Garaşsyz döwletler arkalaşygy (GDA) guramasynyň missiýasy Türkmenistanda 12-nji fewralda geçiriljek prezidentlik saýlawlary boýunça gözegçiligi barada aralyk hasabatyny çap etdi.
Türkmenistanyň “Altyn asyr” resmi websaýtynda çap bolan maglumatda “Missiýanyň pikirine görä, saýlaw kampaniýasy asuda atmosferada, açyk bäsdeşlik ýagdaýynda, korrekt görnüşde we ýokary guramaçylyk derejesinde geçýär” diýlip aýdylýar.
Şeýle-de maglumatda missiýa özüniň gutarnykly bahalaryny saýlawlara gözegçiliginiň netijeleri boýunça jemleýji dokumentde mälim eder diýilýär.
Türkmenistanda prezidentlik saýlawlaryna gözegçilik etmek işine 2017-nji ýylyň 25-nji ýanwarynda başlan GDA-nyň missiýasynyň düzüminde jemi 73 synçy akkreditasiýa edilipdir, uzak möhletleýin esasynda 10 synçy işleýär.
GDA-nyň gözegçiler missiýasy Türkmenistanda 2012-nji ýyllarda geçirilen prezidentlik saýlawlarynda türkmen häkimiýetleriniň açyklygy we adalatlylygy üpjün etmek boýunça gören çärelerine oňyn baha beripdi.
Türkmenistany 2007-nji ýyldan bäri dolandyrýan we döwlet baştutany wezipesine üçünji gezek dalaş edýän prezident G.Berdimuhamedowyň 2012-nji ýylda 97.14% ses bilen ýeňiş gazanandygy yglan edilipdi.
Türkmen resmileri 2007-nji ýylyň prezidentlik saýlawlaryna GDA-nyň missiýasyny çagyrmandy.
Türkmenistanyň raýatlary indiki ýedi ýyl üçin prezidentini 12-nji fewralda saýlarlar. Ýurduň içinde 2587, daşary ýurtlardaky diplomatik edaralarynda 39 saýlaw uçastogynyň döredilendigi aýdylýar.
Sowet Soýuzynyň dargamagyndan soň 1991-nji ýylda garaşsyzlygyny yglan eden Türkmenistanda geçirilen saýlawlaryň hiç birine Günbatar döwletleri, ÝHHG we adam hukuklaryny goraýjy guramalar tarapyndan açyk we adalatly diýlen baha berilmändi.