Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebapda mugallymlaryň aýlyklary gijikdirilýär


Türkmenabatda Bilim güni
Türkmenabatda Bilim güni

Türkmenistanda býujet edaralarynyň işgärleriniň bir böleginiň aýlyklarynyň aýlap gijikmegi dowam edýär.

Soňky gowşan maglumatlara görä, Lebap welaýatynda käbir mekdepleriň mugallymlary aýlyklaryny alan-da bolsalar, aglaba mekdepleriň pedagoglarynyň, çagalar baglarynyň işgärlerine çenli, iýul, awgust aýlarynyň aýlyklaryny henizem alyp bilmeýändigi aýdylýar.

«Käbir mekdeplerde hatda otpuska puluny, tölegli zähmet rugsadynyň haklaryny hem almadyk mugallymlar bar» diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran lebaply raýat Azatlyk radiosyna aýtdy.

Adam hukuklaryny goraýan «Türkmen inisiatiwasy» topary öz çeşmelerine salgylanyp, býujet edaralarynyň işgärleriniň aýlyklarynyň diňe Lebap däl, Mary welaýatynda hem azyndan iki aý bäri gijikdirilýändigini habar berýär.

«Türkmenistanyň Hronikasy» websaýty Lebap we Mary welaýatlarynda mugallymlar bilen bir hatarda polisiýa, saglyk işgärleriniň hem aýlyklarynyň gijikdirilýändigini habar berýär.

Hasaplamalara görä, Türkmenistanda býujetden aýlyk alýan raýatlaryň iň köp bölegi magaryf işgärleri bolup durýar.

Azatlyk radiosynyň Lebapdaky ynamdar çeşmesiniň maglumatyna görä, kä mekdeplerde mugallymlaryň aýlyklary 40 prosente, käsinde bolsa 30 prosente çenli berlipdir.

Ýöne ol käbir ýagdaýlarda döwlete degişli, hojalyk hasaplaşygyndaky edaralarda hem aýlyklaryň gijikdirilýändigini, mysal üçin, «Türkmengazyň» kärhanalarynyň işgärleriniň hem aýlyklaryny aýlyp bilmeýändiklerini aýtdy.

Azatlygyň Marydaky habarçysynyň tassyklamagyna görä, bu ýerde hem hojalyk hasaplaşygyndaky kärhanalaryň işgärleri aýlyklaryny üç-dört aý bäri gijigip alýarlar. Şeýle-de ol gurluşyk edaralarynyň, saglyk işgärleriniň hem aýlyklarynyň gijikdirilip berilýändigini aýtdy. Ýöne ol mugallymlaryň, polisiýa işgärleriniň aýlyklarynyň 2-3 aý gijikdirilmeýändigini, ozal olar her aýyň ortalaryna aýlyk alýan bolsalar, indi aýyň soňuna alýandyklaryny gürrüň berdi.

Marydaky habarçymyz dynç alşa gidýänleriň aýlyk töleg pullarynyň biraz gijikdirilýändigini hem sözüne goşdy.

«Aýlyklaryň okuw ýylynyň başlanmagynyň öň ýanynda iki aýlap berilmezligi çagalaryny mekdebe iberýän adamlar üçin has kän kösençlik döretdi, sebäbi adamlar çagalaryny mekdebe taýýarlamak üçin bir topar artykmaç çykdajy etmeli bolýar» diýip, lebaply çeşme aýtdy.

Adam hukuklaryny goraýan «Türkmen inisiatiwasy» topary Lebapda käbir mugallymlaryň topar tutup, aýlyklaryny sorap, etrap maliýe bölümlerine barýandyklaryny ýazýar.

«Olara, gowy bolanda, gelýän pullaryň ilkinji nobatda pensiýa we maýyplara hem çagalara berilýän kömek pullaryny tölemäge gidýändigini aýdýarlar» diýip, adam hukuklaryny goraýan topar belleýär.

Mundan ozal Türkmenistanda aýlyklaryň bank hasaplaryna geçirmek arkaly tölenmegi, şol bir wagtda bankomatlarda ýeterlik nagt puluň bolmazlygy zerarly kynçylyklar habar berlipdi. Soňra döwlet eýeçiligindäki banklarda we alyş-çalyş nokatlarynda dollaryň we ýewronyň resmi söwdasy çäklendirildi.

Soňy bilen Türkmenistanda manady daşary ýurt walýutasyna çalyşmak, daşary ýurtdan walýuta getirmek ýa daşary ýurda walýuta çykarmak berk çäklendirildi we dollaryň bir zaman ýatan gara bazary gaýtadan janlandy. Şol bir wagtda, ykdysady kynçylyklar bilen baglylykda, ozal çişirilen hasaplanan iş orunlaryny ýapmak, käbir oba-etraplary birikdirmek, döwlet serişdelerini tygşytlamak tagallalary dowam edýär.

Bu tygşytlaýyş hatda, her ýyl çagalara prezidentiň adyndan mugt berilýän noutbuklaryň hem oýunjak kompýuterler bilen çalşyrylmagyna alyp geldi diýip, ýerli çeşmeler we adam hukuklary topary habar berýär.

Magaryf işgärleriniň biri Azatlyk radiosy bilen söhbetdeşlikde aýlyklaryň gijikmeginiň pagta ýygym möwsümine gabat gelmeginden hem alada bildirdi. Onuň sözlerine görä, bu ýyl hökümet ýyglan pagtanyň her kilosyna 40 teňňe pul tölemegi wada berdi we heniz Türkmenistan garaşsyz bolaly bäri pagtaçylara beýle uly töleg edilmändi.

«Eger hökümet beren wadasynda tapylsa, bu şu aýda banklarda dolanyşyga goýberilýän puluň esli böleginiň pagtaçylara gitjekdigini, mugallymlara ýetmejekdigini aňladýar» diýip, türkmenistanly mugallym aýdýar.

Türkmen resmilerinden aýlyklaryň gijikmegi bilen bagly düşündiriş almak başartmady.

XS
SM
MD
LG