Türkmenistanyň hökümeti nobatdaky prezidentlik saýlawynyň 2017-nji ýylyň 12-nji fewralynda geçiriljekdigini yglan etdi. Gurbanguly Berdimuhamedow, gürrüňsiz ýeňiş gazanar we prezidentlik wezipesinde üçünji gezek galar. Eger kesellemese ýa-da ölmese.
Owalky geçirilen iki prezidentlik saýlawynda, ýagny 2007-nji we 2012-nji ýyllaryň fewralynda bolşy ýaly, bu gezek hem Gurbanguly Berdimuhamedow bilen bilelikde prezidentlige beýleki dalaşgär bolanlar hem halka aýan edilipdi. Owalky tejribelerden mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň raýatlaryna prezidentlige dalaşgär beýleki adamlar hakdaky maglumatlar gümürtik bolup galar.
Prezidentlik saýlawynyň kampanýasy we onuň netijesi, umuman aýdylanda, owalkylara meňzeş bolar. Ýatlap geçsek, 2007-nji ýyldaky prezidentlik saýlawynda Berdimuhamedow umumy sesleriň ýüzden 89 göterimini, 2012-nji ýylda bolsa eýýäm ýüzden 97 göterimini alypdy.
Owalkylar bilen bu ýylky prezidentlik saýlawynyň arasynda ullakan aratapawut bar, ýagny bu gezek Türkmenistanyň 25 ýyllyk garaşsyzlyk taryhynda ýagdaýlaryň iň ýaramaz wagtynda prezidentlik saýlawy geçiriler.
Elbetde, şeýle ýagdaýda Berdimuhamedowyň geljek ýylyň 12-nji fewralynda geçiriljek prezidentlik saýlawyna gatnaşmagy we öz "Arkadagyna" ses bermegi üçin saýlawçylara näme diýip, näme aýtjakdygy hemmeleri gyzyklandyrýar.
Prezidentiň öz saýlaw kampaniýasynda käbir möhüm pursatlaryň elden gidip biljeginden ynjalyksyzlanyp, hut onuň öz äheňinde, onuň deregine Türkmenistanyň başdan geçirýän ýagdaýlary barasynda bir çykyş taýýarlamak isledik.
Bellik: Türkmenistanyň häzirki ýagdaýy gaty çynlakaý we men muny gaty gowy bilýärin.
***
"Türkmenistanyň beýik hem çäksiz sabyrly halkyna salam!
Men siziň geljek prezidentlik saýlawyna gatnaşyp ses bermegiňiz üçin, haýyş bilen çykyş edýärin. Elbetde, men köp zady wada berip bilerin we aslynda olaryň käbiri dogrudanam hakykata öwrülip biler. Ýöne men bu gün öz prezidentlik döwürimde ýetilen ösüş sepgitleri barasynda söz açmak isleýärin.
Haçan-da men 2012-nji ýylda maňa ses bermegiňizi haýyş eden mahalym, biziň hemmämiz 2011-nji ýylda Bütündünýä bankynyň hasabatyna görä, ýurduň içerki makroykdysady girdeýji görkezijisiniň ýüzden 14,7 göterim ýokarlanandygyna şaýat bolduk. Häzir bolsa, eýýäm başga döwri başdan geçirýäris. Bütündünýä bankynyň hasabatyna görä, geçen ýylky ýurduň içerki makroykdysady girdeýji görkezijisi ýüzden 6,5 göterim boldy we bu ýyl bu görkeziji ýüzden 6,2 göterime çenli pese gaçyp biler.
Owalam belläp geçişim ýaly, şeýle-de beýleki resmileriň beýannamalaryna görä, bu pese gaçyşlygyň sebäpkäri hökümet däl, eýsem global ykdysady krizis. Ynha şeýle, daşarky ykdysady problemalar Türkmenistan üçin hem kynçylyklar döredýär.
Tebigy gazyň bahasy bäş ýyl mundan owal halkara bazardaky häzirki bahanyň iki essesinden hem ýokardady. Tebigy gazyň biziň ýeke-täk eksport baýlygymyz bolup durýandygyny size ýatladyp oturmagyma hem hajat ýok. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan 2012-nji ýylda tebigy gazyň eksport ugurlarynyň baýlaşdyrylmagy üçin tagallalar başlatdy. Biz tebigy gazy üç ugurdan eksport etdik. Biziň ondan daşaryn ýene iki ullakan täze bazara tebigy gaz gejirijisiniň gurulmagy barasynda planlarymyz bardy. Ýöne biz häzir tebigy gazy diňe iki ýurda eksport edýäris, ýagny Hytaý bilen Eýrana. Dostumyz Russiýanyň 2015-nji ýyldan başlap tebigy gazy Türkmenistandan däl-de, goňşymyz Özbegistandan aljagyny aýan etmegi bizi gynandyrdy.
Dogrusyny aýtsak, Hytaýa eksport edýän tebigy gazymyzyň girdeýjisiniň belli bir bölegi ol ýurtdan alýan milliardlarça dollarlyk karz pulumyzyň öwezine gidýär. Galyberse-de, Eýranyň tebigy gazyň deregine bize pul däl-de, haryt berýändigem bir hakykat.
Ýöne biz lapykeçlige boýun egmedik we Hindistana, şeýle-de Hazar deňzinden Azerbaýjana, ol ýerdenem, belki, Ýewropa bazarlaryna baryp ýetjek tebigy gaz geçirjisiniň gurluşyk maksatnamalaryndan ýüz öwürmedik. Bu planlaryň indi hakykada laýyk umyt berýändigini ýörite nygtamak isleýärin. Biziň "Transhazar" tebigy gaz geçirijisi bilen Ýewropa tebigy gaz eksport etmek barasyndaky ideiamyz, belki, Hazar deňzine kenarýaka goňşy ýurtlarymyz Russiýa bilen Eýranyň garşylyklaýyn pikirleri sebäpli amala aşman galyp biler. Biziň hökümetimiz we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TAPI) tebigy gaz geçirijisiniň Türkmenistandaky böleginiň alnyp barylýan gurluşyk işleri hakda maglumat bermegi dowam etdirýär. Biz, elbetde, şu wagt gurluşyk desgalarynyň suratlaryny görkezip bilmeris. Ýöne hökümet ol gaz geçirijiniň gurluşyk işleri barasynda alnyp barylýan işleri ýatlatmagy dowam eder. "TAPI" tebigy gaz geçirijisine "arzuw-hyýal" diýýänlere üns bermäň.
Mundan bäş ýyl owal Owganystanyň demirgazyk-günbatarynda parahatçylyk höküm sürýärdi. Häzir bolsa ýagdaý düýpgöter başgaça. Hut biziň serhetýaka sebitlerimizde aldym-berdimli uruşlar dowam edýär. Şonuň üçinem "TAPI" tebigy gaz geçirijisiniň Owganystan bölegindäki we şol sanda hem Pakistanyň Buluçystan sebitindäki gurluşyk işleriniň bir salym säginmegi ahmaldyr.
Owalam belläp geçişim ýaly, beýleki türkmen resmileriniň aýdan sözlerini ýene-de bir gezek gaýtalamak isleýärin, ýagny Owganystan serhet ýakamyz howpsuz we hiç hili problema ýokdur. Esgerleriň ýa-da serhetçileriň Owganystan serhedinde urşa gatnaşandygy ýa-da şol bir wagtyň özünde ölenleriň bolandygy barasynda aýdylan gürrüňlerine gulak asmaň.
BMG-da ykrar edilen biziň hoşmeýilli bitaraplyk syýasatymyz hemişe ýurdumyzyň iň gowy goragy boldy we häzir indi ol esasy kanun bilen ymykly berkidildi. Sentýabr aýynda esasy kanuna girizilen üýtgeşiklik bilen meniň prezidentlik wezipämiň owal bäş ýyl bolan möhleti ýedi ýyla uzadyldy.
"Türkmenistanyň ýeten sepgitleri"
Parahatçylyk barada kän zat aýtdyk, geliň, indi Türkmenistanyň soňky bäş ýylda ýeten sepgitleri barasynda gürrüň edeliň.
Owalam aýdypdyk, biz şeýle ösüş sepgidine eýe bolduk welin, indi döwlet öz raýatlaryna pul kömegini bermäge zerurlyk galmady. Türkmenistanyň halky indi mugt elektrik energiyýasyna, tebigy gaza we suwa mätäçlik çekmeýär. Şonuň üçinem bular golaýda tölegli ediler.
Biz ykdysady kynçylyklaryň hötdesinden gelmäge synanyşýarys. Siziň käbiriňiz golaýda işinden aýrylan bolmaly, ýagny ylaýta-da tebigy gaz we nebit pudaklarynda işleýänler. Daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri Türkmenistanda işsizligiň ýüzden 50 göterime baryp ýetýändigini öňe sürýärler. Daşary ýurt metbugaty we keseki guramalar muny nireden bilýärler? Prezidentligiň üçünji wezipe möhletinde hem biz olary ýurdumyza goýbermeris. Hökümetimiz owalkysy ýaly halanmaýan daşary ýurtlulara we şol sanda bitarap bolmaýan şeýle maglumatlary jemlemek üçin gelmäge synanşyk edýän betpällilere Türkmenistanyň wizasyny bermezlige dowam eder.
Biziň hökümetimiz Türkmenistandan maglumat edinmek isleýän başga ýurtlardaky adamlara gerek bolan faktlary we görkezijileri jikme-jik hödürleýändir. Hökümetiň internet sahypalarynda we döwletiň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde olaryň hemmesi görkezilendir.
Siziň käbiriňiz aýlygyny wagtynda alyp bilmeýär. Käbir halatlarda aýlyga birnäçe aýlap garaşmaly bolýar.
Men şu pursatdan peýdalanyp şeýle ýagdaýy başdan geçirýänlere aýratyn minnetdarlyk bildirmek isleýärin. Aýlyklaryňyzyň gijikmegi bilen biz, geljek ýyl ýurdumyzyň paýtagty Aşgabatda geçiriljek Uzak Gündogar söweş sungatynyň Aziýa olimpiýadasy üçin gurulýan möhüm desgalaryň gyssagly pul üpjünçiligini ýola goýýarys. Men ýogsa-da aýlyklar "tutulýar" diýdimmi? Bagyşlaň, ýöne ol pullary siz olimpiýada oýunlarynyň geçirilmegi üçin, gerek bolsan desgalara "meýletin" berdiňiz ahbetin. Resmileriň taýýarlap, size gol çekdiren resminamalarynda siziň olary "meýletin" berendigiňiz görkezilýär.
Türkmenistan gündelik durmuşda sarp edilýän köpsanly ýokary hilli önümleri öndürmegi dowam edýär. Köpiňiz dükanlaryň öňünde uzap gidýän nobatlary görensiňiz. Türkmenistanyň öz öndürýän önümleri şeýle gowy bolansoň, adamlar ondan özüne geregini almak üçin, şeýle nobatlary emele getirýärler. Ýöne şahadatnamaňyz ýanyňyzda bolsun haryt almaga giden mahalyňyz. Sebäbi biz her kimiň ol harytlardan özüne gerekli bolan mukdarda almagyny ýola goýmak üçin, gözegçiligi ýola goýarys. Azyk harytlarynyň ýetmezçilik edýändigi we bahalaryň ýokarlanandygy sebäpli meni "gerek bolan tagallany etmeýär" diýip aýyplaýanlara şeýle ýüzlenýärin: "Başga düşündirişe hajat ýok".
Siziň araňyzda çilim çekýänlere men owaly bilen "bu seniň saglygyňa zeper ýetirýär ahyryn, mundan utanaňokmy?" diýýärin. Men indi onuň üstüni şeýle ýetiresim gelýär ýagny siz mundan beýläk bir guty çilimi 20 dollardan arzan bahadan satyn alyp bilersiňiz. Bu aslynda birnäçe aý mundan owalkydan gowy baha. Size satylýan çilimleriň mukdaryny çäklendirýändigimiz dogry we elbetde, biz muny ýaramaz endige garşy edýäris.
Meniň size indi dollar aýlanyşygynyň gadagan edilendigini aýdyp oturmagyma hajat ýok. Hökümedimiz dollary çakdanaşa ýokary bahadan satýan bikanun bazary goldamak islemeýär. Türkmenistanyň hökümeti onuň resmi bahadan satylmagyny goldaýar, ýagny 1 amerikan dollary 3,5 manat.
Rugsat berseňiz, sözümi şeýle jemlemek isleýärin, ýagny şeýle agyr döwürde Türkmenistanyň daşyndaky ykdysady kynçylyklar hökümetiň ajaýyp maksatnamalary durmuşa geçirmek üçin çykdaýjy etmegine päsgelçilik döredip bilmedi. Ynha serediň Aşgabada -- "Ap-ak şäher". Ol 2013-nji ýylyň maý aýynda dünýädäki iň köp ak mermerli şäher diýen rekord bilen Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Muňa buýsanmalydyrys. Men bilýärin, ýagny siziň köpiňiz ol owadan jaýlarda ýaşamaýar ýa-da işlemeýär. Ýöne hany, aýdyň, ýogsa-da olar dogrudanam ajap gözel dälm?
Men ýene bir zady goşmak isleýärin, ýagny şäher görnüp duran sowadyjylar aýrylansoň hasam owadan görünýär. Olary ýerli häkimiýetler jaýlaryň daşyndan aýyrtdy. Olar bir ýylyň dowamynda diňe dört ýa-da bäş aý gerek bolýar, ýagny haçan-da howanyň gyzgynlygy 40 derejäni geçende. Her näme bolsa-da, ýylyň köp böleginde olar ulanylmaýar we hiç zada peýdasy ýok.
Hökümet sungaty goldamagy dowam edýär. Men siziň ynha şu "gullukçyňyzyň" 2015-nji ýylyň maý aýynda Aşgabadyň ortarasynda halk tarapyndan dikeldilen äpet atly heýkeliniň şähere başgaça görk berýändigini ýatlatmagyma zerurlyk ýok. Tylladan lowurdap duran at we onuň üstünde oturan meniň heýkelim, ýogsa-da, şol ýadygärlige aýratyn öwüşgin bermeýärmi?
Halkyň meniň täze kitaplarymy okamagy üçin, gaty köp yhlas bilen zähmet çekdim. Häzirlikçe olaryň sany 40. Diňe şu ýyl olardan ýedi sanysy çap edilip, halk köpçüligine ýetirildi. Şeýle-de men aýdym-saz ýazmak üçin, gaty köp zähmet çekdim we olary döwlet telekanallarynda siz üçin ýerine ýetirmäge dowam ederin.
Sözümiň ahyrynda, Türkmenistanyň halkyny emele getirýän; işleýän ýa-da işlemeýän, hökümetiň tarapdarymy ýa-da döwletiň hasabyna ruhy keselini bejerdýänlerdenmi, raýatlaryň bagtyýarlygy üçin döwletiň berýän goldawyndan siz hoşalmy diýip, siziň her biriňize ýüzlenýärin.
12-nji fewralda maňa - Gurbanguly Berdimuhamedowa ses beriň. Men siziň 10 ýyllap prezidentiňiz boldum we sentýabrda esasy kanuna girizilen üýtgeşiklik maňa ýene ençe ýyllap bu wezipäni ýerine ýetirmäge ygtyýar berdi.
Sag boluň we saýlaw gününde ses beriň! Eger siz muny etmeseňiz, onda biz muny hökman anyklarys!"