Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dini wakumdaky zenanlar


Hijaply zenanlar
Hijaply zenanlar

Gyrgyzystanda ruhany erkek adamlardan din barasynda maslahat soraýan musulman zenanlaryň sany barha köpelýär.

Gyrgyzystanyň owalky müftüsi Çubak ajy Jalilow hepdede bir gezek 300-500 zenany üýşürip, dini temada wagyz-nesihat edýär. Zenanlaryň medeniýet merkezinde geçirilýän dini wagyz mahalynda, yslamyň kada-kanunyna görä, erkek adamlar bilen zenanlar aýratynlykda başga otaglarda oturýarlar. Olar birek-biregi diňe mikrofondan eşidip bilýärler.

Zenanlaryň medeniýet merkeziniň ýolbaşçysy Aýşa Orozobekowanyň aýtmagyna görä, wagyzlara meýletin gatnaşmak isleýän zenanlaryň sany günsaýyn artýar. Olaryň käbirleri paýtagt Bişkege Oş, Jalal-Abad, Yssyk-kul we Çuý welaýaty ýaly ýerlerden gelýärler. Olaryň arasynda studentlerem, gartaşan zenanlaram bar. Olaryň hemmesi Çubak ajy Jelilowdan hassalyklaryň dine görä nähili bejerilmelidigi, şeýle-de maşgalanyň hem çagalaryň şerigata görä nähili terbiýelenmelidigi hakda öz gyzyklanýan soraglaryna jogap almaga synanyşýarlar. Şonuň ýaly-da olaryň arasynda dindar ýaş erkek adamlar bilen tanyşmaga kömek sorap, öz telefon nomerini goýup gidýänler hem bar.

"Bize adaty lukmanlar we mugallymlar hem gelýärler. Olaryň aglaba köpçüligi şerigat baradaky sowallaryna jogap tapmak üçin gelýärler. Olar hanafi mezhebi bilen beýleki mezhepleriň arasyndaky tapawutlar bilen has köp gyzyklanýarlar. Ýaş gyzlar iş hakynda hem sowallar berýärler. Olar hyjaply bolandyklary sebäpli işe alynmaýandyklaryny aýdýarlar. Şeýle-de çagalara dine görä terbiýe berilmegi, namaz we täret ýaly temalardan sorag berýärler. Eger maşgalada agzalalyk ýa-da düşünişmezlik ýüze çyksa, onda çatynjalar Çubak ajynyň ýanyna aýratynlykda tapawutly gapylardan maslahata kabul edilýärler. Käbirleri ýörite çagalar barasynda dini sowallar bermek üçin gelýärler. Köplenç zenanlar diňe aýal maşgalalary gyzyklandyrýan jynsy temadaky uýat soraglary hem soraýarlar. Meselem, çaga doglandan soň aýbaşy problemasy iň köp soralýan soraglaryň başyny çekýär. Şeýle sowallary berýänlere biz iň gowusy tejribeli zenanlara sala salynmagyny maslahat berýäris" diýip, Aýşa Orozobekowa gürrüň berýär.

Merkeziň işgärleri wagza gatnaşmak isleýänlerden owaly bilen soraglary ýazylan görnüşde ýygnap alýarlar. Soň olaryň ýazyp beren sowallaryny gullukçylar wagyz etjek ruhana gowşurýarlar. Elbetde, Jalilowyň eline gowuşýan soraglaryň arasynda diňe aýal maşgalalara degişli bolan problemalar hakdaky soraglar hem bar. Şerigatda hiç hili söz açylmaýan saglyk temasyndan käbir täsin soraglar hem berilýär. Geliň, indi şeýle täsin sowallaryň käbiri hakda durup geçeliň.

"Meniň bir oglan çagam bar we ol häzir üç ýaşynda. Ýöne men indi göwreli bolup bilemok. Oglumy operasiýanyň kömegi bilen, kesip almak usuly bilen dogurdym. Häzir çaga dogurmakdan gorkýaryn. Adamym köp çaga isleýändigini aýdýar. Meniň üçin doga etmegiňizi haýyş edýärin..."

"Men üç gezek kesip almak bilen çaga dogurdym. Soň hekim munuň gaty howpludygyny aýtdy we operasiýa edip, ýatgyny kesip aýyrdy. Bu Allanyň islegi bilen boldumyka ýa-da hekimiň aýdany bilen razylaşyp, muňa men günäkär boldummykam?"

"30 ýaşyndaky bir gyza maşgala üçin 35 ýaşyndaky ymam kybapdaşmy? Onuň telefon nomerini berip bilersiňizmi?".

Çubak ajy Jalilow özüne berilýän soraglaryň hemmesine jogap berip bimeýändigini aýdýar. Ol ýöne takyk jogabyny aýdyp, sowallarynyň käbirine düşündirişler berýändigini nygtaýar.

Elwira Mamatowa, pursatdan peýdalanyp, dürli wagyzlaryň arasyndan Çubak ajy Jalilowyň wagyzlaryna urç edip gatnaşýar. Ýöne ol bu sapar hiç hili sorag bermändir. Çünki ol bu gezek ýeterlik derejede maglumat diňläpdir: ”Zenanlaryň gaty köp problemasy bar. Çubak ajy biz ýaly wagzyny diňleýän zenanlara özüni görkezmeýär. Ol tutynyň arkasynda oturýar. Gyzlar sorag beren mahaly öz adyny aýtmaýarlar. Ol bolsa gyzlara şerigat kada-kanunlaryna görä jogap berip, zenanlaryň problemalaryny çözmäge kömek edýär”.

Ondan soň başga bir wagza gatnaşan zenan bilen söhbetdeşlik geçirdik. Söhbetdeşimiz Aýperi Ryskulowa özüniň eýýäm üç ýyldan bäri zenanlaryň medeniýet merkezine wagyz diňlemäge gelýändigini gürrüň berýär. Söhbetdeş zenanynyz şeýle wagyzlaryň zenanlary dogry ýola salýandygyny nygtaýar: ”Nähili sorag bersek bereli, tapawudy ýok hökman oňa jogap alýarys. Yslam - bu bir ýaşaýyş ulgamy. Muny bize düşündirýärler we şoňa görä hem diýseň kanagatlanarly jogaplar berýärler. Şeýlelikde Gyrgyzystan we onuň zenanlary dogry ýola ümzükýärler”.

Merkeziň işgärleri wagza gelýänleriň sanyny köwüşleriň sanyna görä kesgitleýärler. Sebäbi olar wagyz muşdaklary bolan zenanlardan emele gelen ymgyr märekäniň sanap aňyrsyna çykyp bilmeýärler. Iki sagatlyk wagzyň birinji bölüminde ruhany olara dini maslahatlar berýär. Ikinji bölümde bolsa soraglara jogap berýär. Ikinji bölüm başlan badyna derrew azyndan ýüz sorag gelip gowuşýar.

"Biz wagza gelýänleriň sanyny diňe köwüşlere görä kesgitläp bilýäris. Biz köwüşleri sananymyzdan soň rejeläp goýýarys. Ýöne wagza gelýän zenanlaryň käbiri köwşüni ýany bilen alyp girýär. Aýal maşgalalaryň käbiri ýörite ýerlikli bir erkek adam bilen tanyşmak üçin biziň merkezimize gelýärler we öz telefon nomerini bize goýup gidýärler. Haçanda Çubak ajy erkek adamlar üçin wagyz beren mahaly ýerlikli maşgala bardygyny aýdanda, ýaş ýigitler ondan goýlan telefon belgisini sorap alýarlar" diýip, Aýşa Orozobekowa gürrüň berýär.

Bilermenleriň nygtamagyna görä, Gyrgyzystanda dini wakuumda bolmaga ýykgyn edýän zenanlaryň sany barha köpelýär. Olaryň arasynda öte geçip, radikal ýagdaýda çagalarynyň telegepleşiklere seretmegini, sanjym edilmegini, gazet okamagyny we hatda bilim almagyny çäklendirilen derejede gadagan edýänler hem bar. Munuň sebäbini hünärmen Nazira Kurbanowa şeýle düşündirýär: ”Biz islesegem, islemesegem, edil häzir yslamlaşmak prosesi dowam edýär. Erkek adam namaz okaýan bolsa, onda ol öz aýalynyň hem namaz okamagyny isleýär. Dindar aýal maşgalalar bolsa, öz çagalary we hossarlary bilen dogan-garyndaşlaryny dine çekýärler. Şeýle ýagdaýda emele gelýän toplanyşyk dünýewilikden üzňe dini jemgyýete öwrülýär. Ynha, häzir Gyrgyzystan hut şeýle ýagdaýlary başdan geçirýär”.

Milli howpsuzlyk gullugynyň we hünärmenleriň geçiren barlaglarynyň netijelerine görä, dini ekstremistik guramalar öz propagandalaryny hut zenanlaryň üsti bilen olaryň maşgala agzalaryna ýaýradyp, olary öz täsirleriniň astyna alýarlar. Bilermenleriň nygtamagyna görä, muňa, esasanam, sowatsyzlyk sebäp bolýar. Jemgyýetde döreýän şeýle ýagdaýlar göz öňünde tutulyp, golaýda Oşdaky merkezi metjitde ýörite zenanlar üçin okuw açylypdyr. Hünärmenler zenanlaryň ruhanylara gönükdirýän gaty ýönekeý we şahsy durmuşlaryna degişli soraglarynyň hiliniň hem muňa güwä geçýändigine ünsi çekýärler. Dini öwrenýän alym Nazira Kurbanowa muny şeýle düşündirýär: ”Tutuşlugyna bilim ulgamyna garan mahalymyz, biz onuň hiliniň gaty pese gaçandygyna göz ýetirip bilýäris. Meselem, biziň ýaşlyk döwrümizde hiç haçan sowatlylyk taýdan şeýle pes derejedäki sowallary hiç kim soranokdy. Biziň anatomiýa we maşgala durmuşy barada ýörite sapaklarymyz bardy. Häzirki döwürde erkek adamlar dindar zenanlar öýde oturyp, diňe çaga terbiýelemek we öý işleri bilen meşgullanmaly diýip hasap edýärler. Zenanlaryň syýasata, ýagny jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmagyny islemeýärler. Biz okuw jaýlarynda geçiren çärelerimizde bir ýagdaýa doly göz ýetirdik, ýagny biziň ymamlarymyzyň, ruhanylarymyzyň, lukmanlarymyzyň pikirleri başga ýurtlaryňkydan gaty tapawut edýär. Daşary ýurtlarda olara garalanda zenanlaryň jemgyýetdäki roly barasynda düýpgöter başgaça pikir edýärler. Olar zenanlaryň jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmalydygyny, ýagny işlemelidigini we syýasat bilen hem gyzyklanmalydygyny aýdýarlar. Ynha, şeýlelikde olaryň arasynda ýer bilen gök arasyndaky ýaly ullakan tapawut döreýär”.

Muňa garamazdan, jemgyýetiň hem öz pikiri bar, ýagny halk köpçüliginiň pikrine görä, ýurtda zenanlar owallar hiç haçan hyjap geýmändirler we jemgyýetçilik işlerine diýseň işjeň gatnaşypdyrlar. Zenanlar öz hak-hukuklaryny we azatlyklaryny gaty gowy gorapdyrlar. Taryhçylaryň we alymlaryň bellemegine görä, muňa garamazdan, gyrgyz zenanlary şol bir wagtyň özünde maşgala ojagynyň mertebesini saklap, çagalary gowy terbiýeläp, özlerini hem timarly we ykjam saklamagy başarypdyrlar.

XS
SM
MD
LG