Orsýetiň energiýa läheňi “Gazprom" Türkmenistan bilen 2003-nji ýylda baglaşan uzak möhletli şertnamasyny bozmagynyň sebäbini aýtdy.
Orsýetiň gaz monopoliýasynyň prawleniýesiniň başlygynyň orunbasary Aleksandr Medwedew şertnamanyň gazyň bahasy sebäpli bozulandygyny, ýagny Türkmenistanyň bu ugurda konstruktiw pozisiýa görkezmändigini habar berdi.
TASS habar agentliginiň Aleksandr Medwedewiň sözlerine salgylanyp ýazmagyna görä, bu mesele öňden örän süýrenjeňlige salnyp gelýän eken. Şeýle-de Medwedew Orsýet tarapynyň «bar bolan şertnama hukuklarynyň çäginde hereket edýändigini» aýdypdyr.
«Biz, umumy kabul edilen praktikadan gelip çykýan kadalardan ugur alyp, uzak wagtlap gepleşik geçirdik, emma muňa garamazdan, baha meselesi kadalaşdyrylmady» diýip, TASS Medwedewiň sözlerini sitirleýär.
«Gazprom» kompaniýasy ýanwaryň başynda Türkmenistandan tebigy gaz satyn almasyny togtadýandygyny, muňa derek Özbegistandan alýan tebigy gazynyň möçberini artdyrýandygyny habar berdi.
Medwedew 2016-njy ýylda Özbegistandan satyn alynjak gazyň möçberiniň 2015-nji ýylda Türkmenistandan alnan gazyň möçberinden kän boljakdygyny hem sözüne goşupdyr. Şeýle-de ol türkmen tarapynyň özara bähbitli çözgüt tapmaga isleg bildirmändigini, «Gazprom» kompaniýasynyň şu sebäpden arbitraž suduna ýüz tutmaly bolandygyny belleýär.
Şonuň bilen bir wagtda, rus resmisi «Türkmengaz» bilen tebigy gaz satyn almak baradaky gepleşikler dowam etdirilermi diýlip berlen soraga tassyklaýjy jogap beripdir.
Orsýetiň energiýa läheňiniň Türkmenistan bilen baglaşan uzak möhletli şertnamasy 2028-nji ýyla çenli dowam etmelidi we ol soňky gezek 2009-njy ýylda düýpli özgerişlige sezewar edilipdi. Şonda rus gazynyň Ýewropa bazaryndaky talaby peselipdi we «Gazprom» Türkmenisatandan satyn alynýan gazyň möçberine we bahasyna gaýtadan seretmegi teklip edipdi.
Emma Türkmenistan munuň bilen ylalaşmandy. Şondan soň "Merkezi Aziýa-Merkez" gaz geçirijisinde partlama bolup, gaz söwdasy dokuz aýa golaý kesilipdi.
Türkmen gazynyň gaýtadan satyn alynmasy, rus metbugatynyň ýazmagyna görä, 2010-njy ýylda, Türkmenistan satýan gazynyň möçberini tas dört essä golaý, 10 milliard kub metre çenli azaltmaga hem-de bahalaryň formulasyna gaýtadan seretmäge razy bolanyndan soň dikeldilipdi.
«Kommersant» gazeti bu gezek «Gazpromyň» has berk durýandygyny we munuň kompaniýanyň täze taryhynda uzak möhletli şertnamanyň ilkinji kesek bozulmagydygyny belleýär.
Türkmenistan geçen ýyl «Gazpromy» alan gazy üçin töleg edip bilmezlikde aýyplapdy. «Türkmengaz» döwlet konserniniň 15-nji ýanwarda çap eden habarynda aýdylmagyna görä, «Gazprom» kompaniýasy türkmen gazyny satyn almagy bes edýändigini 1-nji ýanwarda mälim etdi.
Türkmenistan Orsýetden başga Hytaýa we Eýrana gaz satýar. «Kommersant» gazetiniň ýazmagyna görä, «Gazprom» türkmen gazyny satyn almak meselesine bahalar arzanladylyn ýagdaýynda dolanyp biler.