Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystan: “Talyban” Marçaga hüjüm etdi


Owgan güýçleri we ýaşaýjylar.
Owgan güýçleri we ýaşaýjylar.

24-nji noýabrda Owganystanyň Türklmenistan bilen serhetleşýän Badgys welaýatynyň Marçak etrabynda owgan güýçleri bilen söweşijileriň arasynda çaknyşyklaryň bolandygy habar berilýär.

Owganystanyň türkmen-owgan serhediniň golaýyndaky Marçak etrabynda ýerleşýän harby postunyň komandiri “Talyban” söweşijileriniň agyr ýaraglar, şol sanda tanklar bilen hüjüm edendigini aýdýar. Ol bu wakada ençeme söweşijiniň ölendigini belleýär.

Owganystanyň serhet güýçleriniň komandiri Döwlet Mawin bu barada Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi. Söhbetdeşligi diňlemek üçin aşakdaky düwmä basyň.

please wait

No media source currently available

0:00 0:04:04 0:00

XS
SM
MD
LG