Türkmenistanda daşary ýurtdaky türkmen talyplaryna banklaryň üsti bilen pul ugratmak düzgünlerine goşmaça çäklendirmeler girizildi. Mundan beýläk daşary ýurtlara pul ibermäge mümkinçilik berýän welaýat bankynda günüň dowamynda diňe 10 adam daşary ýurtdaky talyplara maliýe serişdesini ugradyp biler.
Ýerli ýaşaýjylaryň Azatlyk Radiosynyň habarçylaryna gürrüň bermegine görä, daşary ýurtda çagalary okaýan ene-atalar, öz çagalaryna pul iberjek bolanlarynda, birnäçe gün öňünden banklaryň gapylaryny “garawullap” durmaga mejbur bolýarlar.
Tejenli Eneş daýza, iki günläp gijeleri bilen nobata durup, diňe şondan soň Belarusda okaýan ogluna pul ugradyp bilendigini aýdýar.
"Änewdäki Senagat bankynyň agzynda telim adam bar. Bank işgärleri 10 adamdan soň, 'Bu günlükçe planymyz doldy’ diýip, daşary ýurtlarda okaýan ogul-gyzlaryna pul ugratmakçy bolýanlary kabul etmegi bes edýärler. Hiç hili resmi sanaw hem ýöredilmeýär” diýip, Eneş daýza başdan geçiren ýagdaýlaryny gürrüň berýär.
40 ýaşlaryndaky Eneş daýzanyň aýtmagyna görä, agzalýan çäklendirme barada banklarda diňe dil üsti bilen habar berilýär, bu barada degişli resmi bildiriş asylan ýeri ýok.
Azatlyk Radiosynyň, gürrüňi gidýän banklaryň jogapkärleri bilen habarlaşyp, ýagdaýy aýdyňlaşdyrmak synanyşyklary hiç bir netije bermedi.
Gepiň gerdişine görä ýatlatsak, bu Türkmenistandan daşary ýurda, hususan-da, daşary ýurtdaky talyplara pul ugratmak bilen bagly girizilen çäklendirmeleriň iň soňkusydyr.
Şu ýylyň başyndan başlap ýola goýlan täze düzgünlere görä, daşary ýurtda bilim alýan çagasyna pul ugratmakçy bolýan ene-ata bankyň üsti bilen her aýda diňe 1000 dollar möçberinde pul geçirip bilýär.
Bu çäkli puly geçirmek üçin hem ene-ata ugradýan pulunyň möçberinde aýlyk alýandygy barada işinden ýörite güwanama görkezmeli. Ýagny, ene-atalar diňe öz alýan aýlyk hakynyň ýa-da pensiýasynyň möçberiniň çägindäki derejede pul ugradyp bilýärler.
Bulardan başga-da ene-atalar bank işgärlerine daşary ýurtdaky çagalarynyň dogluş hakyndaky şahadatnamasynyň göçürmelerini hem görkezmäge borçly edildiler.
Şol bir wagtda-da hossalarlary studentlere diňe özüniň ýazgyda duran welaýatynyň banklarynyň üsti bilen pul ugradyp bilýärler.
Tejenli Eneş daýza puly ugratmak üçin özüniň ilki paýtagta gelendigini, Aşgabatda ýazgysy bolmansoň, Aşagabatda kabul edilmändigini, şol sebäpden soňra özüniň Änewdäki banka gitmeli bolandygyny aýtdy.
“Bu puly her bir bankdan hem ugradyp bolmaýar eken. Etrap ýaşaýjylary ençeme ýüz kilometri söküp, welaýat merkezlerindäki banklara barmaly bolýarlar. Öýüňi taşlap, işiňden galyp, sergezdan bolup aşmaly bolýar-da... Alaç barmy?!” diýip, ogluna 300 dollar geçiren Eneş daýza gürrüň berdi.
Ýaşaýjylar daşary ýurtdaky türkmen talyplaryna pul ugratmak bilen bagly girizilen ýokarky çäklendirmeler sebäpli, öz çagalaryna wagtynda pul ugradyp bilmeýändiklerini, bu ýagdaýdan hem çagalarynyň, hem özleriniň kösenýändiklerini aýdýarlar.
Maryly ildeşimiz Agajuma aga bu çäklendirmeleriň çagalarynyň geljekki ykballaryna hem täsir etjekdigini aýdyp, nägileligini bildirýär: “Ýokardakylar [häkimiýetler] nirä seredýärler? Biz-ä bu düzgünlere haýrandyrys. Bular çagalaryň geljegine böwet bolýarlar. Bu kynçylyklary döwletiň özi döredýär”.
Resmi häkimiýetler ýa-da habar serişdeleri daşary ýurtda okaýan türkmenistanly studentlere pul ugratmak bilen bagly girizilen täze çäklendirmeler barada häzirlikçe nähilidir bir düşündiriş bilen çykyş edenoklar. Degişli ýolbaşçylar bu barada Azatlyk Radiosyna kommenatariý bermekden hem ýüz öwürdiler.