Merkezi Aziýanyň käbir ýurtlary özüniň ykdysadyýetini goldamak üçin energiýa resurslaryny eksport etseler, beýlekiler girdeji çeşmeleriniň belli bir bölegini migrant işçiler arkaly üpjün edýärler.
Emma soňky bir ýylyň dowamynda nebitiň bahasy 75% töweregi pese gaçdy; Merkezi Aziýany göz öňünde tutup aýdanymyzda daşary ýurtlardan migrantlaryň ugradýan pullarynyň möçberi hem 50% çemesi azaldy.
Şeýlelikde, üstümizdäki ýylyň tutuş sebit üçin agyr ýyl boljakdygy eýýäm görnüp dur, onuň täsiri bolsa tutuş sebitde işsizligiň artmagy, dürli çäklendirmeleriň girizilmegi, milli pullaryň hümetiniň barha pese gaçmagy, hatda basyşlaryň artmagy bilen eýýäm ýüze çykyp ugrady.
Mejlisiň bu sanynda ýokardaky problemalar, olaryň regiona, halka, regionyň häkimiýetlerine we olaryň alyp barjak sýyasatyna ýetirýän we ýetirip biläýjek täsirleri barada gürrüň edilýär.
Mejlisiň bu günki myhmanlary:
Düýbi Londonda ýerleşýän “Economic Intellence Unit” neşiriniň Russiýa, Gazagystan we Kawkaz boýunça bilermeni Alex Nice;
Düýbi Waşingtonda ýerleşýän “Freedom House” guramasynyň “Tranzit döwletleri” proýektiniň direktory Nate Schenkkan;
Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň Merkezi Aziýa boýunça bilermeni Brýus Pannier.
Söhbetdeşligi Azatlyk Radiosynyň müdiri Muhamad Tahir alyp barýar.
Gepleşigi diňlemek üçin aşakdaky düwmä basyň.