Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen-rus gatnaşyklary: bilim hyzmatdaşlygy, ýokary okuw kwotalary we hünär tejribeleriniň alyşygy


Illýustrasiýa suraty.
Illýustrasiýa suraty.

Türkmenistan we Russiýa bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagy maksat edinýär. Aşgabatda bilelikdäki türkmen-rus uniwersitetiniň esaslandyrylmagy, şeýle-de A. S. Puşkin adyndaky türkmen – rus mekdebiniň çäginiň giňeldilmegi göz öňünde tutulýar.

Azatlyk Radiosynyň Dünýä Türkmenleri programmasy türkmen-rus gatnaşyklarynyň oktýabr aýy boýunça aý ýazgysyna syn edýär. Bu ugurda soňky hepdelerde bolup geçen wakalara ser aýlaýar, şeýle-de, iki ýurduň arasynda bilim ulgamynda ara alnyp maslahatlaşylan meseleleri seljerýär.

Türkmen we rus halklarynyň arasynda oktýabr aýy simwoliki taýdan, megerem, aýratyn ähmiýete eýe bolup biler. Rus agalygy astyndaky Türkmenistan Sowet Sosialistik Respublikasy hem 100 ozal, oktýabr aýynda esaslandyryldy. Biz bu barada geçen hepdede ýörite gepleşik taýýarladyk, bu gepleşigi Azatlyk Radiosynyň web sahypasynda diňläp bilersiňiz!

DT: Türkmen-rus gatnaşyklary: bilim hyzmatdaşlygy, ýokary okuw kwotalary we hünär tejribeleriniň alyşygy
please wait

No media source currently available

0:00 0:15:00 0:00

Oktýabr işjeňligi

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin 11-nji oktýabrda türkmen paýtagtyna sapar edip, gündogaryň görnükli akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilen halkara maslahata gatnaşdy.

2019-njy ýylyň 11-nji oktýabrynda hem Aşgabatda sammit geçirilip, rus prezidenti türkmen ýolbaşçylary bilen duşuşypdy. Ýöne şol sapar GDA sammitiniň çäklerinde duşuşyldy. 2017-nji ýylyň 11-nji oktýabrynda hem Russiýanyň Soçi şäherinde GDA-nyň döwlet ýolbaşçylarynyň sammiti geçirilipdi. Bu sammitde Gurbanguly Berdimuhamedow rus prezidenti Wladimir Putine alabaý güjügini sowgat berip, media serişdeleriniň ýadynda galypdy.

2017-nji ýylyň oktýabr aýynda Putin uly Berdimuhamedow bilen iki gezek duşuşdy. Şol ýylyň 2-nji oktýabrynda Aşgabada amala aşyran resmi saparynyň çäklerinde rus prezidenti türkmen liderini Aleksandr Newskiý ordeni bilen sylaglapdy.

Umuman, aýdylanda türkmen we rus liderleriniň, hususan-da, soňky ýyllarda oktýabr aýynda duşuşmak däpleri bar. Bu düýbünden tötänlik hem bolup biler, ýa-da oktýabr aýyna tötänden gabat getirilýän aýratyn ýagdaý hem bolup biler. Galyberse-de, Wladimir Putin özüniň doglan gününi hem oktýabr aýynda belleýär.

Bu gezek, rus prezidenti 11-nji oktýabrda Aşgabada sapar edip, Pyragynyň ýubileý toýunda çykyş etdi. Şondan sähel salym soňra, 16-njy oktýabrda Aşgabadyň “Mukamlar köşgünde” Russiýanyň Türkmenistandaky medeniýet günlerine badalga berildi. Bu çärede Russiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Iwan Wolynkin hem çykyş etdi. Rus günlerine gabatlap, Aşgabatdaky rus ilçisiniň rus dilli türkmen neşirlerine beren interwýulary paýlaşyldy.

10-dan gowrak ýurduň döwlet baştutanlary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileý toýuna bagyşlanan halkara maslahata gatnaşýar.
10-dan gowrak ýurduň döwlet baştutanlary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileý toýuna bagyşlanan halkara maslahata gatnaşýar.

Rus diplomaty türkmen mediasyna beren interwýusynda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň täze derejelere çykarylýandygyny nygtady.

Meselem, bu interwýudan mälim bolan käbir sanlara salgylansak, Russiýanyň Aşgabatdaky konsulhanasy 2024-nji ýylyň üçünji çärýeginde 85 müň türkmen raýatyna rus wizasyny beripdir. Şolardan 18 müň wiza okuw wizasy, 51 müň wiza syýahatçylyk wizasy bolupdyr. 2023-nji ýylyň üçünji çärýegi bilen deňeşdirilende, bu ýyl syýahatçylyk wizasyny alan türkmenistanlylaryň sany iki esse artypdyr.

16-njy oktýabrda Aşgabatda Russiýanyň medeniýet günlerine badalga berilmeginiň yz ýany, Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow 22-24-nji oktýabrda Kazan şäherinde BRIKS guramasynyň sammitine gatnaşmak üçin, Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyrdy.

Bu saparyň edil yz ýany, 30-njy oktýabrda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň duşuşygynyň çäklerinde iki ýurduň ýokary derejeli resmileri Aşgabatda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň ugurlaryny maslahat etdiler.

Rus wekiliýetiniň Aşgabada amala aşyrýan saparynyň çäklerinde Russiýa Federasiýasynyň hökümetiniň başlygynyň orunbasary Alekseý Owerçuk Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen hem-de daşary işler ministri Raşid Meredow bilen aýry-aýry duşuşyklary geçirdi.

“Soňra duşuşyk giňişleýin düzümde dowam etdi, oňa Türkmenistanyň we Russiýanyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar” diýip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi aýdýar.

Resmi habarlarda taraplaryň arasynda söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň maslahat edilendigi aýdylýar.

Rus resmisine görä, iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygy şu ýylyň ýanwar-iýul aýlary aralygynda, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 58 göterim ýokarlanypdyr.

Türkmenistanyň energetika resmilerine görä, Russiýa şu ýylyň iýun aýynyň ahyrlaryndan başlap, türkmen gazyny satyn almagy bes edipdir. Iki ýurduň arasyndaky tebigy gaz söwdasynyň umumy söwda dolanyşygynyň näçe göterimini emele getirýändigi mälim däl. Ýöne Russiýa 2019-2024-nji ýyllar aralygynda Türkmenistandan ýylda bäş milliard kub metre çenli tebigy gaz import etmek barada ylalaşypdy.

Her niçik-de bolsa, oktýabr aýy türkmen we rus halklarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda gelim-gidime, özara saparlara baý boldy.

'Möhüm' habarlar

“Orient”, “Türkmenportal” we “Biznes Türkmenistan” ýaly hökümetçi türkmen neşirleri Aşgabatda geçirilen soňky ýokary derejeli duşuşyklar barada giňişleýin habar berdiler. Bu göreldä eýerip, döwlet media serişdeleri hem degişli habarlara öz sahypalarynda möhüm orun berdi.

Hökümetçi neşirlere görä, türkmen prezidentiniň rus hökümetiniň başlygynyň orunbasary bilen geçiren duşuşygynda ynsanperwer ugurlara, hususan-da ylym, bilim, medeniýet we saglygy goraýyş ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi.

Bu duşuşykda “Russiýanyň Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklara ygrarlydygy tassyklanyldy” diýip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi ýazýar.

Soňky hepdelerde türkmen we rus ýolbaşçylarynyň özara saparlarynyň ýygjamlaşan pursatlarynda Türkmenistanyň hökümetçi neşirleriniň sahypalarynda bu wakalara bagyşlanan has köp habarlara duşmak mümkin.

Meselem, Türkmenportal neşiri 19-njy oktýabrda Türkmenistanyň Russiýadaky ilçisi Esen Aýdogdyýew bilen rus medeniýetini öňe sürmek wezipesini öz üstüne alan “Russotrudniçestwo” guramasynyň başlygy Ýewgeniý Primakowyň arasynda geçirilen duşuşyga salgylanyp, iki ýurduň arasynda ynsanperwer gatnaşyklaryň berkidilýändigini habar berdi.

Neşir 24-nji oktýabrda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň başlygynyň bilim, medeniýet we saglyk pudagyna gözegçilik edýän orunbasary Gurbangül Orazdurdyýewanyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarstan Respublikasynyň Kazan şäherinde türkmen studentleri bilen geçiren duşuşyklary barada habar berdi.

Elbetde, türkmen prezidentiniň gatnaşan BRIKS sammiti, rus prezidentiniň Aşgabada amala aşyran sapary, şeýle-de rus delegasiýasynyň türkmen paýtagtynda geçiren gepleşikleri hem metbugat sahypalarynda uly orun tapdy.

(Şu ýerde ýaýyň içinde maglumat üçin belläp geçsek, Dünýä Türkmenleri programmamyzyň golaýda efire berlen sanlarynyň birinde hökümetçi türkmen neşirleriniň soňky wagtlarda negatiw äheňli daşary ýurt habarlaryny ýygjamlaşdyryp, içerki bagtyýarlyk wagyzlaryny nähili güýçlendirýändikleri barada habar beripdik. Bu günki temadan daşlaşyp, şol maglumatyň üstüni ýene bir gezek ýetirmeli bolsak, Turkmenportal neşiri Türkmenistan we Russiýa arasynda, ýa-da Türkmenistan we Hytaý arasynda ösdürilýän gatnaşyklar barada habarlary ýygjamlaşdyrýan mahaly, Günbatar ýurtlary bilen bagly täsin habarlara gol goýmagy dowam etdiripdir. Meselem, Türkmenportal 29-njy oktýabrda çap eden habarlarynyň birinde ABŞ-da iň owadan ýarganatlary saýlamak boýunça geçirilýän bir gözellik bäsleşigi barada habar berýär, ýa-da Nýu-Ýorkda diwara ýelmenen bir bananyň auksiona çykarylyp, 1-1,5 million dollara satylmagyna garaşylmaga barada habar berýär. Ýa-da bolmasa, neşiriň 31-nji oktýabrda çap eden beýleki bir daşary ýurt habarynda Birleşen Ştatlarda diňe fastfud iýen 12 ýaşly bir çaganyň saglyk ýagdaýynyň ýaramazlaşyp, bu naharlaryň körlüge getirendigi habar berilýär. Neşir 31-nji oktýabrda Ispaniýada bolup geçen heläkçilikli suw joşmalarynda 95 adamyň heläk bolup, bu ýurtda yglan edilen ählihalk ýas çäresi barada habar berýär. Bilşimiz ýaly, Russiýanyň “Roskomnazdor” media gözegçisi tarapyndan ygtyýarlandyrylan bu media serişdesi türkmen hökümetine ýakyn habarlary bilen tanalýar)

Bilim hyzmatdaşlygy

Aşgabatda geçen türkmen-rus gepleşikleri barada gürrüňe dolanyp gelsek, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi web sahypasy bu iki ýurduň bilim resmileriniň arasynda geçirilen duşuşyklar barada aýry-aýry iki maglumat çap etdi.

Taraplar duşuşyklarda orta we ýokary bilim ulgamynda tejribe paýlaşyp, özara gatnaşyklary ösdürmegiň ugurlaryny maslahat etdiler.

Birinji maglumatda Türkmenistanyň Bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýew bilen Russiýanyň Magaryf ministriniň orunbasary Andreý Korneýewiň arasynda geçirilen duşuşyk barada habar berilýär. Bu duşuşykda esasy dört mesele öňe saýlanýar.

Birinjiden, rus wekiliýeti ykdysadyýetiň möhüm ugurlaryna işgärleri çalt taýýarlamagy maksat edinýän “Professionalitet” rus taslamasy barada tejribelerini paýlaşypdyrlar. Bu taslama Russiýanyň Bilim ministrligi tarapyndan 2022-nji ýylda işe girizildi. Taslama hünär okuwlaryny çaltlandyrylan görnüşde geçirip, dürli ugurlara tizleşdirilen görnüşde hünärmen taýýarlamagy göz öňünde tutýar.

Ikinjiden, taraplar 11-nji synplar üçin Ýeke-täk döwlet synagy (ÝDS) we 9-njy synplar üçin Esasy döwlet synagy (EDS) ýaly synaglary geçirmegiň rus tejribesi boýunça tejribe alyşmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanly magaryf işgäri Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde ýurduň orta mekdeplerinde 2026-njy ýylyň okuw ýylyndan başlap, ÝDS we EDS ýaly jemleýji synaglary girizmek barada gürrüňleriň gozgalandygyny ýöne, bu synaglaryň teoriýada türkmen reallyklaryna gabat gelse-de, praktikada gabat gelmejekdigini aýdýar.

"Eger ÝDS girizilse, onda ÝOJ-lara hem onuň göni netijesi boýunça girip bolar teoriýada, ýöne türkmen reallyklaryny nazara alsak, haýsy ÝOJ we umuman häkimiýet emeldarlary 15 müňden 30, 40, käte 70-80 müň dollara çenli ýetýän giriş paralaryndan el çeker? Bu häzirki hiç hili meseläni boýun almaýan we hiç bir meselede aç-açanlyk bildirmeýän hökümetimiz bilen asla mümkin däl " diýip, paýtagtyň ýöriteleşdirilen mekdepleriniň bir mugallymy gürrüň berdi.

Beýleki bir magaryf işgäri 8-9-njy synplar üçin hem-de 11-nji synplar üçin teklip edilýän jemleýji synaglary sowetler döwründäki bilim ulgamynyň galyndylaryna meňzedip, ol hem bu synaglaryň türkmen reallyklaryna gabat gelmeýändigini aýdýar.

Türkmenistanda orta bilim ikinji prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan halkara ülňülerine gabat getirilip,ilkibaşda 10-11 soňy bilen 12 ýyllyk edildi.

Käbir türkmen magaryf işgärlerine görä, 12 ýyllyk okuw ýyly kemeldilse, bilim ulgamynda ştat kemeltmelerine gidilmegi mümkin. Sebäbi, okuwçylaryň mekdepde bolýan ýyly azalanda, mekdeplerdäki okuwçylaryň umumy sany öz-özünden azalýar. Okuwçylaryň sany düýpli azalsa, mugallymlaryň sanynyň hem azaldylmak ähtimallygy ýüze çykýar.

Illýustrasiýa suraty. Türkmenistan
Illýustrasiýa suraty. Türkmenistan

"Ministrlikde eýýäm birnäçe ýyldan bäri iş orunlaryny gysgaltmak çärelerine badalga berildi. Işgär sanyny azaltmak boýunça ýokardan berilýän talaplar soňky aýlarda has-da güýçlendi. Bir döwür mekdepleri 12-ýyllyk eden hökümet 2026-njy ýylda umumybilim berýän mekdepleriň okuw möhletini 10-11 ýyla getirmegi planlaşdyrýar diýen "myş-myşlar" ýaýrap ugrady. Şu jähtden, sowetler döwründäki ýaly, esasy orta bilimi 8-9 synpa, umumy orta bilimi 10-11 synpa getirmek göz öňünde tutulýar we ol iki okuw basgançagyny tamamlaýan ýaşlara Orsýetdäki ýaly ÝGE we OGE gutardyş synaglaryny tabşyrtmak islegleri bar. Ýörite we orta hünär mekdeplerinde hünärmenleri taýýarlamagyň möhletini gysgaltmak we umuman orta mekdeplerde hem 2026-njy ýylda esasy orta mekdebi 8 ýa 9-njy synpda we umumy orta bilimi 10 ýa 11-nji synpda tamamlatmagy ýola goýmak planlarynyň iň esasy sebäbi bu pedagogik kadrlaryň sanyny kemeltmek bolup durýar, hut şonuň üçin hem şeýle usullara ýol urmaga mejbur edilýäris" diýip, türkmen bilim emeldary aýdýar.

Bilim resmileriniň Aşgabatda geçiren duşuşygynda gün tertibine getirilen esasy meseleleriň üçünjisi bolsa, türkmen-rus mekdebiniň çäginiň giňeldilmegi bolup durýar. Gepleşiklerden mälim bolşuna görä, türkmen paýtagtyndaky türkmen-rus orta mekdebi goşmaça bina bilen giňeldilýär.

Dördünjiden, türkmen resmileri Russiýanyň döwlet kwotasy esasynda rus ýokary okuw jaýlaryna kabul edilýän türkmenistanlylaryň sanynyň artdyrylmagyny soraýar.

Azatlyk Radiosynyň magaryf pudagyndaky çeşmeleri bu göçüm bilen türkmen häkimiýetleriniň, aslynda, rus ýokary okuw jaýlaryna gidýän türkmenistanlylaryň sanynyň artdyrylmagyny däl, azaldylmagyny gazanmaga çalyşýarlar.

Nädip? Ine şeýdip: magaryf işgärine görä, bilim resmileri rus ýokary okuw jaýlarynda kwota bilen alynýan türkmenistanlylaryň sanynyň artdyrylmagyny soraýan mahaly, bu ýurda hususy tertipde gidýän türkmenistanlylaryň sanyny azaltmaga çalyşýarlar.

Bu ugurda käbir anyk sanlar hem Azatlyk Radiosyna mälim boldy. Magaryf pudagyndaky çeşmämize görä, häzirki wagtda her ýylda 500-600 sany türkmenistanly student rus ýokary okuw jaýlaryna kwota esasynda okuwa kabul edilýär. Ýöne bu ýurda her ýyl okuw üçin gidýän türkmenistanlylaryň sany 7 müň – 7 müň 500 adam aralygynda üýtgeýär. Ýagny şolardan diňe 500-600 adam kwota esasynda gidýär. Eger-de kwota, aýdaly iki esse artdyrylyp, 1000 adam çykarylan halatynda hem, hususy tertipde studentleriň okuwa kabul edilmegi ýatyrylsa, ýylda rus ýokary okuw jaýlaryna okuwa gidýän türkmenistanlylaryň sany takmynan 6 müň adam azalar. Bu bolsa, magaryf işgärine görä, 90 göterim çemesi azalma bolýar.

Bilim ministrligine görä, Russiýanyň Ylym we ýokary bilim ministriniň orunbasary Konstantin Mogilewskiý bilen hem aýrybaşga duşuşyk geçirilip, bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyk ara alnyp maslahatlaşylypdyr.

Resmi çeşmelere görä, 30 müňden gowrak türkmenistanly Russiýanyň ýokary okuw jaýlarynda bilim alýar. Bu ýurt daşary ýurtda bilim alýan türkmenistanlylaryň sany boýunça birinji orunda gelýär. Bu ugurda ikinji orunda 17 müň çemesi türkmenistanly raýata ýokary bilim berýän Türkiýe gelýär.

Galyberse-de, Russiýa Aşgabatda bilelikdäki türkmen-rus uniwersitetiniň döredilmegine gyzyklanma bildirýär. Bu mesele soňky birnäçe ýyl bäri ýokary derejeli duşuşyklarda agzalyp gelinýär. Ýöne heniz bu ugurda göze görnüp duran öňe gidişlik gazanylmady.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG