Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Şabunts: Haýwanlar çagalaryň öňünde öldürilýär


Aşgabadyň köçeleriniň birindäki öýsüz it.
Aşgabadyň köçeleriniň birindäki öýsüz it.

Şu günlerde, Türkmenistanyň prezidneti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Mary welaýatyna saparynyň öňýanynda, ýerli häkimiýetler tarapyndan welaýatdaky öýsüz-öwzarsyz haýwanlaryň atylyp öldürilýändigi habar berilýär.

Azatlyk Radiosy Türkmenistanda öýsüz haýwanlaryň öldürilmegi we bu çäräniň nähili ýygylykda amala aşyrylýandygy barada, türkmenistanly graždan aktiwisti Nataliýa Şabunts bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanda öýsüz haýwanlaryň öldürilmegi bilen baglanyşykly çäreler nähili ýagdaýlarda we nähili ýygylykda amala aşyrylýar?

Nataliýa Şabunts: Bilýäňizmi? It-güjüklere garşy gazaply çäreler öňki prezident Saparmyrat Nyýazow aradan çykandan soň, häzirki prezident (G.Berdimuhamedow) ilkibada haýwanlary öz gününe goýdy. Biz şonda örän begendik. Soňra bolsa, hemme zat öňküsindenem beterleşip, wagşy görnüşde gaýtadan başlandy. Dört aýagynyň üstünde ýöreýän jandarlar awlanyp başlandy. Indi haýwansöýerler ýa-da haýwan eýeleri ýurtda geçirilýän her baýramçylyk dabarasyna gorky bilen garaşýarlar. Sebäbi her baýramçylykda ýa-da ýurda myhman gelende (haýwanlar) köpçülikleýin ýok edilýärler. Öň bu çäre kiçi çäkde amala aşyrylan bolsa, häzir ýagdaý düzgüne öwrüldi. Ýurt baştutanynyň etjek saparynyň öňýanynda, häkimiýetler öýsüz haýwanlary ýok edýärler.

Men haýwan eýeleriniň bu çäräniň amala aşmagyna ýol berip, öz haýwanlaryny halas etmeýändigine örän gynanýaryn. Haýwanlar eýmendiriji we nejis görnüşde dürli usullarda zäherlenip ýok edilse, onda ol başga gürrüň we mundan gaçmak, goranmak aňsat däl. Ýöne häzirki wagt haýwanlar daşlanyp, atylyp ýa-da demir bilen ýenjilip öldürilýär. Şeýle ýagdaý Aşgabatda ýygy-ýygydan bolýar.

Köp halatlarda, ýaşaýjylar tarapyndan naharlanan it-pişikler çagarlaryň gözüniň alnynda öldürilýär. Mundan soň, käbir çagalara psihiki taýdan saglyk bejergisi zerur bolýar. Häzirki wagtda haýwanlary öldürmek çäresi örän ýokary ýygylykda alnyp barylýar.

Azatlyk Radiosy: Nataliýa, bilşimiz ýaly Türkmenistanda baýramçylyklar ýa-da täze desgalaryň açylyş dabaralary ýygy-ýygydan geçirilýär. Şu nukdaýnazardan seretsek, haýwanlary öldürmek çäresi-de ýygy geçirlýän bolsa gerek?

Nataliýa Şabunts: Bilýäňizmi? Bu yzygiderli alnyp barylýan tejribe. Ýöne Aşgabatda, umuman aýdanymyzda, öýsüz-öwzarsyz haýwanlar galmady diýen ýaly. Şuňa meňzeş tejribe soňky gezek Çoganlyda adamlaryň jaýlary köpçülikleýin ýykylan mahaly boldy. Şonda jaý eýeleri it-pişiklerini şol ýerde taşlap gaýtmaga mejbur boldular. Bu sebitdäki jaý ýykyşlyk tamamlanandan birnäçe gün soň, adamlar şol ýere baryp, olary naharlamak üçin iýmit goýdular. Emma ol ýerde haýwanlar ýokdy. Biz ol ýerden birneme daşlaşanymyzdan soň, it-güjükler buky ýerlerinden çykyp, biziň goýan naharlarymyzy iýip başladylar. Bu waka bir aý çemesi dowam etdi. Ýöne biziň polisiýa işgärlerimiz olardan hem dynmagy başardylar. Şol ýerdäki itleriň ählisi ýok edildi. Biziň ýurdumyzda öýsüz haýwanlary köpçülikleýin görnüşde ýok etmek çäresi alnyp barylýar.

Azatlyk Radiosy: Nataliýa, eýesiz haýwanlary öldürmek işine haýsydyr bir döwlet guramalary, gigiena işgärleri gatnaşýarmy?

Nataliýa Şabunts: Meniň pikirimçe, bu çärä örän köp adam gatnaşýar. Olar esasan kommunal hojalyk gullugynyň işgärleridir. Olaryň öňünde ýok edilmeli haýwanlaryň sany boýunça ýörite plan goýulýar hem-de olara pul tölenýär. Olara ortaça 50 manat berilýär. Emma baýramçylyklaryň öňýanynda, bu çäre köpçülikleýin görnüşde alnyp barlyp, oňa kommunal hojalyk gullugyň, öý uprawleniýesiniň işgärleri-de gatnaşýarlar.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanda öýsüz haýwanlar boýunça ýörite gulluklar barmy?

Nataliýa Şabunts: Meniň bilşime görä ýok. Elbetde, bu barada anyk maglumat aýtmak kyn. Sebäbi ilata maglumat berilmeýär. Ýöne bizde eýesiz haýwanlary saklamak üçin, ýörite gullugyň bolmaýşy ýaly, bu ugur boýunça işleýän ýörite gulluk hem ýok.

Aşgabadyň eteginde haýwanlar üçin niýetlenen birnäçe ýörite goraghanalar, jaýlar bar. Şol jaýlaryň eýeleri öýsüz haýwanlary meýletin ýygnaýarlar. Ýöne men munuň nirededigini aýdyp biljek däl. Sebäbi islendik wagt hökümetiň ýörite gulluklary gelip, şol haýwanlary ýok edip bilerler.

Azatlyk Radiosy: Haýwanlary haýsy usullar bilen öldürýärler?

Nataliýa Şabunts: Mary welaýatynda öýsüz haýwanlaryň atylyp ýok edilişi meni geň galdyrdy. Sebäbi olary atyp öldürmek – bu pul çykdajysy bolýar. Aşgabatda eýesiz haýwanlar demir simler, tokmaklar bilen ýenjilip öldürilýär. Häkimiýetler diňe öýsüz haýwanlary däl, hatda köçelerdäki öý haýwanlaryny hem eýeleriniň gözüniň alnynda ýok edýärler.

Azatlyk Radiosy: Käbir internet saýtlarynda köçelerde ölüp ýatan haýwanlaryň suratlary wagtal-wagtal peýda bolýar. Siz şeýle ýagdaýa duş geldiňizmi?

Nataliýa Şabunts: Men şeýle ýagdaýlara örän köp duş geldim. Ýöne men soňky döwürde öz ýaşaýan sebitimde görmedim. Mundan ozal, meniň kiçijek itim öldi. Men onuň sebäbine düşünmedim, meniň ýok wagtym, köçede bir zat iýen ýa-da ysgan bolmagy mümkin. It-güjükleriň ölmegi üçin, olaryň diňe bir zady ysgamagy ýeterlik diýýärler. Hatda mundan birnäçe ýyl ozal, häkimiýetleriň it-pişikleri öldürmek üçin köçelere naftalin oklandygyny eşitdim. Elbetde, bu maglumaty tassyklatmak maňa başartmady.

XS
SM
MD
LG