Aşgabadyň Parahat-7/1 etrapçasyndaky käbir ýaşaýyş jaýlaryň diwarlaryndan suw geçýändigi habar berilýär. Maglumata görä, mundan 4 ýyl çemesi wagt ozal ulanylmaga berlen bu jaýlarda suw geçiriji turbanyň ýarylmagy ýaly wakalar wagtal-wagtal gaýtalanyp durýar.
Azatlyk Radiosy bu meseläniň jikme-jikleri bilen gyzyklanyp, Aşgabatdaky habarçysy Soltan Açylowa bilen söhbetdeş boldy. Söhbetdeşligi aşakdaky düwmä basyp diňläp bilersiňiz.