Şahyr Annasoltan Kekilowanyň (1942-1983) aýaklarynyň gadymy Köşi topragyndan üzülip, kommunistleriň ruhy hassahanasyna alnyp gidilenine 45 ýyl, bendilikde jan berenine 33 ýyl boldy.
Ol "hapa boldum bu diwardan aňyrda" diýip, bir tämizlik arzuwlapdyr. Emma onuň aç-açanlyk döwründe tämizlenjek ýaly eden ady, az wagt dowam eden aç-açanlykdan soň, garaşsyzlykda ýene tämizlenmän galdy.
Azatlyk radiosy Annasoltan Kekilowanyň türkmen medeniýetindäki orny barada aşgabatly ýazyjy Amanmyrat Bugaýew bilen söhbetdeş boldy.