Türkmenistanda “orta asyra degişli orta asyrly alabaýyň heýkeljiginiň” tapylandygyny türkmen mediasy habar berýär.
Türkmen iti alabaýyň gadymy heýkeljiginiň türkmen arheologlarynyň Mary welaýatynyň Dandanakan obasynda orta asyra degişli taryhy tapyndylaryň bürünçden ýasalan çyralaryň, nagyşly küýzeleriň we gap-çanaklaryň arasynda çykandygy we bilermenleriň ony iň gyzykly tapyndy hasaplaýandygy, Türkmenistan.ru neşriniň maglumatynda aýdylýar.
Şeýle-de maglumatda gulagy we gýrugy kesilen alabaý itiniň palçykdan ýasalan heýkeljikleriniň arheologlara öňem duş gelendigi we Altyn-depe hem Goňur-depe atly ýerlerden çykan tapyndylaryň häzirki eýýämden öňki ikinji asyra degişli bolandygy bellenýär.
Türkmenistan alabaý itiniň şekilini sentýabr aýynda öz taryhynda geçirýän iň uly sport ýaryşynyň tumary hökmünde saýlady. Türkmenleriň milli geýimlerine geýindirilen, gulagy hem guýrugy kesilen alabaý itini şekillendirýän tumaryň görnüşi ýylyň başynda tassyklandy, soň tankytlanyp, täzelendi.