Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabat: Abatlanan ýollarda awtobus duralgalary azaldy


Aşgabatda duralgasyz awtobus duralgasy.
Aşgabatda duralgasyz awtobus duralgasy.

Soňky bir-iki ýylyň dowamynda Aşgabat şäheriniň jemgyýetçilik awtoulaglary gatnaýan ähli köçelerinde rekonstruksiýa işleri geçirlip, köçeler giňeldilip, awtoduralgalar hem täzelendi. Emma bu geçirlen işleriň köpüsiniň ýaşaýjylaryň bähbidine bolmandygy hem aýdýarlar.

“Köçelerden ýerasty geçelgeleriň, aýlaw ýolly köprüleriň gurulmagy bilen çatryklarda ýerleşýän ýaşaýyş jaýlary ýumrulyp, ýaşaýjylar mejbury göçürilen bolsa, rekonstruksiýa işlerinden soňra, ozal bar bolan awtobus duralgalaryň tas ýarysy diýen ýaly azaldy” diýip, 78 ýaşly aşgabatly pensioner Abdylla aga aýdýar.

Onuň sözüne görä, awtobus duralgalarynyň azaldylmagy esasan ýarawsyzlar, pensiýa ýaşly garrylar, çagaly eneler üçin kynçylyk döredipdir.

“Bir elinde çagasy, bir elinde azykly torbaly, ýoldan barýan çagaly enäni göreniňde, onuň awtobus duralgasyna barýança, ýene näçe kösenjegine ýüregiňi gyýylýar. Zordan ýöräp, elini kölegeledip, duralga çenli näçeräk galandygyny göz çeni bilen ölçeýän garrylaram az däl. Ýöne olara edip biljek kömegiň ýok. Duralgalaryň arasy göz bilen ölçärden daşda” diýip, Abdylla aga aýdýar.

“Şeýle arasy açylan duralgalar Baba Annanow köçesiniň, Görogly köçesiniň ugrunda has hem göze ilýär. Baba Annanow köçesiniň Oguzhan, A. Nyýazow köçeleri bilen kesişýän çatryklarynda, köprüleriň gurulmagy bilen duralgalar bir-birinden has hem daşlaşdy, Görogly köçesiniň A. Nyýazow şaýoly bilen kesişýän ýerinde ýerasty geçelgäniň gurulmagy bilen bu köçäniň ugrundaky duralgalar azaldyldy hem arasy açyldy” diýip, ol sözüne goşýar.

Andalyp köçesiniň ugrunda ýaşaýan 60 ýaşly Gözel daýza bolsa, duralgalaryň azaldylmagyndan daşary, Andalyp köçesiniň ugrunda gurlan duralgalaryň ýolagçylar üçin juda oňaýsyzdygyny, olaryň örän belent ýerleşdirilip, awtobus durýan asfalt ýola düşülýän ýerleriniň hem typançakdygny nygtaýar.

Garly-sürçek howaly günlerde duralgalara münmek garrylar üçin uly alada. Eýdip-beýdip telim basgançakdan ýokary galyp oturaýsaň, awtobus gelen wagty düşmek alada. Käte basgançaklardan düşüp awtobusa barýançaň, sürüjiniň ýolagça garaşman sürüp gidiberýän halatynyň hem bolýandygyny Gözel daýza aýdýar.

Andalyp köçesiniň ugrunda ýerleşýän Balyk dükanynyň golaýyndaky duralganyň bolsa, kiçi etrapçanyň aralygyndan gelýän ýola ýanaşyk gurlandygyny, kiçi etrapçadan çykýan maşynlaryň yzy üzülmeýän pursatlarynyň bolýanlygy sebäpli, ýokardan gelýän awtobuslar bu duralgada kadaly saklanyp bilmeýändiklerini hem görse bolýar.

“Olaryň käsi maşynlaryň gatnawy üzülip, özlerine ýol berilýänçä garaşyp dursa, käbirleri kiçi etrapçadan çykýan maşynlar sebäpli duralga ýetmän saklanýarlar-da, ýolagçynyň maşyna münüp ýetişerine hem garaşman gidiberýärler” diýip, ýolagçylar aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG