Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

RSF: Žurnalistlere garşy paranoýa güýjeýär


"Serhetsiz Reportýorlar" guramasynyň aktiwistleri, Pariž
"Serhetsiz Reportýorlar" guramasynyň aktiwistleri, Pariž

Türkmenistan dünýäde metbugat azatlygyny iň zabun çäklendirýän ýurtlaryň biri bolup galýar.

2016-njy ýyl boýunça dünýä metbugatynyň azatlyk görkezijisi atly täze hasabatda Türkmenistan 180 ýurduň arasynda metbugat azatlygy boýunça 178-nji ýeri eýeleýär.

Düýbi Parižde ýerleşýän “Serhetsiz reportýorlar” guramasynyň 20-nji aprelde çap eden hasabatynda dünýä ýurtlarynda geçen ýylyň dowamynda žurnalistleriň erkinligine we hökümetden garaşsyzlygyna - hökümetler, ideologiýalar we hususy sektoryň bähbitlerini araýanlar tarapyndan edilen hüjümleriň depginine baha berilýär.

“Serhetsiz reportýorlar” guramasy Merkezi Aziýada media azatlygynyň ýagdaýynyň ýyllar boýy ýaramazdygyny, emma soňky ýyllarda ýagdaýyň hasam agyrlaşandygyny belleýär.

“Ýagdaý diňe ýaramazlaşmak bilen boldy we aladalary artdyrdy. Gazagystan, Özbegistan we Türkmenistan boýunça berlen bahalarda gowulyga tarap hereket göze ilenok. Emma bu ýurtlaryň köpüsine, esasan hem Türkmenistana degişli ýagdaýy beýleki ýurtlar bilen hem deňeşdirip bolmaýar. Türkmenistana berlen baha ýagdaýyň agyrlaşandygyny aňladýar. Ýurtda media azatlygynyň ýagdaýy gitdigiçe ýaramazlaşýar” diýip, “Serhetsiz Reportýorlar” guramasynyň wekili Ýohan Bihr Azatlyk Radiosyna aýtdy.

Ýohan Bir Türkmenistanda we Özbegistanda geçen ýylyň dowamynda garaşsyz žurnalistlere basyşlaryň öňküsinden has güýçlenendigini belledi.

“Meselem, Özbegistanda gizlin işlän iň soňky garaşsyz žurnalistler ýurduň daşyna gitmäge mejbur edildi. Gizlinlikde işlän käbir meşhur garaşsyz habar serişdeleri hem mejbury ýapyldy. Türkmenistanda Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Türkmen gullugy ýaly garaşsyz media serişdeleriniň habarçylaryna ägirt uly basyş görkezildi”.

Şeýle-de Ýohan Bihr Türkmen häkimiýetleriniň şäher ýaşaýjylarynyň hususy çanak antennalaryny aýryp, raýatlary garaşsyz maglumat çeşmeleriniň elýeterliliginden mahrum edendigini belledi.

“Serhetsiz reportýorlar” guramasynyň wekili geçen ýylyň dowamynda Täjigistanyň döwlet baştutanynyň häkimiýet başynda galmagynyň möhletini uzaltmak bilen, ýurtda Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlarynyň tejribelerini ornaşdyrandygyny belläp, regionda häkimiýet çalyşygynyň ýok edilmeginiň häkimiýetleriň has paranoik, ýagny pikir azatlygyndan has gorkuly bolmagyna getirendigini aýtdy.

“Serhetsiz reportýorlar” guramasynyň 2016-njy ýyl boýunça hasabatyna görä, geçen ýylda dünýäde metbugat azatlygyna iň uly sarpa goýan ýurtlar Finlýandiýa, Gollandiýa we Norwegiýa. Meselem, Finlýandiýa bu ugurda 2010-njy ýyldan bäri birinji ýeri saklap gelýär.

Hasabata görä, Türkmenistan, Demirgazyk Koreýa we Eritreýa metbugat azatlygyny iň gödek depeleýän ýurtlar bolup galýarlar.

XS
SM
MD
LG