Kölegede-de bolsa, günüň dowamynda aýnalary ýapyk duran awtoulagyň içinde 400-800 mg benzol ýygnanyp bilýär. Ulag 16 gradusdan ýokary yssy günüň aşagynda duranda bolsa ýygnanýan benzolyň möçberi 2000-4000 mg ýetýär we bu saglyk üçin howpsuz hasaplanýan derejeden 40 esse ýokarydyr diýlip, awtoulaglar barada maglumat çap edýän internet çeşmeleri habar berýär.
Maglumatlarda aýdylyşy ýaly, aýnalary ýapyk awtoulagyň içinde ýygnanan benzol adamyň saglygyna howp salýar.
Benzol näme?
Benzol zäherli madda, ol adamynyň böwregine, süňküne, bagryna zeper ýetirýär we benzol adamynyň bedeninden çykarmasy kyn jisimdir. Bu zäheriň rak keseline sebäp bolýandygy barada hem aýdylýar.
Benzolyň (С6Н6) ysly uglewodorodlaryň sada görnüşleriniň biridigi we onuň kanserogen, ýagny howply çişleriň döremeginiň ähtimallygyny artdyrýan ýokary derejede zäherli serişdeleriň hataryna girýändigi barada ylmy düşündiriş berilýär.
Benzolyň ýokary derejede jemlenmegi bolsa adamynyň özünden gitmegine we ölümine getirip bilýär diýlip medisina boýunça maglumatlarda aýdylýar.
Habar berlişine görä, onuň uly bolmadyk möçberiniň demiňe sorulmagy-da agyr kesellere getirip bilýär.
Aşa uly bolmadyk möçberde benzol alkogolyň täsirine meňzeş täsir edýär, yzysüre-de ukuçyllyk, umumy ysgynsyzlyk, gaýtarmak we özüňden gitmek ýaly ýagdaýy döredýär.
Benzolyň iş zonasynda rugsat berlen maksimal derejesi bir kubik metrde 20 mg möçbere barabar.
Maslahat
Awtoulaglarda benzolyň ýygnanmagyna degişli maglumatlarda, awtoulagyň kondisioner sowadyjysynyň howany sowadyp başlamazdan ozal, çykarýan gyzgyn howasy arkaly plastikdaky içi benzolly zäherleriň hem daşary çykýandygy aýdylýar.
Awtoulaglary ulanmak boýunça düzgünnamalarda sowadyjylary işletmegiň öňüsyrasynda iki minudyň dowamynda aýnalary açyp goýmak maslahat edilýär, emma sebäbi barada takyk düşündiriş berilmeýär.
Berilýän maslahatlarda awtoulagyň kondisionerini ony otlan badyňa işletmän, başda ulagyň aýnalaryny açyp, diňe şondan soň sowadyjyny işletmek we ulagyň içini ilki biraz ýelejiretmek teklip edilýär.