Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabat habar mümkinçiliklerini 'açýar'


Aşgabat, aeroportda rus TW-sine seredýän adamlar.
Aşgabat, aeroportda rus TW-sine seredýän adamlar.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni daşary ýurt habar serişdeleriniň wekilleriniň Türkmenistandaky işi baradaky düzgünnama gol çekip, «gyzyklanma bildirýän ähli daşary ýurt hyzmatdaşlary üçin täze mümkinçilikleriň açylýandygyny» aýtdy.

Şonuň bilen bir wagta bu mümkinçilikleriň ozalkylardan nähili tapawutlanjakdygy aýdyňlaşdyrylmaýar.

TDH-nyň maglumatyna görä, wise-premýer, Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşit Meredow 15-nji aprelde geçirilen hökümet maslahatynda halkara habar beriş serişdeleri bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça geçirilen çäreler barada hasabat beripdir.

Hususan-da Türkmen döwlet habarlar gullugy – TDH bilen «AzerTAdž» we «Trend» (Azerbaýjan), «Associated Press of Pakistan» habar gulluklarynyň arasynda baglaşylan ylalaşygyň bu ugurda «netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmaga we giňeltmäge gönükdirilendigi» aýdylýar.

Hökümet başlygynyň orunbasarynyň tassyklamagyna görä, häzir Türkmenistanda daşary ýurt habar serişdeleriniň 25-siniň, şol sanda «Sinhua» (Hytaý), «Associated Press» (ABŞ), «RIA Nowosti» (Orsýet) habar gulluklarynyň, TRT tele-radio kompaniýasynyň (Türkiýe) we beýlekileriň wekilleri işleýär. Şeýle-de habarda bu ugurdaky işleriň dowam etdirilýändigi aýdylýar.

Ministr Meredow daşary ýurt döwletleriniň žurnalistleriniň Türkmenistanyň çäginde alyp barýan işleri we akkreditasiýasy hakynda DIM tarapyndan hödürlenýän düzgünnamanyň ýurduň beýleki döwlet edaralary bilen bilelikde taýýarlanylandygyny aýdýar.

Aýdylmagyna görä, bu düzgünnama daşary ýurt habar serişdeleriniň Türkmenistanda alyp barýan işini, maglumatlar ulgamynda özara peýdaly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen taýýarlanypdyr.

Prezident Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanda «iri daşary ýurt habar beriş serişdeleri bilen netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge» uly ähmiýet berilýändigini aýdypdyr.

Mundanam başga, ol «milli habar beriş serişdeleriniň dünýä maglumatlar ulgamyna üstünlikli goşulyşmagynyň möhüm wezipe bolup durýandygyny» nygtapdyr.

Resmi habarda bellenilmegine görä, Türkmenistanda mediany ösdürmek, täze metbugat we elektron neşirlerini döretmek, häzirki zaman maglumat, aragatnaşyk tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, internet ulgamyna elýeterliligi ýokarlandyrmak... boýunça toplumlaýyn çäreler durmuşa geçirilýär.

Türkmen telewideniýesiniň tassyklamagyna görä, prezident Berdimuhamedow häzirki wagtda bu ulgamda «...gyzyklanma bildirýän ähli daşary ýurt hyzmatdaşlary bilen ysnyşykly gatnaşyklary ýola goýmak üçin täze mümkinçilikleriň açylýandygyny» belläpdir.

Emma habarda ol diýilýän «täze mümkinçilikleriň» jikme-jikligi ýa-da ozal Türkmenistanda habarçy saklamakda kynçylyk çekýän habar gulluklary, şeýle-de ýurtda petiklidigi aýdylýan habar saýtlary babatda gol çekilen düzgünnamada nähili üýtgeşiklikleriň ýa-da ýeňillikleriň bardygy aýdylmaýar.

Gepiň gerdişine aýdylsa, Türkmenistan metbugat azatlygy boýunça dünýäde iň yzdaky ýurtlaryň hatarynda agzalýar. Hukuk goraýjylar Türkmenistanda güýje girendigi aýdylan metbugat kanunynyň hakykat ýüzünde hiç bir täsiriniň bolmandygyny, ýurtda garaşsyz neşirleriň köpelmändigini aýdýarlar.

Ýerli ýaşaýjylaryň Azatlyk radiosyna gürrüň bermeklerine görä, türkmen mediasy raýatlarda alada döredýän meselelere göz ýumup, esasan prezidenti mahabatlandyrmak, dabaraly çäreleri görkezmek bilen meşgullanýar.

Bu ýagdaý, aýdylmagyna görä, halk köpçüliginiň milli metbugatdan daşlaşyp, daşary ýurt habar serişdeleri bilen barha köp gyzyklanmagyna sebäp bolýar we hatda prezident Berdimuhamedowyň özi hem türkmen metbugatyny ýygy-ýygydan tankyt edýär.

Şonuň bilen bir wagtda-da ol metbugatyň wezipesiniň gazanylandygy aýdylýan üstünlikleri hemmetaraplaýyn beýan etmekden ybaratdygyny öňe sürýär.

XS
SM
MD
LG