Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin: Türkiýäni Alla jezalandyrdy


Putin: Türkiýäni Alla jezalandyrdy
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:44 0:00

Putin: Türkiýäni Alla jezalandyrdy

Prezident Wladimir Putin rus resmileriniň öňünde eden ýyllyk ýüzlenmesini Türkiýäniň hökümetini tankytlamak üçin ulandy. Ol Türkiýe terrorizme ýardam edýär diýdi we golaýda rus uçarynyň türk güýçleri tarapyndan türk-siriýa serhediniň boýunda urlup ýykylmagyny “dönüklik» diýip atlandyrdy.

Prezident Putin 3-nji dekabrda, parlament we hökümet agzalaryna ýüzlenip, «türk resmileri, terrorçylara Siriýadan ogurlanan nebiti satmaga ýardam bermek arkaly, öz jübülerini galňatmak üçin nobata durlar» diýdi.

Ol Orsýet Türkiýäniň rus harby uçaryny urup ýykmagyny unutmaz diýdi we Orsýetiň bu meselede diňe söwda sanksiýalary bilen çäklenmejegini aýtdy.

"Eger kimde-kim olar şeýle aýylganç uruş jenaýatyny edip, biziň adamlarymyzy öldürip, pomidorlary ýa-da gurluşyk we beýleki pudaklardaky käbir çäklendirmeler bilen syparyn öýdýän bolsa, gaty ýalňyşýar. Biz olaryň bu eden işini kän ýatladarys we olar bu eden işlerine entek kän ökünmeli bolar. Biz bu meselede näme etmelidigini bilýäris» diýip, Putin aýtdy.

Ýöne ol Moskwanyň Ankara bilen «ýarag somlaşmajagyny» hem sözüne goşdy.

Orsýet eýýäm Türkiýäniň Orsýete iberýän azyk önümleriniň käbirini gadagan etdi. Şol bir wagtda-da Moskwa türk prezidenti Rejep Taýyp Erdoganyň we onuň maşgalasynyň “Yslam döwleti» toparynyň Siriýada kontrolluk edýän ýerinden ogurlaýan nebitinden peýda görýändigini aýtdy. Türkiýe bu aýyplamalary inkär edýär.

Türkiýäniň söweş uçary 24-nji noýabrda Orsýetiň Su-24 harby uçaryny urup ýykdy. Bu hadysada bir rus piloty öldürildi, ikinji rus harbysy bolsa gözleg-agtaryş operasiýasy mahalynda wepat boldy.

Putin Türkiýäniň rus uçaryny näme sebäpden urup ýykandygyny bilmeýändigini, muny «diňe allanyň bilýän bolmagynyň mümkindigini» aýtdy. Şeýle-de ol, «görnüşinden, alla Türkiýäniň dolandyryjy gatlagyny akyl-paýhasdan aýryp, olary jezalandyrmagy karar eden bolarly» diýip, sözüniň üstüni ýetirdi.

Putin Kremliň Merhemetli Georgiý zalynda dört sagatlap eden çykyşynda terrorizme garşy bilelikde, halkara kanunlarynyň esasynda, BMG-niň ygtyýarlyklarynyň çäginde göreşe çagyrdy. Ol ýurtlar «terror meselesinde goşa standarta eýermeli däl» ýa-da terror toparlaryny öz bähbitlerine ulanmaly däl diýdi.

Rus prezidenti Birleşen Ştatlary agzamadyk hem bolsa, Waşingtony nazarda tutýan ýaly äheňde, Yrak, Liwiýa we Siriýa ýaly ýurtlar durnuksyzlaşdyryldy hem-de «baş-başdaklyk we anarhiýa zonasyna aýlandy» diýdi.

"Biz näme bolanyny bilýäris» - diýip, Putin aýtdy. «Biz kimiň özüne ýaramaýan režimleri çalyşmak we gödeňsilik bilen öz düzgünlerini boýna dakmak isländigini bilýäris. Onsoň bularyň netijesi näme boldy? Olar baş-başdaklyk döretdiler, özygtyýarlylygy bozdular, adamlary bir-birine garşy goýdular» diýip, Putin bu zatlaryň radikallara, ekstremistlere we terrorçylara ýol arçamak bolandygyny öňe sürdi.

Putin Orsýetiň içerki meselelerinden söz açyp, häzirki ýagdaýyň «kyndygyny, emma agyr däldigini» aýtdy. Ol soňky döwürde käbir ykdysady görkezijileriň gowulaşma alamatyny görkezendigini belläp, esasy ykdysady bökdençligiň korrupsiýa bilen baglydygyny aýtdy.

Şeýle-de ol sudlaryň garaşsyzlygyny we dogruçyllygyny ösdürmek zerur diýdi, emma bu ugurda görülmeli anyk çäreleri teklip etmedi.

Ol, öňki ýyllarda bolşy ýaly, rus ykdysadyýetini diwersifikasiýa etmek, energiýa söwdasyna garaşlylygy azaltmak zerurlygyny hem belläp geçdi.

Ol 2020-nji ýyla çenli Orsýetde azyk garaşsyzlygyny gazanmaga, şonuň bilen birlikde biologiki taýdan arassa önümleriň öndürilişini köpeltmek üçin edilýän tagallany artdyrmaga çagyrdy.

Iňlisçeden terjime eden Ýowşan Annagurban.

XS
SM
MD
LG