Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Merkezi Aziýada mirasdüşerler nähili saýlanýar?


Gazagystanyň prezidenti Nursultan Nazarbaýew (Ç) özbek kärdeşi Yslam Kerimow bilen, Astana, 7-nji sentýabr, 2012
Gazagystanyň prezidenti Nursultan Nazarbaýew (Ç) özbek kärdeşi Yslam Kerimow bilen, Astana, 7-nji sentýabr, 2012

Merkezi Aziýa döwletleri garaşsyzlygyna eýe bolaly bäri bu ýurtlaryň aglabasyna şol bir adam ýolbaşçylyk edip gelýär.

Gürrüňini edýän döwletlerimizdäki ýurt baştutanlarynyň ýaşlary hem bir çene ýetip gelýär. Bu ýagdaýlarda “olardan soňra häkimiýetiň başyna kim geler?” diýen sorag hem derwaýys bolmagynda galýar.

Şol bir wagtda, Merkezi Aziýa sebitinde häkimiýetiň kadaly çalşygy ýaly düzgün hem häzire çenli iş ýüzünde ornaşmady. Netijede, mirasdüşer baradaky sorag esasy ähmiýete eýe bolýar.

Şeýle-de, mirasdüşerlige saýlanmagyň özi hem uly hupbat, sebäbi ol kim bolmaly? Nähili kreteriýalara eýe bolmaly? Kim tarapyndan saýlanmaly? Saýlanmak üçin ol kimiň ýa kimleriň goldawyny gazanmaly? Ol hökümetiň haýsy organynda boýuny görkezmeli? Şeýle-de, “mirasdüşerlik meselesinde Merkezi Aziýada daşary ýurtlar nähili rol oýnaýarlar?” diýen ýaly birgiden sorag bar.

Soraglar diňe bular bilen hem çäklenmeýär. “Eger kimdir biri ähli synaglardan geçip, häkimiýet başyna geçäýen halatynda, ol öz wezipesinde galyp bilmek, esasanam iliň goldawyny gazanmak üçin näme etmeli?” diýen sorag hem keserip dur.

Garaz, syýyasy we demokratik proseslerde heniz ýoluň başynda duran sebite gelejekde her hili ýagdaýlar garaşýar. Eýsem bu prosesler regionda nähili amala aşar? Mirasdüşerleriň saýlanmak prosesi nähili bolup geçer? Mejlisiň bu sanynda şu temalaryň töwereginde kelle döwülýär.

Mejlisiň myhmanlary:

Dr. Julie Fisher Melton:- “Demokratiýany import etmek” atly kitabyň awtory;

Reid Standish:- Foreign Policy neşirinde Merkezi Aziýa meseleleri barada makala ýazýan žurnalist;

Edil Baysalov:- Gyrgyzystanyň ozalky prezidenti Roza Ottunbaýewanyň döwründe prezidentiň diwanyna ýolbaşçylyk eden syýyasy aktiwist;

Bruce Panneir:- Azatlyk Radiosynyň Merkezi Aziýa baradaky “Qişloq Ovozi” atly blogunyň redaktory.

Programmany Azatlyk Radiosynyň müdiri Muhammad Tahir alyp barýar.

Merkezi Aziýada mirasdüşerler nähili saýlanýar?
please wait

No media source currently available

0:00 0:24:00 0:00

XS
SM
MD
LG