Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedowyň 29-njy awgustda Germaniýa sapar etmegine garaşylýar.
Germaniýanyň kansleriniň metbugat-gullugynyň aýtmagyna görä, Türkmenistanyň prezidentiniň bu iş sapary Angela Merkeliň çakylygy boýunça amala aşyrylýar.
G.Berdimuhamedowyň Berlinde Germaniýanyň kansleri Angela Merkel we beýleki resmiler, şeýle-de ýerli biznesmenler bilen duşuşyk geçirjekdigini garaşsyz habar serişdeleri aýdýarlar.
Adam hukuklaryny goraýjy “Human Rights Watch” guramasy türkmen prezidentiniň saparynyň öňüsyrasynda Germaniýanyň häkimiýetlerini Türkmenistanda adam hukuklary meselesine üns bermäge çagyrdy.
“Germaniýanyň kansleri Angela Merkel Türkmenistanda adamlaryň zor bilen ýitirim edilmeginiň soňuna çykmagy we ýurtdaky beýleki adam hukuklary problemalaryny çözmegi üçin türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa basyş etmeli” diýlip, “Human Rights Watch” guramasynyň 25-nji awgustda ýaýradan beýannamasynda bellendi.
Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan “Human Rights Watch” guramasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça bölüminiň müdiri Hýu Williams Germaniýanyň Türkmenistana basyş etmek üçin degerli täsiriniň bardygyny belledi.
“Meniň pikirimçe, Germaniýanyň Türkmenistanda täsiri bar. Kansler Merkel möhüm ýewropaly lider, Türkmenistan soňky birnäçe ýylda adam hukuklary bilen bagly ýagdaýy gowulandyrmak boýunça tagalla edýändigini kagyz ýüzünde görkezmäge çalyşdy. “Human Rights Watch” we beýleki guramalar Türkmenistanda iş ýüzünde öňegidişligiň bolandygyna ynamsyz garaýarlar, şol bir wagtda-da häzirki pursat türkmen prezidentine we onuň hökümetine takyk iş görkezmäge mümkinçilik döredýär”.
Hýu Williams kansler Merkeliň türkmen prezidenti bilen gepleşiklerde ykdysady gatnaşyklary we geosyýasaty öz içine alýan gün tertibiniň düzüminde Azatlyk Radiosynyň habarçysy Saparmämmet Nepesgulyýewiň Türkmenistanda tussag edilmegine we onlarça adamyň türkmen türmelerinde ýitirim bolmagyna degişli problemalary maslahat etjegine ynam baglady.
Germaniýanyň resmileriniň metbugat gullugy hökümetiň Nepesgulyýewiň ykbaly we adam hukuklary bilen bagly meseleleri ileri tutýandygyny, emma munuň nähili ýagdaýda gozgaljagy barada öňünden aýdyp bilmejegini Azatlyk Radiosyna aýtdy.
Adam hukuklaryny goraýjy guramalar Türkmenistanyň başga pikirdäki adamlara çydamsyz, media serişdelerine gözegçilik edýän we raýatlarynyň daşary ýurda gitmegini öz islegine görä gadagan edýän dünýäniň iň ýapyk we repressiw ýurtlarynyň biridigini belleýärler.
Türkmenistanyň prezidentiniň Germaniýa ozalky sapary 2008-nji ýylyň noýabr aýynda bolupdy. Gepleşikleriň gün tertibinde esasan ykdysady hyzmatdaşlyk we biznes gatnaşyklary ara alnyp maslahat edilipdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow şol resmi saparynyň çäginde Germaniýanyň biznes wekilleri bilen hem duşuşypdy, “Siemens” kompaniýasynyň Mýunhendäki sergisine gatnaşypdy.
2009-njy ýylda Türkmenistan bilen strategiki partnýorlyk barada dokumente gol çeken “Siemens” Türkmenistanyň telekommunikasiýa, nebit-gaz, saglygy saklaýyş we beýleki pudaklarynda millionlarça dollarlyk onlarça proýekti amala aşyrýar.
Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow we Germaniýanyň kansleri Angela Merkel geçen gezek Gazagystanyň paýtagtynda ÝHHG-niň sammitiniň çäginde duşuşypdy.