Bir jaýda 14 adam ýaşaýar
Aşgabat şäheriniň Parahat-7 etrapçasynyň 16-njy jaýynyň 23-nji öýünde ýaşaýan Agabalaýewalaryň maşgalasy mundan 3 ýyl ozal paýtagtyň Fizkulturnaýa köçesinden jaýlary ýykylyp bu ýere göçürildiler. Öý eýesi Patma daýzanyň aýtmagyna görä, häzir bu jaýda jemi 14 adam ýaşaýar. Her maşgala öz uly çagalary bilen bir otagda ýatyp-turmaly bolýarlar. Aşhanada nobata duryp nahar bişirmeli bolýarlar. Häzir bu öýe sygyşmaýan maşgala özleri üçin ipoteka jaýyň hem berilmeýändigini aýdýarlar.