Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow türkmen kärdeşi Reşit Meredow bilen telefonda gürleşdi. Bu barada Orsýet DIM-iniň metbugat gullugy habar berýär.
«Taraplar telefon gürrüňiniň dowamynda Hazar sebitinde özara hyzmatdaşlyk, şeýle-de gün tertibiniň aktual meseleleri, şol sandasöwda-ykdysady we ynsanperwerçilik ugurlaryndaky hyzmatdaşlyk barada pikir alyşdylar» diýip, habarda aýdylýar.
Telefon gürrüňi rus tarapynyň inisiatiwasy esasynda geçirilipdir.