahamçalarynyň käbir resmileriniň aýtmagyna görä, bankomatlardaky pul ýetmezçiligi bu ýere merkezden ugradylýan nagt puluň möçberiniň örän çäklidigi bilen baglanyşykly.
Türkmenistanda dowam edýän ykdysady kynçylyklar sebäpli ýurtda nagt pul ýetmezçiliginiň ýiti duýulýandygy, raýatlaryň plastik kartlaryna gelen zähmet haklaryny nagtlaşdyrmak üçin, bankomatlaryň öňünde nobatlary emele getirýändigi aýdylýar.