Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tirkeş Tyrmyýewiň ykbaly henizem nämälim


Aşgabatly aýal: "Türmä düşen ilkinji ýylynda ejesi ony birje gezek gördi, gaýdyp görmedi. Soň görkezmediler".
Aşgabatly aýal: "Türmä düşen ilkinji ýylynda ejesi ony birje gezek gördi, gaýdyp görmedi. Soň görkezmediler".
2002-nji ýylyň mart aýynda Türkmenistanyň serhet gullugynyň şol wagtky başlygy general-maýor Tirkeş Tyrmyýew tussag edilip,oňa uzak möhletleýin türme tussaglygy berlipdi. Tirkeş Tyrmyýewiň şonda Nyýazowyň görkezmesi bilen Milli Howpsuzlyk ministrliginiň onlarça ofiserini tussag etmek boýunça geçirilen çäreleriň barşynda tussag edilendigi barada-da maglumatlar bar.

Azatlyk Radiosy Tirkeş Tyrmyýewiň ýagdaýy bilen gyzyklanyp, onuň ýakyn garyndaşlarynyň biri bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Siz Tirkiş agany iň soňky gezek haçan gördüňiz?

Aşgabatly aýal: 2002-nji ýylda tutuldy. Biz şonda ony iýun ýa-da iýul aýlarynda gördük. Şondan soň görmedik. Türmä düşen ilkinji ýylynda ejesi ony birje gezek gördi, gaýdyp görmedi. Soň görkezmediler.

Azatlyk Radiosy: Türmä barmaga, onuň bilen duşuşmaga mümkinçilik döredilenokmy?

Aşgabatly aýal: Ýok, şoň-a döretmediler.

Azatlyk Radiosy: Eger bu barada häkimiýetlere ýüzlenseňiz, näme diýýärler?

Aşgabatly aýal: Anyk jogap berip bilýän adam ýok. Her ýere ýüz tutup gördük. Ýöne bize hiç hili mümkinçilik döredilmedi. “Amnistiýa kararyna garaşyň” diýdiler. Şondan başga jogap bolmady.

Azatlyk Radiosy: Onda Tirkiş aganyň özi, onuň saglyk ýagdaýy barada nähilidir bir maglumat alyp bilýäňizmi?

Aşgabatly aýal: O barada biz hiç zat bilemizok. Bilmämizsoň, onuň yzyndan elten zatlarymyzy geçirmäge, elten zatlarymyzy almaklaryna, hat-habar alyşmaga ýol açylmazmyka diýip, häkimiýetlere ýüz tutýarys.

Onuň ýagdaýyndan çagalarynyňam habary ýok, aýalynyňam habary ýok. Aýaly mundan bir ýyl owal yzyndan zat geçirdi. Şondan soň oňa zat geçirilmedi. “Iki aýdan bir gezek” diýseler-de, ondan soň zadam geçirip bolmady, hat-habaram bolmady. Hiç zat ýok. Yzyndan eltilýän zady bir ýyldan bäri alanoklar.

Azatlyk Radiosy: Siziň hökümetden isleýän zadyňyz näme?

Aşgabatly aýal: Biziň islegimiz onuň yzyndan eltilen zatlary alsalar ýa-da ony görkrzseler, iň bolmanda, hat-habar alyşdyrsalar, biz şo zatlary isleýäs. Arz edip, şol zatlaryň üsti bilen aýdaýmasak, biziň arzymyzy diňleýän adam ýok. Biz şoňa mejbur bolup durus.
XS
SM
MD
LG