Anna güni türkmen mediasynda berlen maglumatda geçen aýyň dowamynda ýurtda Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň buýurmasy boýunça 7 desganyň gurluşygy alnyp baryldy diýilýär.
Soňky ýyllarda ýurtda saglyk desgalarynyň ençemesi guruldy, emma muňa garamazdan, käbir ýaşaýjylar Saglyk öýleriniň käbirlerinde lukmanlaryň ýetmezçiliginden nägile bolýarlar.
Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň Rahat daýhan birleşiginiň özüni Aýşa diýip tanyşdyran ýaşaýjysy öz obasyndaky Saglyk öýünde gijeki lukmanlaryň ýetmezçilik edýändigini aýdyp, munuň ýaşaýjylara ýetirýän täsirleri barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy Soltan Açylowa gürrüň berdi.