Türkmenistandan daşary ýurtlara iş, gazanç gözläp çykan migrant zähmetkeşleriň aglabasy Türkiýede ýerleşýär. Olaryň köpçüligini zenanlar emele getirýärler. Mundanam başga, olaryň aglabasy bikanun ýagdaýda ýaşaýar.
Degişli dokumentleri bolmansoň, şeýle raýatlaryň hak-hukugyny goramak mümkinçiliginiň çäkli bolşy ýaly, olaryň kyn ýagdaýlar bilen ýüzbe-ýüz bolmak howpy hem güýçli.
Eýse, Türkiýede bikanun ýagdaýda zähmet çekýän zenanlarymyzyň iş şertlerinde, gündelik durmuşynda nähili oňaýsyz ýagdaýlar ýüze çykýar?
Şeýle ýagdaýda olaryň öz hak-hukuklaryny goramak üçin nähili mümkinçilikleri bar?
Azatlyk Radiosy "Dünýä türkmenleri" gepleşiginiň nobatdaky sanyny 8-nji mart Halkara aýal-gyzlar güni mynasybetli ýurt daşynda işleýän türkmen zenanlarynyň hak-hukuklaryna hem ýaşaýyş we iş şertlerine gönükdirýär.