Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Öldürildi şahyr – namys ýesiri…"


Annasoltan Kekilowanyň portreti.
Annasoltan Kekilowanyň portreti.
Şwesiýada ýaşaýan türkmen şahyry Şiraly Nurmyradyň goşgusy.

"Öldürildi şahyr – namys ýesiri…"
M. Lermontow.

"Jebir gördüm bu diwardan aňyrda,
Zulum gördüm bu diwardan aňyrda,
Ölüm gördüm bu diwardan aňyrda…
Hapa boldum. Men bir suwa düşeýin."
Annasoltan Kekilowa.

Aý, ýok, Annasoltan. Beýle däl, Owlak,
Sen hapa bolmadyň – hapaladylar.
Kim gara don geýip,
Kim ak halat geýip,
Seni on iki ýyllap depelediler.
Ilki dälihana sokup,
Soňra gara ýere dykyp,
Yzyndan öwdüler, apaladylar.

Gidenden soň näçe ýyllap kärdeşleň
Näden nä borka diýp sessiz gezdiler.
Ýaz diýlenni ýazdylar,
Poz diýlenni pozdular,
Wejeralyk ýaryşynda
Bir-birinden ozdular.

Çap diýilse çapdylar,
Tap diýilse tapdylar,
Dep diýilse depdiler,
Käte omaça oklap,
Gap diýilse gapdylar.
Olar şeýle köpdüler.

Ine, birden rugsat berdi hökümet
Seni ýatlamaga, tutmaga adyň.
Beýle-beýle mähirli söz, ýyly söz
Seniň haçan eşden ýa gören zadyň?!

Özüňi ýedi gat ýere siňdirip,
Adyň çykardylar ýedi gat arşa…
Uruşdan son doglan ýatlama ýazýa
Gatnaşyşy hakda nägehan urşa!

Ýeke gezek görmedikler,
Bir köçeden ýörmedikler,
Saňa elin bermedikler,
Seni itler çekelände
Bir arkaňda durmadyklar,
Halas torun gurmadyklar –
Bu gün ýaka ýyrtyp, saçlaryn ýolýa –
Nätanyş keşbiňi ýatlajak bolýa.

O-da başardanok, heňe gelenok:
Ýekelik aýdymy hora bolanok.

Hapa boldum diýip kemsinme, Owlak,
Seni hapalanlar boldular hapa.
Eýtjekdik, beýtjekdik diýşibem bu gün
Çypdyryp otyrlar, degirmän ýapa.

Çyn şahyrsyz ili aldamak aňsat,
Şahyryň ruhuny bolmaz-a aldap!
…Dirikäň üstüňden gülen mähelle
Öleňsoň ýene bir kemsidýä aglap.

Mes eşekler toýnak salýa ýyldyza,
Hudaýy çagyrýa näumyt hassa…
Senem diýýäň: "Men bir suwa düşeýin",
Hapa suwdan çykjakmy sen arassa?

Syýasata girýän barmy azaşyp?
Hapa batsaň boýuň bilen batylýa.
Daşyna tiken sim çekilen ýurtda,
Diňe uçup bilýän guşlar atylýa!

Süýreniji bolsaň hiç kim degenok.
Ýere sygmadyklaň jaýy asmandyr.
Türkmen birne heýkel dikmeli bolsa –
Gurbansoltan däldir, Annasoltandyr!

21.12.1998 ý.
XS
SM
MD
LG