Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan: Saýlawlarda nähili özgerişe garaşylýar?


Gypjakdaky saýlaw nokady, parlament saýlawlary, 15-nji dekabr, 2013.
Gypjakdaky saýlaw nokady, parlament saýlawlary, 15-nji dekabr, 2013.

Türkmenistanda ozalky prezidentlik saýlawlaryndan bäri syýasy sistemada birnäçe özgerişlik emele geldi.

Ýurtda syýasy partiýalaryň sany üçe ýetdi.

Konstitusiýa laýyklykda prezident wezipesine dalaş etmek hukugyna eýe bolan döwlet baştutany hiç bir syýasy partiýa wekilçilik etmezden, özbaşdak kandidat hökmünde çykyş edýär.

Bu şertler geljekki saýlawlara nähili täsir ýetirip biler?

Azatlyk Radiosy postsowet döwletleri boýunça orsýetli bilermen, Russiýanyň Ýokary ykdysady mekdebiniň Informasiýa, ykdysadyýet we syýasat boýunça fakultetiniň ýolbaşçylaryndan Abdreý Suzdaltsew bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanda soňky ýyllarda emele gelen köp partiýaly syýasy sistemanyň geljekki saýlawlara täsiri nähili bolar diýip pikir edýärsiňiz?

Andeý Suzdaltsew: Meniň pikirimçe, bu özgerişlikler Türkmenistandaky režimiň demokratiýalaşdyrylýandygyny görkezmek üçin edilýän bezeg çäresi bolup, ol ýurduň daşyna niýetlenýär. Birnäçe partiýanyň dalaşgäriniň gatnaşjagyny çak etmek mümkin. Prezidentiň özi-de hiç partiýa gatnaşygy bolman, özbaşdak kandidat bolup saýlawlara gatnaşar.

Men Türkmenistanda geçiriljek saýlawlar bilen Gazagystandaky we Belarusdaky saýlawlar arasynda meňzeşlik görýärin. Agzalan iki ýurtda saýlawlara birnäçe dalaşgär gatnaşan hem bolsa olar ygtyýarsyz boldy we nominal rol oýnady. Nazarbaýew we Lukaşenko özleriniň çylşyrymly syýasy göreşde ýeňiş gazanandygyny görkezmäge çalyşdylar.

Meniň pikirimçe, Türkmenistandaky häzirki syýasy şertler halka saýlamak üçin şertleriň we alternatiwanyň döredilýändigini görkezmek üçin niýetlenýär. Prezidentiň haýsy-da bolsa bir syýasy partiýa degişli bolmazlygy bolsa onuň diňe bir bitarap syýasy şahsyýet bolman, onuň syýasy we ideologik täsirlerden erkin we tutuş halka wekilçilik edýän bir adamdygy barada pikir döretmeli.

Şeýlelikde, Türkmenistanda awtoritar režimiň saklanmagyny duwlamak üçin alnyp barylýan syýasy oýun dowam etdirilýär.

Azatlyk Radiosy: Siz Türkmenistanyň saýlaw sistemasyny, syýasy şertlerini beýleki postsowet ýurtlaryndan tapawutlandyrýan nähili aýratynlyklary görýärsiňiz?

Andeý Suzdaltsew: Türkmenistanda milli parlamentiň syýasy proseslerdäki roly örän özboluşly. Üstesine, häkimiýetler Ýaşulular maslahaty ýaly täsin strukturalar arkaly halkyň ulyny hormatlamak ýaly däp-dessurlary öz bähbitleri üçin ulanyp gelýär. Prezidentiň özüne-de çakdan aşa hormat bildirmek adaty hem ýurtda häkimiýetiň bir adamyň elinde jemlenmegini pugtalandyrmak üçin niýetlenýär.

Türkmenistanyň parlamenti bolsa örän bakna. Şeýlelikde ýurtda demokratik institutlaryň ählisi bar ýaly welin, emma olar ýasama häsiýete eýe bolup durýar.

XS
SM
MD
LG