Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

HRW: Nepesgulyýew meselesinde ÝB, Germaniýa basyş etmeli


Saparmämmet Nepesgulyýew
Saparmämmet Nepesgulyýew

Azatlyk Radiosynyň habarçysy Saparmämmet Nepesgulyýewiň Türkmenistanda tussag edilenine tegelek bir ýyl doldy. Azatlyk Radiosynyň we “Türkmenistanyň alternatiw täzelikleri” neşiriniň habarçysy Nepesgulyýew geçen ýylyň 7-nji iýulynda Awazada žurnalistika işi bilen baglylykda maglumat toplaýarka ýitirim edilip, soňra 31-nji awgustda ýapyk sud arkaly üç ýyllyk türme tussaglygyna höküm edildi. Oňa neşeli dermanlary saklamakda günä bildirildi.

Azatlyk Radiosyna mälim bolşuna görä, Nepesgulyýew myhmanhanadaky otagynda howpsuzlyk gulluklarynyň wekilleri tarapyndan tussag edilipdir.

Azatlyk Radiosy we adam hukuklaryny hem žurnalistleriň haklaryny goraýan guramalar Nepesgulyýewiň dessine boşadylmagyny talap edip, Türkmenistanyň prezidentine ýüzlendiler.

Bu kampaniýa gatnaşýan 13 guramanyň biri adam hukuklaryny goraýjy "Human Rights Watch" guramasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça bölüminiň müdiri Hýu Williams türkmen häkimiýetleriniň halkara jemgyýetiçliginiň talaplaryny berjaý etmegine umyt baglanýandygyny aýtdy.

Hýu Williams: Bu Türkmenistanda häkimiýetleriň adam hukuklaryny depelemeginiň gözçykgynç bir mysalydyr. Bu ýagdaý Türkmenistanda adam hukuklarynyň aýylganç bir ýagdaýda galýandygyny ýene bir gezek görkezýär. Nepesgulyýewiň tussag edilmeginiň sebäpleri subut edilmedi, oňa ýöňkelen neşeli serişdeler bilen bagly aýyplamalar esassyz.

Biz Türkmenistanyň häkimiýetleriniň ony dessine boşatmagyna garaşýarys. Ol aslyýetinde tussag edilmeli däldi, emma onuň tussag edilmeginiň ýyl dönüminde biz öz aladalarymyzy mälim edýäris we boşadylmagyny talap edýäris. Biz Nepesgulyýewe garşy gozgalan işiň ýatyrylmagyny hem talap edýäris. BMG-niň Eden-etdilikli tutha-tutluklara garşy işçi topary Nepesgulyýewiň boşadylmalydygy we tussaglykda geçiren döwri üçin oňa kompensasiýa tölenmeli diýen netijä geldi.

Azatlyk Radiosy: Nepesgulyýewiň tussag edilmegi, Merkezi Aziýada žurnalistlere edilýän basyşlaryň bir mysalydyr. Žurnalistleri, aktiwistleri netijeli goramak üçin halkara jemgyýetçiligi nähili takyk çäre görüp biler?

Hýu Williams: Biz öz açyk hatymyzda Nepesgulyýewiň tussaglygyna köpçüligiň ünsüni çekýäris. Biz Türkmenistandaky ýagdaýyň halkara derejesinde üns merkezine düşjegine umyt baglaýarys. Şeýle-de bu çäre arkaly Nepesgulyýewiň işine Türkmenistan bilen diplomatik gatnaşyklary saklaýan hökümetleriň ünsüni çekýäris. Ýewropa Bileleşigini we Germaniýany mysal hökmünde getirmek mümkin. Ýewropa Bileleşigi Türkmenistan bilen dürli derejelerde gatnaşyk alyp barýar. Diýmek, olar Türkmenistandaky adam hukuklaryna degişli örän erbet ýagdaýa täsir etmeli we Nepesgulyýewiň tussaglygy meselesini Türkmenistan bilen öz diplomatik gatnaşyklarynyň gün tertibinde ýokary derejede gozgamaly.

Türkmenistanyň prezidenti awgustyň aýagynda Germaniýa sapara geler. Germaniýa Türkmenistanyň prezidentiniň öz saparyndan öň Nepesgulyýewi boşatmagyny talap etmeli. Germaniýa Nepesgulyýewi boşatmak we beýleki tussaglar barada maglumat bermek meselesinde Türkmenistana täsir ýetirip bilerdi. Bu amala aşyrylmagy mümkin bolan takyk ädimleriň biridir.

XS
SM
MD
LG