Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus-fransuz ýakynlaşmasy alada döredýär


Fransuz prezidenti Fransua Olland (Ç) Ukrain krisizi baradaky sammitden soň rus kärdeşi Wladimir Putin bilen el gysyşýar. Pariž, 2-nji oktýabr, 2015.
Fransuz prezidenti Fransua Olland (Ç) Ukrain krisizi baradaky sammitden soň rus kärdeşi Wladimir Putin bilen el gysyşýar. Pariž, 2-nji oktýabr, 2015.

Parižde bolan gyrgynçylykly hüjümlerden soňra Fransiýanyň garaşylmadyk ýagdaýda Orsýet tarapa ýykgyn edip başlamagy öňki Sowet Soýuzyna degişli ýurtlarda Moskwa Siriýada yslamçy ekstremistlere garşy göreşmek bilen Günbataryň Ukraina meselesinde eglişik etmegini gazanmak isleýär diýen aladany oýardy.

Fransiýanyň paýtagtynda 129 adamyň başyna ýetip, ýüzlerçe adamyň ýaralanmagyna getiren gyrgynçylykdan sanlyja gün soň prezident Fransua Holland, hüjümleriň jogapkärçiligini öz üstüne alan "Yslam döwleti" atly topary dargatmak üçin, Orsýeti hem öz içine alýan uly koalisiýany döretmäge çagyrdy.

Putin hem muňa eýerip, özüniň gündogar Ortaýer deňzindäki harby-deňiz flotuna Fransiýanyň harby-deňiz floty bilen hyzmatdaşlyk etmegi buýurdy. Siriýanyň porty Tartusda Orsýetiň harby bazasy bar.

Hollandyň Orsýet bilen hyzmatdaşlygy ileri sürmegi uly öwrülişik hasaplanýar. Sebäbi Fransiýa Siriýada we Yrakda Birleşen Ştatlar başlyklaýyn "Yslam döwleti" toparynyň jeňçilerine garşy söweşýän dürli milletli koalisiýanyň ygrarly ýarany.

Orsýet 30-njy sentýabrda Siriýada howa kampaniýasyna başlanda hem fransuz hökümeti Moskwanyň esasy maksady gysyş astyndaky prezident Başar al-Assady häkimiýet başynda saklamak diýip, muňa berk garşy çykypdy.

Pariž hüjüminden soň, 18-nji noýabrda Ukrainanyň öňki diplomaty Bohdan Ýaramenko Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda Putin "Günbatar bilen dialoga mümkinçilik döretdi. Ol bu mümkinçiligi Ukrainadaky ýagdaý sebäpli ýitiripdi" diýdi.

Orsýetiň 2014-nji ýylda Ukrainanyň Krym ýarymadasyny bikanun suratda anneksiýa etmegine jogap edip, onuň garşysyna ykdysady sanksiýalary girizmekde Ýewropa Bileleşiginde esasy rol oýnan Holland bilen Germaniýanyň kansleri Angele Merkel bolupdy.

"Öz Ukrainadaky tutumlaryny üýtgetmezden, Orsýet bilen Siriýada hyzmatdaşlyk etmek mümkinmi ýa däl, bu barada indi fransuz diplomatlary bilen beýleki diplomatlar belli bir netijä gelmeli bolar" diýip, Ýaramenko aýtdy.

Estoniýanyň premýer-ministri Taawi Roiwas hem parlamente: "Başga ýerlerde hyzmatdaşlyk etmek Ýewropanyň öz ýakyn töwereginde eglişik edilmegini aňladanok" diýdi.

"Reuters" habar agentliginiň bildirmegine görä, Holland Putin bilen duşuşmak üçin geljek hepde Moskwa sapar eder.

Estoniýanyň paýtagty Tallinnde ýerleşýän Goranmak we howpsuzlyk boýunça halkara merkezniniň işgäri Kalew Stoiçesku Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda Orsýet "sanksiýalar we [täze] sanksiýalaryň yglan edilmegi barada ýewropalylaryň raýdaşlygyny bölmegi gazanmak üçin" Pariž hüjümlerini ulanýar diýdi.

Orsýet bilen Günbataryň "umumy duşman 'Yslam döwleti' toparyna garşy göreşmekde güýç birikdirip, Halyfaty ýer ýüzünden ýok etmegi mümkin. Ýöne bu Assad ýa Siriýanyň [syýasy] geljegi baradaky meseläniň çözgüdi däl" diýip, Stoiçesku aýtdy.

Uzak wagt bäri Orsýet boýunça analizçi bolan Paul Goble hem käbir baltika döwletleriniň arasynda "Fransiýa Germaniýadan çetleşer, onsoň ähli zat çalt pese gaýdar" diýen alada bar diýdi.

Merkeliň orunbasary Sigmar Gabrieliň Ýewropa Bileleşiginiň Orsýete garşy girizilen sanksiýalary maksada lalýyk däl, sebäbi Orta Gündogardaky problemalary çözmekde Moskwa indi biziň ýaranymyz diýmegi-de, bu aladalary ýitileşdirdi.

Käbir polýak syýasatçylary bolsa Hollandyň Moskwa bilen güýç birikdirmegini ikinji Jahan urşunda nasistlere garşy uruşda sowet diktatory Staliniň tarapyna geçmeklige meňzedýärler.

XS
SM
MD
LG