Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azatlyk Radiosynyň habarçysy 'Gündogar Ýewropany özgerdýän' 21 görnükli zenanyň biri


Azatlyk Radiosynyň habarçysy Soltan Açylowa
Azatlyk Radiosynyň habarçysy Soltan Açylowa

Azatlyk Radiosynyň habarçysy Soltan Açylowa Gündogar Ýewropany özgerdýän 21 görnükli zenanyň biri hasaplanýar.

Germaniýanyň “N-OST” guramasy 8-nji martda Halkara aýal-gyzlar güni mynasybetli 21 ýurtdan 21 aýal žurnalistiň öz ýurdundaky edermenlikleri barada ýörite maglumat ýaýratdy.

“Ostpol” neşirinde çap edilen maglumatda, öz ýurdunda aýallara bolan garaýşy özgertmek babatda gaýduwsyz göreş alyp barýan zenanlaryň sanawy ýerleşdirildi.

“Soltan Açylowa aýal-gyzlara reňkli egin-eşiklerdäki aksesuar – bezeg jäjegi – ýaly garalýan we ýurt liderleriniň daş-töwereginiň gartaşan erkekler tarapyndan gurşalyp alnan ýurdunda, öz sesini eşitdirmäge synanyşýar. Žurnalist Azatlyk Radiosyna Türkmenistanda ýaşryn saklanýan, aýdylmaly däl zatlar barada habar berýär. Olaryň arasynda gyt harytlary almak üçin emele gelen nobatlar, daýhanlara tabşyrylan plany dolmak üçin edilýän basyşlar ýaly meseleler bar” diýlip, neşiriň Açylowa degişli bölüminde aýdylýar.

Häkimiýetler Açylowanyň sesini sem etmek isleýärler. Şol sebäpli ol ençeme gezek saklanmalara sezewar edildi, yzly-yzyna hüjümlere sezewar boldy. Emma muňa garamazdan, ol daşarky dünýäden üzňelikde saklanylýan ýurdundaky ýagdaýlar barada ýadawsyz we gaýduwsyz habar bermegi dowam etdirýär diýlip, maglumatda bellenilýär.

Şeýle-de, maglumatda 67 ýaşyndaky Soltan Açylowanyň halk bilen jebis gatnaşyk saklaýan, batyrgaý, tejribeli multimedia habarçysydygy aýdylyp, şu sebäpden onuň möhüm ses bolup durýandygy nygtalýar.

Ýaladyp geçsek, geçen ýylyň ahyrynda Azatlyk Radiosynyň habarçysy Soltan Açylowa polisiýa tarapyndan birnäçe gezek basyş edilip, şeýle-de, ol ençeme sapar nämälim adamlaryň hüjümine sezewar bolupdy.

2016-njy ýylyň oktýabr aýynda Açylowa Aşgabatdaky söwda dükanynyň öňündäki nobatlary surata düşürýän mahaly, oňa polisiýa we dükanyň dolandyryjysy tarapyndan basyş edilipdi. Bu wakadan sanlyja minut soň, nämälim adamlar tarapyndan onuň kamerasy talanypdy.

Mundanam başga, noýabr aýynda Açylowa Türkmenistanyň Arçman şypahanasynda bejergi alýan wagtynda, hüjüme sezewar edilip, ondan şypahanany terk etmek soraldy. Şol aýyň ahyrynda-da ol öz öýüniň golaýynda tigirli adamlaryň hüjümine sezewar boldy.

Açylowa bu basyşlaryň öz žurnalistika işini sem etmek üçin, “häkimiýetler tarapyndan ýörite gurnalandygyna ynanýandygyny” aýdypdy.

“Serhetsiz reportýorlar”, “Human Rights Watch” we Ýewropada howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly adam hukuklaryny we žurnalistleriň haklaryny gorap çykyş edýän halkara guramalarynyň ençemesi Açylowa edilýän basyşlary ýazgaryp, ýörite beýanat ýaýratdy.

Ýeri gelende ýatlatsak, Soltan Açylowa bilen birlikde Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky beýleki habarçylaryna-da we olaryň maşgala agzalaryna türkmen häkimiýetleri tarapyndan edilýän basyşlar has güýçlendi.

Galyberse-de, Azatlyk Radiosynyň habarçysy Saparmämmet Nepesgulyýew – adam hukuklaryny goraýjy toparlar tarapyndan toslama diýlip atlandyrylan aýyplamalar esasynda – henizem tussaglykda saklanylýar.

Türkmenistan adam hukuklaryny goraýjy halkara guramalary tarapyndan dünýäniň iň bir ýapyk we repressiw ýurtlarynyň biri hökmünde häsiýetlendirýär. “Serhetsiz reportýorlar” guramasynyň “Media Azatlygy indeksinde” Türkmenistan 180 ýurduň arasynda 178-nji orunda ýerleşdirildi.

XS
SM
MD
LG