Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni geçiren hökümet maslahatynda “Türkmenhowaýollarynyň” başlygy Döwran Saburowa berk käýinç yglan etdi.
Türkmen mediasy bu käýinjiň Saburowa “gulluk borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmändigi, şahsy düzgün-nyzamy hem-de garamagyndaky edara-kärhanalarda tertip-düzgüniň berjaý edilişine gözegçiligi gowşadandygy üçin berlendigini” habar berýär. “Türkmenhowaýollaryna” 2016-njy ýylda başlyklyga bellenen Saburowyň işde goýberen kemçilikleri şundan aňryk anyklaşdyrylmaýar.
Ozal döwlet eýeçiliginde bolan “Türkmenhowaýollary” mart aýynda Açyk aksioner jemgyýete öwrül di we bir hepde ozal, otly biletleri bilen bilelikde, uçar biletleri hem gymmatladyldy.
Bu çäreleriň pudagyň işini gowulandyrmaga ýardam etjekdigi aýdylypdy.
“Türkmenhowaýollary” ýolagçylara edilýän hyzmatyň hili boýunça halkara derejesinde geçirilýän reýtinglerde adatça pes bahalary alýar.