Aşgabatda mundan üç aý ozal gurlup, ulanylmaga berlen köpri sökülýär. Paýtagtyň Gagarin köçesiniň täze aeroporta barýan ugrunda ýerleşýän bu köpriniň gurluşygy 2015-nji ýylyň noýabr aýynda tamamlanyp, ulanylmaga berlipdi. Aradan üç aý çemesi wagt geçip-geçmänkä, häzirki wagtda bu köpriniň sökülýändigi habar berilýär.
Eýse, munuň nähili sebäpleri bolup biler?
Azatlyk Radiosy şu we beýleki soraglar bilen gyzyklanyp, Aşgabatdaky habarçysy Soltan Açylowa bilen söhbetdeş boldy.