Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow prezidentlige kandidatyň şahadatnamasyny kabul edip, ýurtdaky «saýlaw meselesini kämilleşdirmäge» çagyrdy. Merkezi saýlaw komissiýasy 24-25-nji dekabrda prezidentlige dört kandidaty hasaba aldy.
Döwlet baştutanynyň tassyklamagyna görä, türkmenler gadymy döwürlerde hem öz ýolbaşçylaryny «agzybirlik bilen, saýlaw esasynda, jemgyýetiň arasynda deňhukuklylyk we açyklyk esasynda saýlapdyrlar».
Türkmen mediasy Saýlawlary we sala salyşlyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň şenbe güni prezident Gurbanguly Berdimuhamedowy prezidentlige kandidat hökmünde «bellige alandygyny» habar berýär
Gelýän ýyl ikinji bäş ýyllyk möhleti tamamlanmaly Berdimuhamedow 14-nji dekabrda, ýurduň dolandyryjy partiýasy tarapyndan, döwlet baştutanynyň wezipesine ýene bir möhlete kandidat görkezildi.
Konstitusiýanyň täze, rejelenen görnüşine görä, türkmen prezidentliginiň bir möhletibäş ýyl bolanlygyndan ýedi ýyla uzaldyldy.
Berdimuhamedow özüne prezidentlige kandidatyň şahadatnamasy gowşurylanyndan soň sözlän sözünde «saýlaw meselesini mundan beýläk hem kämilleşdirmegi» nesihat berýändigini aýtdy.
Ol saýlawlar hakyndaky pikirini dowam etdirip, türkmen halkynyň taryhynda hemişe demokratik ýörelgelere eýerilendigini belledi we bu sözüne delil edip,«Iliň güýji – siliň güýji», «Maslahatly biçilen don gysga bolmaz», «Halk aýtsa – galp aýtmaz» diýen nakyllary mysal getirdi.
Şeýle-de ol türkmenler «jemgyýetiň arasynda demokratik esaslara esaslanyp, hanlary, umuman beýleki kethudalary, arçynlary, miraplary hem aýdyňlyk, aç-açanlyk hem bäsleşik esasynda saýlapdyrlar» diýdi.
Prezidentlige dört kandidat hasaba alyndy
Türkmenistanda 2017-nji ýylyň 12-nji fewralynda geçmeli saýlawlarda bäsleşige çykjak dört kandidat hasaba alyndy.
TDH 25-nji dekabrda "Rysgal" paýdarlar täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy Bekmyrat Atalyýewiň, Agrar partiýanyň kandidaty, partiýanyň Mary welaýat komitetiniň başlygy Durdygylyç Orazowyň hem-de raýatlaryň inisiatiwa toparyndan hödürlenen kandidat, Azyk senagaty boýunça döwlet birleşiginiň başlygynyň orunbasary Maksat Annanepesowyň prezidentlige kandidatlyga hasaba alnandygyny habar berýär.
"Netijesi öňünden belli saýlawlar"
Türkmen režiminiň tankytçylary, hususan-da bosgunlykda döredilen Respublika partiýasynyň başlygy Nurmuhammet Hanamow Berdimuhamedowy, öňki prezident S.Nyýazow ýaly, kanunlary özi üçin üýtgedip, raýatlaryň saýlamak we saýlanmak hukuklaryny bozup, ömürlik prezident bolmak niýetinde aýyplaýar.
Prezident Berdimuhamedow geljek ýylyň prezidentlik saýlawlarynda ilkinji gezek üç sany syýasy partiýanyň hödürlän kandidatlarynyň dalaşgärlik edýändigine begenýändigini aýdyp, bu ýagdaýyň jemgyýetdäki aç-açanlyk, deňhukuklylyk ýagdaýyndan habar berýändigini öňe sürýär.
Emma muňa garamazdan, synçylar beýleki kandidatlaryň il içinde tanalýan syýasatçylar däldigini, şeýle-de olaryň Türkmenistandaky häzirki şertlerde metbugatda, saýlawçylar bilen duşuşyklarda açyk öz pikirlerini aýdyp, syýasy bäsdeşleriniň işini tankytlap, ýurtda dowam edýän ykdysady kynçylyklardan çykmagyň alternatiw ýollaryny teklip edip bilmejekdiklerini aýdýarlar.
Halkara hukuk toparlarynyň hasabatlarynda Türkmenistan esasy azatlyklary hemme taraplaýyn çäklendirýän, bir partiýa hem däl, eýsem bir adam tarapyndan dolandyrylýan ýurt hökmünde tankyt edilýär.
Türkmenistanda şu wagta çenli halkara guramalary tarapyndan azat we adalatly diýlip ykrar edilen ýeke saýlaw hem geçirilmedi.