Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan plastik kartlara täze çäklendirmeler girizdi


Türkmenistanda plastik kart ulanyjylarynyň pullaryny hem daşary ýurtlarda, hem-de ýurduň içinde nagtlaşdyrmagyna çäklendirmeler girizilip, bank hyzmatlarynyň tutumlary hem artdyryldy.

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň ýaýradan we şu ýylyň 6-njy fewralyndan güýje giren nyrhlar baradaky täze tablisasynda, bir gije-gündiziň dowamynda nagt pul serişdeleri almak boýunça çäk: “Business”, “Electron/Maestro” we “Classic/Standart” tarifleri üçin 250 amerikan dollary (ýa-da resmi kurs bilen 875 manat) diýlip kesgitlendi. “Gold” tarifi üçin bu çäk 300 dollar (1,050 manat) möçberinde bellenildi.

Täze nyrhlar
Täze nyrhlar

“Mundan öň, öz hasabyňdan günde 10 müň dollara çenli puly nagtlaşdyryp bolýardy. Indi bir günüň dowamynda 250 [dollardan] artyk alyp bolmaýar. Bar telekeçiligim puja çykdy” diýip, Azatlyk Radiosy bilen habarlaşan türkmen telekeçileriniň biri gürrüň berdi.

Şol bir wagtda, ozal VISA ýa MasterCard kartlaryndan daşary ýurtlarda nagtlaşdyrylan puluň 1,75%-ni tutulyp galan bolsa, häzir bu 3%-ne çenli artdyryldy.

Ozalky nyrhlar
Ozalky nyrhlar

“Bu girizilen täze çäklendirmeler barasynda öňünden duýdurylmady, hiç ýerde bildiriş hem asylmady. Diňe kartlarymyzdaky pullarymyzy nagtlaşdyrjak bolanymyzda bilip galdyk” diýip, atlandyrylmazlygyny soran türkmen biznesmeni gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosynyň söhbetdeşiniň-de nygtaýşy ýaly, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň resmi saýtynda bu soňky çäklendirmeler barada hiç hili maglumat berilmeýär.

Şol bir wagtda, paýtagtda býujet işgärleriniň plastik kartlaryna geçirilen pullaryň nagtlaşdyryp bolýan möçberine hem çäklendirmeler girizildi.

“Düýn ýanwar aýynyň zähmet hakyny geçirdiler. Bankomata baranymyzda bir günüň dowamynda müň manatdan artyk puly nagtlaşdyryp bolmaýandygyny bilip galdyk” diýip, aşgabatly mugallymlaryň biri Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

Ýeri gelende bellesek, ýurduň beýleki welaýatlarynda hökümetden aýlyk alyp işleýänleriň plastik kartlaryndan nagtlaşdyryp bolýan puluň möçberine has öňräkden çäk girizilip başlanypdy.

Mysal üçin, Daşoguzda bir günüň dowamynda 100 manatdan artyk puly nagtlaşdyryp bolmaýan bolsa, Balkanyň şäherdir etraplarynda bu 300 manada deň.

Sandan çykan bankomat
Sandan çykan bankomat

Şol bir wagtda, nagtlaşdyryp bolýan pula girizilen çäkler bilen, bankomatlarda pullaryň gutaryp galmagy ýa bolmasa, umuman, bankomatlaryň ýetmezçilik etmegi ýaly ýagdaýlaryň hem saklanyp galýandygyna üns çekilýär.

“Gazananja bäş şaýyňy almak üçin hem tutuş şäheri söküp, puly gutarmadyk ýa-da işleýän bankomaty tapmaly bolýarys” diýip, aşgabatly mugallym Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

Galyberse-de, türkmenistanlylaryň gazanan zähmet haklaryny nagtlaşdyryp bilýän möçberine girizilen çäkler, ýurtda azyk harytlaryň gymmatlan ýa hut gytalan döwrüne gabat geldi.

XS
SM
MD
LG