Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Synmaz erk


Şahyr Annasoltan Kekilowa.
Şahyr Annasoltan Kekilowa.

30-njy noýabr Annasoltan Kekilowanyň doglan güni

Ýiti zehin

Aýallaryň azatlygy hem erkinligi ugrunda göreşiji, görnükli şahyr Annasoltan Kekilowa 1942-nji ýylyň 30-njy noýabrynda, Aşgabadyň ilersindäki Köşi obasynda dünýä indi.

Ol özi barada şeýle diýdi.

Durna gözli çeşmelerden suwlanyp,

Obada boý alan ahal gyzy men.

Orta mekdebi gutaransoň, Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen filologiýasy fakultetini tamamlady. Ýaşlar gazetiniň redaksiýasynda işledi.

Ol öz eserleri bilen köpçüligiň ünsüni özüne çekdi. Geçen asyryň ikinji ýarymynda, türkmen edebiýatynyň gülläp ösýän döwründe, Daň ýyldyzy ýaly parlap dogdy. Ol döretdi hem başgalara edebi täsirini ýetirdi.

Ol poeziýanyň çäginden çykyp, hekaýa hem ýazyp başlady. Annasoltanyň goşgularyna aýdymlar döredildi. Onuň “Oýlan, oglan” diýen aýdymyny şol döwrüň meşhur aýdymçysy Güljan Hümmedowa aýdýardy. Soňrak “Gözledim seni” diýen aýdymyny esasan Annaberdi Atdanow gowy aýtdy. Ol aýdym Annaberdi Atdanowa-da, şahyr Annasoltana-da meşhurlyk getirdi.

1968-nji ýylda Annasoltan Kekilowanyň “Gara saçlarym” atly ilkinji goşgular kitaby satuwa çykdy. Ol ýüzugra satylyp gutardy. 1971-nji ýylda “Zenanlar” çap boldy.

Annasoltan şeýle joşgunly başlangyç bilen uly edebiýata geldi.

Bu ýiti zehini goldajak bolmadylar. Ony hatda Ýazyjylar birleşiginiň agzalygyna-da kabul etmediler. Sebäbi ol Kommunistik partiýany hem onuň alyp barýan syýasatyny wasp etmekden saklandy.

Göreş

Aslynda Annasoltanyň başyndan inen bela-beterler onuň döredijiligi sebäpli ýüze çykdy. Ol öz poeziýasynda erkinligi janlandyrdy hem ideýany ösdürip başlady. Ol türkmen poeziýasyna köpleriň entek düşünmeýän ýa-da düşünmek islemeýän zadyny – erkinligi getirdi. Bu durmuş üçin, erkinlik şeýle zerur bolmasa, şahyr ony gorajagam bolmazdy. Ol akylly zenan, köp okaýardy hem köp zada düşünýärdi. Şol akyly ýok etmek üçin, resmiler çäre görüp başladylar.

1971-nji ýyldan SSSR-iň Döwlet Howpsuzlyk Komitetiniň aňtawçylary Annasoltan Kekilowany berk gözegçilik astyna alýarlar hem şol ýylyň tomsunda “psihiki kesele uçrapdyr” diýen bahana bilen dälihana dykýarlar.

Şondan soň onuň eserlerine gadagançylyk girizildi. Onuň goşgularyna döredilen aýdymlar eşitdirilmedi. Satylyp ýetişmedik “Zenanlar” aty kitabyny yzyna ýygnap aldylar.

Şol agyr şertlerde özüniň saýlap alan durmuş ýoly hem göreşi barada şahyr şeýle ýazdy.

Söýemok men bu jahanda,

Ýaranjaklap gün görmäni.

Ýagşy görýän beýle günden,

Öz ajalma jan bermäni.

Niçik bolar şemal ýaly,

Çar tarapa öwsüp dursam?

Ýan bermeli bolar onda,

Garşymda gaý, tupan görsem.

Dönmerin men öz pikirimden,

Atsalar-da ýanar oda.

Ömrüm boýy hyzmat etjek,

“Ynsan” diýen belent ada.

Ol diwardan aňyrda

Annasoltan soňky gezek dälihanada ýatanynda, Andreý Saharow öz aýaly bilen onuň yzyndan gelipdir, ýöne Berzeňňi ýolunda olary saklap, yzyna gaýtarypdyrlar diýen gürrüň bar.

Suwsuzlykdan saralsa-da gül meňzim,

Daş güli men, aslyýetim ak meniň.

Hawa, ony öz wyždany şu ýola salypdy. Ol muny köp gezek aýtdy. Beýle göreşijiniň ýoly bolsa belent diwarlaryň aňrysynda tamamlanýar.

Ol diwaryň aňrysynda nämeleriň bolýandygyny, diňe başyna düşüp, ol ýerde ýatyp gören bilýär.

Şahyr muny örän gysga, sanlyja setirde beýan edýär.

Jebir gördüm bu diwardan aňyrda,

Zulum gördüm bu diwardan aňyrda.

Ölüm gördüm bu diwardan aňyrda,

Hapa boldum, men bir suwa düşeýin.

Onuň manyly ömri ol diwardan aňyrda tamamlandy. Onuň her sözüniň aňyrsynda jebir-jepa hem sütem bar. Şol diwardan, Annasoltanyň diňe meýidi hem goşgulary çykyp bildi. Başgaça aýdylanda, diňe Hakykat çykdy.

Annasoltan Kekilowanyň 1992-nji ýyldaky soňky ýygyndysyna ýazylan sözbaşy şeýle jemlenýär.

«1983-nji ýylyň 19-njy iýunynda säher wagtlary garyndaşlary Annasoltanyň jesedini keselhanadan alyp gidýärler. Şondan soň keselhanadaky Annasoltana degişli dokumentleriň içinde şeýle ýazgy peýda bolýar. “Annasoltan Kekilowa oglunyň haýyşy boýunça öýde seretmek üçin keselhanadan çykaryldy».

Hudaýberdi Hally, ýazyjy.

Bu ýerde aýdylanlar awtoryň pikiri.

XS
SM
MD
LG