Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabat: Häkimiýetler kiçi dükanlara azyk satmazlygy tabşyrdy


Hususy dükan, Aşgabat
Hususy dükan, Aşgabat

Aşgabadyň azyk satylýan kiçi dükanlaryna 10 günüň dowamynda paýtagtyň degişli edarasyna öz söwda rugsatnamalaryny tabşyrmak barada resmi talapnama gowşuryldy.

Aşgabadyň ýaşaýjysy ýazyjy Amanmyrat Bugaýewiň sözlerine görä, Jemagat hojalygy ministrliginiň bu talapnamasy 2-nji we 3-nji awgustda paýtagtda ýaşaýyş jaýlaryň ýerzeminlerinde we ýarym ýerzeminlerinde ýerleşýän kiçi dükanlaryň ählisine gowşurylypdyr.

Talapnamada arassaçylyk kadalary agzalýar we dükanlardan azyk harytlarynyň satuwdan doly aýrylmagy, şeýle-de dokumentleriň yzyna tabşyrylmagy talap edilýär.

Talapnamanyň mazmuny

Amanmyrat Bugaýewiň sözlerine görä, talapnamanyň mazmuny şeýle: “Türkmenistanyň Jemagat hojalygy ministrliginiň Jemagat hojalygynyň kärende müdirligi ýaşaýyş jaýlaryň ýerzeminlerinde we ýarym ýerzeminlerinde sanitariýa kadalaryna laýyk gelmeýändigi sebäpli, azyk harytlaryny 10 günüň dowamynda satuwdan aýyrmagyňyzy sizden soraýar we kärende şertnamasynyň ulanyş maksadyny başga iş görnüşe üýtgetmek üçin resminamalaryňyzy tabşyrmagyňyzy soraýar”.

Amanmyrat Bugaýew Azatlyk Radiosyna, dükan eýelerine gol çekdirilip, gowşurylan bu resmi talapnamada arassaçylyk düzgünleriniň berjaý edilmändigi sebäp hökmünde görkezilse-de, düzgün bozmalaryň bolandygyny subut edýän takyk delilleriň getirilmändigini we muny anyklamak boýunça synanyşyklaryň hem netije bermändigini gürrüň berdi.

Amanmyrat Bugaýew şeýle gürrüň berýär: “Ýerzeminlerdäki azyk harytlaryň zaýalanandygy hakynda metbugatda habar berlen bolsa, ýa-da talapnamanyň gapdalynda şäheriň Sanepidemstansiýasynyň haty goşulan bolsa bolardy, emma beýle zat ýok diýip, dükan eýeleri aýdýarlar”.

Kiçi dükanlaryň ýagdaýy

Türkmenistanyň paýtagtynda, esasan-da, köp ilatly etrapçalarda ýerleşýän kiçi dükanlaryň ýapylmagy bilen bagly ýagdaýlar yzygiderli gaýtalanýar. Häkimiýetleriň köplenç dil üsti bilen edýän talaplaryna laýyklykda ýapylýan kiçi dükanlardan käbiri birnäçe wagtdan soň ýene açylýar, käbiri bolsa azyk söwdasyndan el çekip, söwda ugruny üýtgedýär.

Aşgabatda ýerzeminlerde we ýarymýerzeminlerde ýerleşýän kiçi dükanlaryň sany resmi çeşmelerde görkezilmeýär. Käbir garaşsyz maglumatlarda paýtagtda müň çemesi dükanyň işleýändigi aýdylýar.

Amanmyrat Bugaýew kiçi dükanlaryň ýapylmagynyň ýerli ýaşaýjylara dürli oňaýsyzlyklary döredýändigini gürrüň berdi: “Edil şu wagt Aşgabadyň ýagdaýlaryndan habar tutsak, köçe başyna diýen ýaly ýapyk dur. Meselem, uly magazinlere gitjek bolsalar, 10-12 manat çykdajysy bolmaly, awtobusa münmeli, awtobus hem aýlanyp gelýär. Azyk almak üçin gitseň dükana, alanyňdan soň hem zaýalanjak harytlar bar, taksi tutup gaýtmasaň bolanok. Taksiler hem aýlanyp gelmeli bolýar, köçeleriň köpüsi ýapyk dur. Ine, şunuň ýaly, adamlar üçin uly horluk”.

Azyk elýeterliligi

Soňky ýyllarda Türkmenistanda ilat köpçüligine hem baha, hem ýerleşýän ýeri nukdaýnazardan amatly we elýeterli söwda nokatlarynyň ençemesi ýapyldy. Diňe Aşgabadyň özünde bir ýylyň dowamynda ençeme bazar, onlarça kiçi dükan ýok edildi.

Aşgabadyň häkimiýetleriniň ýerzeminlerdäki kiçi dükanlaryň azyk harytlaryň söwdasyny bes etmegini talap edýän soňky karary ýurtda azyk önümleriniň gymmatlan döwrüne gabat geldi. Käbir maglumatlara görä, soňky hepdelerde tutuş ýurt boýunça azyk harytlarynyň bahasy, ortaça alnanda 30% çemesi ýokarlandy.

XS
SM
MD
LG