Rus ykdysadyýetiniň çökgünlige uçrap başlanyna eýýäm esli wagt boldy we onuň ýakyn gelejekde düzeljegini aýtmaga hem hiç hili esas ýok.
“Mejlisiň” ozalky sanlarynyň birinde merkezi aziýaly işçi migrantlaryň aglabasynyň Orsýete barýandygyna, şeýle-de Moskwanyň regionyň esasy söwda hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýandygyna ünsi çekip, rus krizisiniň täsiriniň regionda duýuljakdygy barada gürrüň edipdik.
Aradan esli wagt geçdi, eýsem şol çaklamalar näderejede hakykata gabat geldi? Şeýle-de tutuş regionda milli pullaryň hümmetsizlenmegi baradaky ýagdaýlaryň ykdysady çökgünlik bilen nähili arabaglanyşygy bar? Hemem regionyň ykdysady ümzügi hanjak?
Mejlisiň bu sanynda şeýle temalaryň töwereginde gürrüň edilýär.
Mejlisiň myhmanlary:
Alex Nice: “Economic Itellegence Unit” ylmy-barlaglar merkeziniň Merkezi Aziýa boýunça bilermeni,
Peter Leonard: “Eurasia.net” internet neşiriniň Merkezi Aziýa habarçysy;
Bruce Pannier: Azatlyk Radiosynyň Merkezi Aziýa meseleleri barada maglumatlary çap edýän “Kişlog owazy” blogunyň redaktory.
Programmany Azatlyk Radiosynyň müdiri Muhammad Tahir alyp barýar.